Elementler    Teswir ýok    1370 gezek okaldy

Mis

Mis himiki elementleriň periodik sistemasynyň I goşmaça toparçasynda ýerleşýär. Misiň atomynda daşky elektron gatlagyň s orbitasyndan iki elektronyň biri daşkydan öňdäki gatlagyň 3d orbitallaryna geçýär. 3-nji elektron gatlagyň d orbitallary dolýar. Iň daşky gatlagynda 1 elektronyň bardygy üçin misiň atomy +1 okislenme derejäni ýüze çykarýar. Ýöne, daşky gatlagyň 4s orbitalaryndan 3d orbitallara geçen 1 elektron hereketjeň bolýar. Şonuň üçin misiň atomy +2 okislenme derejäni hem ýüze çykarýar.

  Tebigatda tapylyşy. Tebigatda mis, esasan, birleşmeler görnüşinde duş gelýär. Mis magdanlarynyň düzümine girýän minerallara, esasan, Cu2S – halkozin ýa-da mis ýylpyldysy, CuFeS2 – halkopirit ýa-da mis kolçedany, (CuOH)2CO3 – malahid degişlidir. Käbir beýleki metallar ýaly, tebigatda mis sap görnüşinde hem duş gelýär. Mis beýleki metallardan öň adamyň durmuşyna ornaşdy. Munuň sebäbini tebigatda sap görnüşinde duş gelýändigi we misi işläp bejermegiň ýeňildigi bilen düşündirmek bolar.

Alnyşy. Mis magdanlary düzüminde köp mukdarda boş jynslary saklaýarlar. Bu ýagdaý magdanlardan misi bölüp almaklygy kynlaşdyrýar. Şonuň üçin misiň metallurgiýasynda magdanlary baýlaşdyrmak uly ähmiýete eýedir. Munuň özi misiň az mukdaryny saklaýan magdanlary ulanmaga mümkinçilik berýär. Senagatda halkozini (Cu2S) gaýtadan işlemek bilen misiň öndürilişi aşakdaky hadysalara esaslanýar:1) Halkozini ýakmak. Bu hadysanyň esasynda halkozin mineralyndan Cu2O alynýar. Mineralyň düzüminden kükürt SO2 görnüşinde bölünip aýrylýar: 2 Cu2S + O2 → 2 Cu2O + 2SO2 2) Misiň gaýtarylmagy. Birinji hadysanyň netijesinde Cu2O emele gelýär. Cu2O bilen Cu2S birinji hadysa gatnaşmadyk bölegi özara täsirleşýär. Bu hadysanyň netijesinde mis alynýar: 2Cu2O + Cu2S → 6 Cu + SO2↑ Misi almak üçin onuň duzlaryny elektrolizlemek usuly hem ulanylýar. Bu usul bilen alnan mis has arassa bolýar.

Fiziki häsiýetleri. Arassa mis – açyk gülgüne reňkli, ýumşak, plastik metal. Ol elektrik toguny we ýylylygy oňat geçirýär. Elektrik geçirijiligi boýunça diňe kümüşden soňra durýar. Misiň dykyzlygy 8,96g/sm3-a, ereme temperaturasy 1083°C-a deň.

Himiki häsiýetleri. Mis kesgitli şertlerde sada we çylşyrymly maddalar bilen täsirleşýär.

1.Misiň sada maddalar bilen özara täsiri. Mis ýokary temperaturalarda kislorod, hlor, kükürt ýaly sada maddalar bilen özara täsirleşýär. Reaksiýalaryň deňlemeleri: Cu + O2 → 2CuO Cu + S → CuS Cu + Cl2 → CuCl2

2.Misiň çylşyrymly maddalar bilen özara täsiri. Mis metallaryň elektrohimiki güýjenme hatarynda wodoroddan soňda ýerleşýär. Şonuň üçin mis kislotalaryň düzüminden wodorody gysyp çykarmaýar. Duz we gowşadylan kükürt kislotalary bilen mis täsirleşmä gatnaşmaýar. Ýöne, howanyň kislorodynyň gatnaşmagynda bu kislotalarda mis ereýär. Meselem: 2Cu + 4HCl + O2 → 2CuCl2 + 2H2O

Organizimde mis ösümlikler we haýwanlar üçin zerur mikroelementdir. Misiň esasy biohimiki funksiýasy fermentatiw reaksiýalarda aktiwator hökmünde ýa-da mis saklaýan fermentleriň düzümine gatnaşmagydyr. Ösümliklerdäki misiň mukdary 0,0001-den 0,05% (gury maddasy) çenli ýetýär we ol ösümligiň görnüşine hem-de toprakdaky misiň mukdaryna baglydyr. Optimal konsentrasiýalarda mis ösümligiň sowuga çydamlylygyny artdyrýar, onuň gögermegine we ösmegine ýardam edýär. Haýwanlaryň arasynda käbir oňurgasyzlarda mis has köp bolýar. Adam organiminde misiň mukdary (gury massanyň 100 gramyna) bagyrda 5 mg, süňklerde 0,7 mg, bedeniniň suwuklygynda – ganda 100 mkg (100 ml-inde), oňurga ýiliginiň suwuklygynda 100 mkg bolup biler.

Medisinada mis sulfaty we nitraty trahomany bejermekde antiseptik serişde hökmünde ulanylýar. Mis sulfatynyň ergini derini fosfor ýakanda peýdalanylýar.

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

  • Meňzeş makala ýok

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz