XVII-XIX asyr türkmen edebiýaty    1 Teswir    1311 gezek okaldy

Mämmetweli Kemine

(1770-1840)

Türkmen halkynyň arasynda sarpasy belent tutulyp, ady dillerden düşmän gelýän iň meşhur klassyk şahyrlaryň biri Keminedir. Satiranyň taýsyz ussady Kemine garyp-pukaranyň çyn hossary, arslan ýürekli arkadagy hem şahyry hökmünde şan-şöhrata eýedir. XIX asyr türkmen edebiýatynda ýüz görmän, ýagşa-ýagşy, ýamana-ýaman diýip bilen iň demokratik şahyr Mämmetweli Keminedir.

ÖMRI

Kemine Sarahs töwereginde 1770-nji ýylda Garadöwletiň maşgalasynda eneden bolýar. Ol kämillik ýyllaryny Sarahs, Mary etraplarynda geçiripdir. Kemine Sarahsda oba mekdebinde başlangyç bilimi alýar. Soňra şol ýerde bir ahundan ýörite sapak alyp başlaýar. Emma bu hem bilesigeliji Mämmetwelini kanagatlandyrmandyr. Halk arasyndaky gürrüňe görä, ol ilki Buhara medreseleriniň birinde okaýar, soňra bilimini kämilleşdirmek maksat bilen Hywa gidýär we ol ýerde Äraly işandan sapak alypdyr. Mahlasy, Mämmetweli Kemine köp ýurtlary gören, Äraly işan ýaly döwrüniň meşhur piri bilen deň derejede sowatly bolan adam bolupdyr. Kemine obadaşy Gurbanbagt diýen gyz bilen maşgala durmuşyny gurýar. Olaryň Allaýar hem Hadaýýar atly iki ogly bolupdyr. Kemine bilen Gurbanbagt 29 ýyl ýaşaşandan soň, çagalarynyň ejesi aradan çykýar. Şahyr ýassykdaşynyň ölüm aýralygy hakynda:
Bir kem otuz ýyldyr sürüşdim döwran,
Ýar sensiz gerekmez bu pany jahan- diýip ýazypdyr.
Kemine deň-duşlary bilen oturuşmagy, saz-söhbeti söýen şahyrlaryň biri. Kemine “Yşk mülküniň şasy” Mollanepes bilen hem ýakyn aragatnaşykda bolupdyr diýlip, halk rawaýatlarynyň birinde aýdylýar. Ol ýaşlykdan wäşi, gepe çeper ýigit bolupdyr. Keminäniň ýomaklary, şorta sözleri köp temaly. Şahyryň adyna aýdylýan “Büre dermany”, “Belli bir ýerini soraň”, “Içinde özüm hem bardym”, “Kemine we ogry” ýaly onlarça şorta sözleri türkmen halkynyň ähli künjegine ýaýrap, zamanasynda örän şöhratlanypdyr. Kemine 70 ýaşap, 1840-njy ýylda aradan çykypdyr. Şahyryň nebereleriniň köpüsi häzir Baýramaly, Türkmengala etraplarynda ýaşaýarlar.

DÖREDIJILIGI

Keminäniň çuňňur many mazmunly, giň temaly döredijiligi bar. Şahyr halk köpçüliginiň üstüne garyplygyň agyr ýük bolup düşendigini “Garyplyk” atly goşgysynda şeýle aňladypdyr.
Günde müň gussam bar ýüz elim bilen,
Derdimiň baryndan beter garyplyk;
Soragy men boldum gaýgy-gam bilen,
Gelip düşer hatar-hatar garyplyk.
Kemine topragyny, il-gününi jan-dilden söýüp, onuň bagtly gelejegini arzuw eden ynsanperwer şahyr. Onuň ynsanperwerlik duýgusy, mähir-muhabbeti söýgi lirikasynda-da özüni doly äşgär edýär. Keminäniň “Gelinler”, “Zülpüň”, “Bilbile gel” goşgularynyň ynsanperwerlik ideýasy, milli ruhy, “Örtär meni”, Arzym aýdaýyn”, “Diýmänmişim hamana”, “Güllere”, “Gyzlaryň” ýaly söýgi temadan döreden onlap eserlerine mahsusdyr. Olaryň hemmesi birleşip, Kemine şahyryň gelin-gyzlara hormat goýýan, kalby päk, ynsan söýüji adam bolandygyna şek-şüwhe goýmaýar. Şahyryň eserleri doganlyk halklaryň dillerine terjime edilip, dürli ýygyndylarda ýa-da özbaşdak kitap edilip çykaryldy. Şahyryň heniz ýaşap ýören döwründe “Garşy”, “Ogulbike”, “Gola gel”, “Ogulbeg”, “Derdindim”, “Içinde”, “Ynanmaz”, “Akmeňli” ýaly goşgulary aýdyma öwrülipdir. Şahyryň golýazmalary 20-nji asyra gelip ýetmändir. Ýakup Annanurow 1940-njy ýylda Keminäniň portredini döretdi. Şahyr barada Petr Skosyýew “Siziň sadyk gulyňyz”, Gurbandurdy Gurbansähedow “Kyrk teňňe” powestlerini, Bazar Amanow “Kemine” komediýasyny döretdi.
1940-njy ýylda Keminäniň aradan çykanynyň 100 ýyllygy giňden bellenildi. 1971-nji ýylda bolsa beýik şahyryň doglan güniniň 200 ýyllyk ýubileýi beýleki döwletlerden myhmanlar çagyrylyp, halkara möçberinde bellenilip geçildi. Türkmen edebiýatynyň beýleki klassyklary bilen bir hatarda, Keminäniň ady hem ebedileşdirilýär. Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň paýtagty Aşgabadyň merkezi köçeleriniň birine, Marynyň drama teatryna, onuň nebereleriniň Türkmengala etrabynda ýaşaýan obasyna onuň ady dakyldy.

Çeşme: Türkmen Edebiýaty, 9-njy klas, sah.42-68

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

1 Teswir

  • Men örän buýsandym! Hem-de Halka (Köpçülige ) şular ýaly maglumatlaryň elýeter bolmagyna kömek edýäniňiz üçin MINNETDAR!
    Goşgularyny (eserlerini) nireden tapyp boljagy barada maglumat gerek!!!

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz