Syýasat    Teswir ýok    1543 gezek okaldy

Konfederasiýa

Döwlet gurluşynyň bir görnüşidir.

Geçmişde käbir döwletlerde (Şweýsariýada, ABŞ-da, Germaniýada) döwlet gurluşynyň “konfederasiýa” diýen formasy hem bolupdy. Häzirki döwürde Şweýsariýanyň we Kanadanyň resmi adynda “konfederasiýa” adalgasy bar hem bolsa, olaryň gurluşy konfederatiw däldir.

Konfederasiýa  latynça  bileleşik  diýmekligi aňladýar. Konfederasiýa garaşsyz  döwletleriň  bileleşigidir. Oňa girýän döwletler, bölekler diňe käbir meseleleri (meselem, goranmak, pul ulgamy we ş.m.) merkezi hökümete berip, galan meseleleri özleri çözýärler. Olar ylalaşykly syýasat alyp barmak üçin merkez bilen habarlaşykly hereket edýärler. Bir ýa-da birnäçe ýöriteleşdirilen edaralary we wezipeleri döredýärler. Karar özara ylalaşyk netijesinde kabul edilýär. Ol diňe döwletleriň merkezi häkimiýetleri tarapyndan tassyklanandan soň güýje girýär. Bitewi salgyt we hukuk ulgamy bolmaýar. Taraplaryň islegi bilen konfederasiýadan çykyp bolýar. Soňky wagtlarda döredilenÝewropa Bileleşiginde konfederasiýanyň alamatlary bar.

Çeşme: P. Aýdogdyýew, B. Begseýidow, G. Geldiýewa, I. Halmyradow, G. Hanow. “Syýasaty öwreniş”. Aşgabat, 2010.

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz