Başga    Teswir ýok    1082 gezek okaldy

Meýhene

Ýadygärligiň ýerleşýän ýeri: Ahal welaýatynyň Kaka etraby.

Ýadygärligiň döwri: b.e. IX – XV asyrlary

Ýadygärligiň taryhy:

Haweran welaýatynyň esasy şäherleriniň biri bolan Meýhenäniň XI-XII asyrlarda hasam ösendigi barada ýazuw çeşmeleri hem, arheologiki barlaglar hem şaýatlyk edýär. Meýhene Abywertden Saragta gidýän uly ýoluň ugrunda ýerleşipdir. Meýhenäň töwereginde köp mukdarda däneli ekinler ekilipdir, şonuň üçin hem, orta asyr taryhçylary ony Haweranyň eklenç ojaklarynyň biri hasap edipdirler. 1040-njy ýylda, gaznawy soltany Masudyň çozuşynyň öň ýanynda, şäheriň Idris diýen diňe bir kerwensaraýynda 40 golaý bugdaý çekilýän terezi bolupdyr. Meýhenede, Masud bilen seljuk şalary Çagry-beg we Togrul-begiň arasyndaky söweşlerde seljuklara ak pata beren belli şyh Abu-Seýit ýaşapdyr. Soň-soňlar seljuklar Abu-Seýidiň hanakasyna we aramgähine uly üns beripdirler.

XI-XII asyrlarda şäheriň beýik depäniň üstünde gurlan arky-kuhendizi bolupdyr. Ol inedördül meýilnamada gurlup, onuň daşyny ýarym aýlaw diňler bilen berkidilen gala diwarlary gurşapdyr. Günorta böleginde köne arap mälellesi „Zakal” we metjit ýerleşipdir. Onuň golaýynda Abu-Seýit sufiler üçin hanaka gurdurypdyr, özi ölenden soň bolsa, şol ýerden oňa aramgäh gurlupdyr.

Emma, esasy durmuş gala bilen Zakalyň aralygynda ýerleşen şähristanda gaýnap joşupdyr. Şähristanyň daş – töweregi hem diwar bilen gurşalypdyr. Onuň içinden 3 sany uly ýol we birnäçe ownuk köçeler geçip, olaryň ugrunda meýdançalar, bazarlar, ýaşaýyş jaýlar we baglar ýerleşipdir. Şäheriň 2 derwezesi bolupdyr.

Rabat bolmandyr, onuň ýerine şähristanyň diwarynyň daşynda ekin meýdanlary ýerleşipdir.

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz