Goşgular    Teswir ýok    1292 gezek okaldy

Magtymguly Pyragy. “Kerem islärin”

Owwal başda, kadyr alla,
Senden bir kerem islärin.
Badam gabak, alma ýaňak,
Bir zyba senem islärin,

Taňry bermese, nädeli,
Baş alyp, kaýda gideli,
Oturşy-turşy edaly,
Gaşlary galam islärin.

Özüne hormat getiren,
Ärniň hyzmatyn bitiren,
Gaşyny çytman oturan -
Maňlaýy gülen islärin.

Ýigrimi ýaş ötdi menden,
Hezl etmedim, dünýä, senden,
Tili süýji lebi handan,
Bir goýna salan islärin.

Pyragy, geldim, jahana,
Bir ýar bergil akly dana,
Duşdum üm bilmez nadana,
Bir gadrym bilen islärin.

(ulanyjylardan)

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

  • Meňzeş makala ýok

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz