Tehnologiýa    Teswir ýok    1173 gezek okaldy

Mikroprosessor

microXX asy­ryň or­ta­la­ryn­da komp­ýu­ter­le­riň pro­ses­sor­la­ry me­ha­ni­ki re­le­le­re esas­la­nyp taý­ýar­la­nyp­dyr. Soň­ra pro­ses­sor­la­ryň elekt­ron lam­pa­la­ryň kö­me­gi bi­len iş­le­ýän­le­ri ula­ny­ly­şa gi­rizilip baş­la­ýar. Bu­lar­dan soň pro­ses­sor­lar tran­zis­tor­lar­dan taý­ýar­la­nyp­dyr. Bu gur­luş­lar­dan taý­ýar­la­nan elekt­ron en­jam­la­ryň her bi­ri bir­nä­çe tek­je­ler­de ýer­leş­di­ri­lip­dir.

Bu ýag­daý ola­ryň ula­ny­ly­şy­nyň yg­ty­bar­ly­ly­gy­ny pe­sel­dip, hyz­mat et­mek me­se­le­si­ni kyn­laş­dy­ryp­dyr. Şeý­le-de, bu pro­ses­sor­lar gym­mat­ly­gy bi­len ta­pa­wut­la­nyp, aşa köp muk­dar­da elekt­rik ener­gi­ýasy­ny sarp edip­dir­ler. Bu gör­nüş­dä­ki komp­ýu­ter­le­ri di­ňe uly yl­my mer­kez­ler­de, yl­my tej­ri­be­ha­na­lar­da, döw­let go­ra­nyş gul­lyk­la­ryn­da ula­nyp­dyr­lar.

Il­kin­ji şah­sy komp­ýu­te­riň 1974-nji ýyl­da ta­lyp Džo­na­tan Ti­tus ta­ra­pyn­dan dö­re­di­len­di­gi aý­dyl­ýar. Ol ha­kyn­da il­kin­ji ge­zek «Ra­dio-Electro­nics» žur­na­lyn­da gür­rüň ber­lip­dir. Bu komp­ýu­ter «Mark 8», ýag­ny 8-nji mo­del diý­lip at­lan­dy­ry­lyp­dyr.

Ugur­ta­py­jy ta­lyp öz gur­lu­şy­ny ra­dio-elekt­ron gur­luş­la­ry ýyg­na­mak bi­len gy­zyk­lan­ýan­la­ra öz­bo­luş­ly tas­la­ma hök­mün­de hö­dür­läp­dir. Bu elekt­ron gur­lu­şy­ny ýyg­na­ma­ga ýar­dam ed­ýän il­kin­ji ki­tap­ça­lar hem taý­ýar­la­nyp­dyr. «In­tel 8008» gör­nüş­li pro­ses­sor bi­len baý­laş­dy­ry­lan komp­ýu­te­ri­niň elekt­ron pla­ta­sy­ny sa­typ ga­zanç edin­me­gi mak­sat edi­nen ta­ly­byň söw­da­sy ba­şa bar­man­dyr. Ýö­ne mu­ňa ga­ra­maz­dan, ol tä­ze pu­da­gyň eme­le gel­me­gi­ne se­bäp bo­lup­dyr. Bu pu­dak kä­mil komp­ýu­ter­le­riň dö­re­me­gi­ne we şah­sy komp­ýu­ter­le­riň köp­çülik­le­ýin ýaý­ra­ma­gy­na iter­gi be­rip­dir.

Di­ňe ýa­rym­ge­çiri­ji­ler­den yba­rat in­teg­ral she­ma­la­ryň dö­re­me­gi ne­ti­je­sin­de elekt­ron ha­sap­la­ma­la­ra gat­naş­ýan goş­ma­ça gur­luş­la­ry bir yk­jam çi­pe ýer­leş­dir­mek müm­kin bol­dy. Bu gör­nüş­dä­ki bir­leş­dir­me usu­ly­nyň ar­tyk­maç­lyk­la­ry­ny haý­sy ul­gam­da ulan­yljak­dygy il­kibaş­da nä­bel­li ýag­daý­da ga­lyp­dyr. Şol se­bäp­li-de, köp wag­tyň do­wa­myn­da pro­ses­sor­lar aý­ra­tyn she­ma­la­ryň top­lu­my gör­nü­şin­de ön­dü­ri­lip­dir.

1969-njy ýyl­da Ýa­po­ni­ýa­nyň «Bi­sicom» fir­ma­sy iş­de ulan­ma­ga ýa­ram­ly bo­lan stol kal­kul­ýa­to­ry üçin «In­tel» kor­po­ra­si­ýa­sy­na on iki sa­ny mik­ros­he­ma­dan yba­rat ha­sap­la­ýyş ul­ga­my­ny sar­gyt ed­ýär. Şon­da «In­tel»-iň oý­lap ta­py­jy­la­ry­nyň bi­ri mik­ros­he­ma­la­ryň kä­bir­le­ri­ni bi­rik­di­rip ýa­sa­mak ba­ra­da­ky pi­ki­ri or­ta at­ýar. Onuň bel­le­me­gi­ne gö­rä, bi­rik­di­ri­len mik­ros­he­ma­lar kal­kul­ýa­tor­da ge­rek­li funk­si­ýa­la­ryň äh­li­si­ni jem­le­mä­ge ýar­dam et­me­li­di. Or­ta aty­lan bu pi­kir kär­ha­na­la­ryň iki­si­niň do­lan­dy­ry­jy­la­ry ta­ra­pyn­dan hem ma­kul­la­nylýar. Se­bä­bi ki­çi göw­rüm­li mik­ros­he­ma­la­ryň on iki­si­ni taý­ýar­la­mak­dan bi­rik­di­ri­len mik­ros­he­ma­la­ryň dör­dü­si­ni taý­ýar­la­mak has amat­ly­dy. Esa­sa­nam, tä­ze «ha­sap­la­ýyş» mik­ros­he­ma­ny (mik­rop­ro­ses­sor) uni­wer­sal gör­nüş­de taý­ýar­la­mak ýe­ňil bol­jak­dy. Şonda ha­sap­la­ma­lar ge­çi­ril­ýän ul­gam­la­ryň is­len­di­gin­de bu mik­ros­he­ma­ny ula­nyp bol­jak­dy. Ine şol mik­ros­he­ma 1971-nji ýyl­da önüm­çi­li­ge goý­beri­len «In­tel 4004» at­ly mo­de­liň ba­za­syn­da­ky söw­da üçin ni­ýet­le­nen il­kin­ji birk­ris­tal­ly mik­rop­ro­ses­sor bol­dy.

Ol mik­rop­ro­ses­sor 4 razr­ýad­ly iki­lik ha­sap­la­ýyş ul­ga­myn­da iş­le­mä­ge ukyp­ly bo­lup, bir se­kunt­da 60 müň ope­ra­si­ýa­ny (60 kHz takt ýy­gy­ly­gy ) ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­di. Dog­ru­sy, bu mik­ros­he­ma­lar il­kibaş­da şah­sy komp­ýu­ter­ler­de ula­ny­şa gir­me­di. Se­bä­bi komp­ýu­ter­ler di­ňe eda­ra-kär­ha­na­la­ra ni­ýet­le­nip taý­ýar­la­nyl­ýar­dy. Baş­ga­ça aý­dylan­da, söw­da­nyň bu gör­nü­şi en­tek peýda bolmandy.

In­di­ki pro­ses­sor «In­tel 8008» 8 razr­ýad­ly iki­lik ul­ga­myn­da ha­sap­la­ma­lar ge­çi­rip, 16 ki­lo­bit ope­ra­tiw ýat­dan peý­da­la­nyp bil­ýär­di. Ol 3500 tran­zis­tor­dan yba­rat bo­lup, se­kunt­da 500 müň­den 800 mü­ňe çen­li ope­ra­si­ýa­ny ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­di. Bu pro­ses­so­ryň dö­re­me­gi bi­len komp­ýu­ter­le­r ar­zan­lap başlady we ne­ti­je­de adam­la­ryň şah­sy komp­ýu­ter­le­ri edin­mek müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­di.

«In­tel 8008» mo­de­li «In­tel 4004» pro­ses­so­ryn­dan gur­luşy bo­ýun­ça örän ta­pa­wut­ly taý­ýar­la­nyp­dyr. Bel­le­me­li zat, «In­tel 8008» pro­ses­so­ryň gur­luş aý­ra­tyn­ly­gy­ny we onuň bi­len iş­le­mek buý­ruk­la­ry­ny («Com­pu­ter Ter­mi­nal Cor­po­ra­tion») CTC kom­pa­ni­ýa­sy taý­ýar­la­dy. CTC kom­pa­ni­ýa­sy bu pro­ses­sor­la­ry özü­niň uly komp­ýu­ter­le­rin­de ulan­mak üçin «In­tel» kom­pa­ni­ýa­sy­na sargyt etdi. Ýö­ne «In­tel» kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň bu­ýur­ma­la­ry wag­tyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­rip bil­män­li­gi üçin CTC kom­pa­ni­ýa­sy sar­gy­dyn­dan bo­ýun öwür­me­li bo­lup­dy. Şol se­bäp­li-de, onuň önüm­çi­li­gi köp muk­dar­da ama­la aşy­ry­lyp, aly­jy­la­ra elýe­ter­li gör­nüş­de ýe­ti­ril­ýär.

Ba­zar­da il­kin­ji şah­sy komp­ýu­ter­le­riň peýda bolmagy «In­tel»-iň hü­när­men­le­ri­ne mik­rop­ro­ses­sor­la­ryň ge­le­jek­dä­ki müm­kin­çi­lik­le­ri ba­ra­da oý­lan­mak­la­ry­na ge­tir­di. «In­tel 8008» mik­rop­ro­ses­so­ry ki­çi ra­dioe­lekt­ro­ni­ka kom­pa­ni­ýa­la­ry ta­ra­pyn­dan gyz­gyn gar­şy­lan­dy. Olar bu mik­rop­ro­ses­so­ry kal­kul­ýa­tor­la­ry­dyr dür­li gör­nüş­dä­ki elekt­ron en­jam­la­ry taý­ýar­la­mak­da ulan­ýar­dy­lar. «In­tel» kor­po­ra­si­ýa­sy az wag­tyň için­de köp­çü­lik üçin ni­ýet­le­nen mik­rop­ro­ses­sor­la­ry taý­ýar­la­ma­ga gi­riş­ýär. «In­tel» 1974-nji ýyl­da tä­ze «In­tel 8080» pro­ses­so­ry­ň önüm­çi­li­gi­ni hem ýo­la goý­ýar. Ol on­dan öň­ki «In­tel 8008»-den tak­my­nan on es­se çalt, ýag­ny 2 Mhz (2000 kHz-se­kunt­da 2 mil­lion ope­ra­si­ýa) takt ýy­gy­ly­gyn­da iş­le­mä­ge ukyp­ly­dy. Gur­lu­şy bo­ýun­ça öň­ki mo­del­den ta­pa­wut­lan­ýan «In­tel 8080» mo­de­li 6 müň tran­zis­tor­dan yba­rat­dy.

Şeý­le-de, ol 64 kb ope­ra­tiw ýat­dan peý­da­lan­mak bi­len bir ha­tar­da 16 razr­ýad­ly iki­lik ha­sap­la­ýyş ul­ga­myn­da ha­sap­la­ma­la­ry ge­çir­mä­ge ukyp­ly­dy we buý­ruk be­ri­ji ul­ga­my-da kä­mil­leş­di­ri­lip­di.

«In­tel 8080» pro­ses­so­ryň örü­si­niň gi­ňe­me­gi bi­len beý­le­ki kom­pa­ni­ýa­lar hem mik­rop­ro­ses­sor­la­ry ön­dür­mä­ge gi­riş­di­ler.

«Mo­to­ro­la MC6800», 1974-nji ýyl. «In­tel 8080» pro­ses­so­ryn­dan soň sa­tu­wa çy­kan «MC6800» pro­ses­so­ry aly­ja şol bir ba­ha üçin köp muk­dar­da­ky iş ön­dü­ri­ji­li­gi­ni hö­dür­le­ýär­di. Onuň esa­sy ta­pa­wu­dy pro­ses­so­ryň 5 wolt­luk tok çeş­me­sin­den peý­da­lan­ýan­dy­gyn­dan yba­rat­dy. Şol dö­wür­ler baş­ga kom­pa­ni­ýa­la­ryň pro­ses­sor­la­ry tok çeş­me­le­ri­niň üçü­sin­den peý­da­lan­ýar­dy­lar.

Em­ma «Mo­to­ro­la» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň bu önü­mi meş­hur­ly­gy ga­za­nyp bil­me­di. Sargytçylaryň kö­pü­si tä­ze pro­ses­so­ra geç­mek­den ýüz öwür­di­ler. Mu­nuň esa­sy se­bä­bi-de «In­tel 8080» pro­sos­so­ry bi­len ba­ha­sy­nyň bir­meň­zeş bol­ma­gy­dy. Ne­ti­je­de, «Mo­to­ro­la MC6800» pro­ses­so­ry «Mo­to­ro­la EXORciser» komp­ýu­te­rin­den baş­ga şah­sy komp­ýu­ter­le­riň hiç bi­ri­niň önüm­çi­li­gin­de giň­den peý­da­la­nyl­ma­dy.

«MOS Techno­lo­gy 6502», 1975-nji ýyl. Öz işi­niň us­sa­dy ha­sap­lan­ýan in­že­ner­le­riň ta­gal­la­sy bi­len «MOS Techno­lo­gy» elekt­ron kär­ha­na­sy esas­lan­dy­ryl­ýar. Bu elekt­ron kär­ha­na­nyň il­kin­ji önü­mi «MOS Techno­lo­gy 6501» pro­ses­so­ry bol­ýar. Bu pro­ses­sor «MC6800» pro­ses­so­ra örän ça­lym ed­ýär­di. Bu meň­zeş­lik bol­sa, pro­ses­sor­da bir­meň­zeş «ene­lik pla­ta» ýer­leş­dir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär­di. Em­ma «Mo­to­ro­la» kär­ha­na­sy­nyň ýol­baş­çy­la­ry meň­zeş­lik ba­ba­tyn­da nä­gi­le­lik bil­dir­ýär­ler. «MOS Techno­lo­gy» pro­ses­so­ry­nyň meň­zeş­li­gi­ni ara­dan aýyr­mak üçin tä­ze pro­ses­so­ryň göz­le­gi­ne çyk­ma­ly bol­ýar. Şeý­le­lik-de, «MOS Techno­lo­gy 6502» pro­ses­so­ry ön­dü­ril­ýär. Des­si­ne uly gol­da­wa eýe bo­lan bu pro­ses­sor «KIM-1» komp­ýu­te­rin­de ula­ny­lyp baş­lan­ýar. Tä­ze pro­ses­so­ryň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy bol­sa, onuň ba­ha­sy bi­len bag­ly­dy. 1975-nji ýyl­da «In­tel 8080» -iňba­ha­sy 179 dol­la­ra deň bo­lan bol­sa, on­da «6502»-niň bu gör­ke­zi­ji­si 25 dol­la­ra deň­di. Bu bol­sa ar­zan ba­ha­ly şah­sy komp­ýu­ter­le­riň sa­tu­wy­nyň art­ma­gy­na ge­tir­di. «In­tel 8080» pro­ses­so­ry­nyň uly is­leg­den peý­da­la­nyl­ýan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, «6502» pro­ses­so­ry köp şah­sy komp­ýu­ter­le­riň ul­gam bi­na­sy­nyň ag­la­ba­sy­ny düz­di. Şol san­da «App­le I» we uly meş­hur­lyk­dan peý­da­la­nan «App­le II» komp­ýu­ter­le­rin­de giň­den ula­nyl­dy.

Şol döw­rüň mik­rop­ro­ses­sor­la­ry ýa­ly «6502» hem 8 razr­ýad­ly iki­lik ha­sap­la­ýyş ul­ga­myn­da mag­lu­mat­lar bi­len iş­jeň­li­gi­ni sak­lap, 64 kbaýt göw­rüm­li ope­ra­tiw ýat bi­len iş­läp bil­ýär­di. Onuň iş tak­ty 1-2 MHz ba­ra­bar­dy. Ol tiz­lik öz döw­ri­niň pro­ses­sor­la­ry bi­len de­ňeş­di­rilende ýo­ka­ry bol­ma­sa-da, «RISC» gurluşy bo­ýun­ça taý­ýar­la­nan­ly­gy se­bäp­li, gar­şy­daş­la­ry bi­len deň de­re­je­de bäs­leş­mä­ge ukyp­ly­dy.

«Zi­log Z80», 1976-nji ýyl. «In­tel»-iň öň­ki iş­gär­le­ri ta­ra­pyn­dan dö­re­di­len «Zi­log Z80» mik­rop­ro­ses­so­ry «In­tel 8080» mik­rop­ro­ses­so­ryň gurluşyna esas­la­nyp iş­le­ýär­di. Şo­nuň esa­syn­da hem «In­tel» pro­ses­so­ry üçin ni­ýet­len prog­ram­ma­lar hiç hi­li üýt­geş­me gi­riz­mez­den iş­le­dil­ýär­di. Ine şo­nuň üçin hem «Z80» pro­ses­so­ry özü­niň ar­zan ba­ha­sy bi­len meş­hur­ly­gy ga­zan­ma­gy ba­şar­dy.

Il­ki­baş­da 2,5MHz takt ýy­gy­ly­gyn­da iş­le­ýän «Z80» pro­ses­so­ry soň­lu­gy bi­len 20 MHz takt ýy­gy­lyk­da (se­kunt­da 20 mil­lion ope­ra­si­ýa) iş­le­ýär­di. Bu pro­ses­sor 8500 tran­zis­tor­dan yba­rat bo­lup, gi­ňel­di­len re­gistr­ler top­lu­myn­dan yba­rat­dy. Bu bol­sa onuň iş­le­ýiş takt ýy­gy­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­dy. Ol pro­ses­sor 90-njy ýy­llar­da­ky «ZX spectrum» komp­ýu­ter­le­rin­de giň­den ula­nyl­dy.

Çeşme: “Zaman Türkmenistan” gazeti

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz