Astronomiýa    1 Teswir    2202 gezek okaldy

Kopernigiň Älem baradaky taglymaty

Beýik polýak alymy Nikolaý Kopernigiň bütin ömrüni sarp eden işi bolan “Asman sferasynyň aýlanmasy barada” atly kitaby 1543-nji ýylda çap edilýär. Kopernik bu işinde Ýeriň hereketleri baradaky pikiri matematiki nukdaýnazardan işläp düzýär we täze astronomiýanyň başlangyjyny esaslandyrýar. Älemiň gurluşy baradaky onuň döreden taglymatyna geliosentrik sistema diýilýär. Bu sistemanyň esasyny aşakdaky tassyklamalar düzýändir:

  1. dünýäniň merkezinde Ýer dälde Gün (grekçe gelios) ýerleşýär;
  2. şar şekilli Ýer we oňa meňzeş hemme planetalar Günüň daşynda bir ugurda we öz diametrleriniň biriniň daşyndan aýlanýarlar;
  3. planetalaryň Günüň daşyndaky ýollary (planetalaryň orbitalary) halka şekillidir;
  4. planetalaryň hereketleriniň tizligi hemişelikdir, ýagny planetalaryň hereketi deňölçeglidir, orbita Güne ýakyn boldugyça planetanyň orbita boýunça hereketiniň çyzykly tizligi uludyr.

Ondan başgada Kopernik Aý Ýeriň daşyndan aýlanýar we hemra hökmünde Ýer bilen bilelikde Günüň daşyndan aýlanýar diýip hasaplapdyr.

Gözegçiliklerden alnan maglumatlara esaslanyp, Kopernik ilki bilen hemme planetalar, şol sanda Ýer hem Günüň daşyndan takmynan şol bir tekizlikde aýlanýar diýen netijä gelipdir. Diňe şu şert ýerine ýeten ýagdaýynda Ýerden planetalaryň asmandaky görünýän ýollary ekliptikanyň golaýynda ýerleşip bilerler.

Merkuriý we Wenera görünýän hereketlerinde Günden gaty daşlaşmaýandyklary sebäpli olaryň giňişlikdäki ýollary, ýa-da başgaça aýdanymyzda orbitalary Ýeriň orbitasyna garanyňda Güne golaý ýerleşendirler. Şunlukda Wenera Merkuriý planetasyna garanymyzda Günden daşda ýerleşendir, sebäbi onuň Günden daşlaşmalary uludyr. Beýleki planetalar Günüň daşyndan Ýere garanyňda has daşrakdan aýlanýandyrlar. Mars beýleki planetalara garanyňda Ýere golaý ýerleşendir, sebäbi onuň ýyldyzlaryň arasynda görünýän hereketi iň çaltdyr. Soňra “haýal” Ýupiter we has “haýal” Saturn ýerleşendirler.

Planetalaryň Günden uzaklyklaryny (Ýeriň Günden uzaklygynyň ölçeg birliklerinde) we onuň daşyndan aýlanma periodlaryny hasaplap, Kopernik ilkinji gezek astronomiýada Gün sistemasynyň dogry gurluşyny teklip edýär.

Planetalaryň görünýän hereketleriniň Kopernik tarapyndan düşündirilişi, onuň üçünji we dördünji tassyklamalarynyň nädogrydygyna garamazdan, ýönekeý we tebigydyr, häzirki zaman astronomiýasynyň ylmy nukdaýnazaryndan bu hadysalaryň düşündirilişine garşy gelýän däldir.

Asman ýagtyltgyçlarynyň hemmesiniň gije-gündiziň dowamynda aýlanmasyny hakyky däl diýip hasaplapdyr we ony Ýeriň öz okunyň daşyndan aýlanmasy bilen düşündiripdir. Kopernik şeýle hem Günüň ekliptika boýunça ýylyň dowamyndaky görünýän hereketiniň Ýeriň Günüň töwereginde hakyky hereketi netijesinde ýüze çykýar diýip hasaplapdyr.

Ýyldyzlaryň Güne görä Ýerden has uzaklarda ýerleşýändikleri sebäpli Ýer Günüň daşynda aýlawly hereket edende bize mydama Gün hereket etmeýän ýyldyzlaryň arasynda şol bir ugurda hereket edýän ýaly bolup görünýär. Planetalaryň (dogry ugurda we götünleýin) görünýän çylşyrymly hereketlerini bolsa Kopernik iki sany hakyky hereketiň – planetanyň we Ýeriň öz orbitalary boýunça Günüň daşynda hereketleriniň netijesi hökmünde seredipdir.

Çeşme: M.A.Annamanow, H.Meläýew. Astronomiýa. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin okuw gollanmasy. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2010.

 

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

1 Teswir

  • Diňe makala ýazmalymy ýa-da sorag bolarmy?

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz