XX asyr türkmen edebiýaty    Teswir ýok    1481 gezek okaldy

Körmolla

(1872-1934)

Hakyky ady: Suhanberdi Öwezberdi

Lakamy: Körmolla

Takmynan 1872-nji ýyl töwereginde Daşoguz etrabynda daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Körmollanyň kakasy Öwezberdi aga ilki Mara, biraz wagtdan soň Sakarçäge etrabynyň Akýap obasyna göçüp barýar. Bu maşgalanyň täze ýurtda hem gün-güzerany gowulanyp gidibermeýär. Sebäbi baknalyk döwrüniň agyr durmuşy Türkmenistanyň ähli ýerinde öz hökümini ýöredýär. Şeýle agyr durmuş zerarly Öwezberdi aga çagalaryna bilim berip, okadyp bilmeýär. Emma Suhanberdi ýaşlykdan zehinliligi, duýgurlygy bilen tapawutlanypdyr. Ol toý-meýlislere yzygider gatnaşyp, bagşylary, sazandalary, olaryň aýdym-sazlaryny, gürrüňlerini uly höwes bilen diňläpdir. Biçak ýatkeşligi bilen tapawutlanýan.
Suhanberdi toý-meýlislerde aýdylýan dessanlary, halk döredijiliginiň beýleki eserlerini, gyzykly gürrüňleri basym ýat tutupdyr. Olary köpçüligiň arasynda özi hem aýdyp ugrapdyr. Suhanberdi çeper döredijilige hem meýil edip başlaýar. Ol goşgulary ýazyp, olary aýdym edip, köpçüligiň arasynda aýdyp ugraýar. Suhanberdi köp wagtlap gözagyrydan ejir çekýär. Bu kesel onuň gözlerine zeper ýetirýär. Ol ýörejek ýoluny zordan saýgaryp bilýän adama öwrülýär. Onuň gep-gürrüňe biçak çeperligi, erteki-dessanlary, köp goşgyny, şorta sözleri ýatdan bilmegi onuň Körmolla lakamyny almagyna sebäp bolýar.
Agyr durmuş, halkyň jümmüşinde ýaşamagy, il-gün bilen edýän gatnaşygy onuň döredijiligine öz täsirini ýetirýär. Ol il arasynda döräp, soň kem-kemden timarlanan şorta sözleri, ýörgünli bolan gyzykly gürrüňleri, nakyllardyr atalar sözlerini, çeper aňlatmalary, rowaýatlardyr ýordumlary örän dykgatly öwrenýär. Olary döredijilikli işläp baýlaşdyrýar, öz goşgularynyň süňňüne siňdirýär. Muny şahyryň “Ary” atly goşgusy-da tassyklaýar:

Töweregim gamyş bilen goradym,
Iki sansyn tutup, jogap soradym,
Aýtdylar: Ary diýen tireden,
Zähri ýaman, baly gymmat arynyň…

Arylary görsem, ýüzi sary eken,
Gaçjak bolsam, ýabyň içi dar eken,
Körmollanyň iki gözem kör eken,
Zähri ýaman, baly gymmat arynyň.

Körmolla döredijiliginde köp mowzugy gozgaýar. Emma ol haýsy mowzuga ýüzlense-de, ony giň hem çeper beýan etmegiň ebeteýini tapýar. Körmollanyň “Palaw”, “Çaý”, “Guýruk”, “Ary”, “Mele atyna taý ýokdur” ýaly durmuşy goşgulary halkyň arasynda uly meşhurlyk gazanyp, oňa uly şöhrat getirýär.
Edebiýat muşdaklarynyň arasynda Körmollanyň “Palaw” atly goşgusyny bilmeýän ýokdur. Türkmeniň meşhur tagamy palawy taýýarlamagyň inçe syrlary goşguda täsirli, çeper beýan edilýär. Bu goşgy palaw bişirmekçi bolýanlara köp zat öwredýär.

Owal-a şaly satandan ýagşysyn almak gerek,
Gaýnagan suwga salyp hem bir zaman goýmak gerek,
Hem ýene suwga salyp, aýlandyryp ýuwmak gerek,
Kir bilen bişgende görseň, reňňi betnamdyr palaw.

Gazanyňy ýagşy ýuwgyl, ýada lödere bolmasyn,
Guýruk olsun, künjüt olsun, ýagy maşyn olmasyn,
Ýagy ger maşyn olsa, ýanmaklygy kem bolmasyn,
Ýanmaga kem bolsa, görseň, buýy betnamdyr palaw,

Oduny aza ýakgyl, çykmasyn ýaga tütün,
Astyna salgan etiň towuk olsun ýa sülgün,
Agdaryp demge goýaňda, gapagy bolsun bitin,
Demini ýagşy alsa, iýseň, derde dermandyr palaw.

Körmollanyň “Göle dawasy”, “Bessirhan”, “Gulhan Soltanyz” ýaly goşgulary-da mylaýym degişme, çuňňur gülkä ýugrulan, il içinde söýlüp okalýan eserlerdir.
Şahyryň gök çaý baradaky goşgusy-da il arasynda belli şygyrlaryň biridir. Şahyr goşgusynda gök çaýyň ynsanyň ruhuny göterişini, keýpini kökleýşini täsin meňzetmeler arkaly täsirli suratlandyrýar.

Çaý içgen ondag ýeňil bor, bagda uçgan serçe dek,
Bilbili saýraýa bilmez, gaýnaýanda tüňçe dek…

Juda ýatkeş, wäşi, söze çeper Körmollanyň baran ýerinde alaýaz bolupdyr. Ol köp etraplarda bolup, halkyň ýygnanan ýerlerinde öz goşgularyny, türkmeniň söýgüli dessanlaryny, şorta sözlerini, rowaýatlardyr hekaýatlaryny aýdyp köpçülige hezil beripdir. Ol söze çeper adamlar bilen ýomak aýdyşmagy gowy görüpdir. Hiç kesden sözde asgyn bolmandyr, gerek bolan pursatlarda, ýüzugruna goşgy düzüp aýtmagy başarýan zehinli şahyr bolupdyr.
Garyplyk Körmollanyň elmydam egninden basyp gelipdir. Ol aýdýan goşgulary, dessanlary, şorta sözleri üçin jomart kişileriň eçilýän zatlarynyň hasabyna güzeranyny dolandyrypdyr.
Körmolla “Gaşyn kakandyr bir gelin”, “Annabagt” ýaly yşk-duýguly goşgulary hem döredipdir. Olarda gyz-gelinleriň görk-görmeklerini, näz-kereşmelerini, boýy-syratlaryny wasp edipdir. Körmolla “Ýusup han”, “Myrat han”, “Garry han” ýaly goşgularynda döwrüniň han-begleriniň tarypyny ýetiripdir. Olary Külli musulmanlarynyň ýarany, howandary, garyndaşy hökmünde görkezipdir.
Körmollanyň mylaýym degişme, ýiti gülkä ýugrulan goşgulary şahyryň ýaşan döwrüniň keşbini esli derejede göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýär.

Jora Allakow, Tirkiş Sadykow, Romanguly Mustakow
Edebiýat. Orta mekdepleriň X synpy üçin synag okuw kitaby. Aşgabat Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2009.

(okyjylardan)

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz