Planetalar    Teswir ýok    1494 gezek okaldy

Neptun

Gün ulgamynyň Günden uzaklygy boýunça sekizinji uly we iň daş planetasy. Ol 1846-njy ýylda açylýar. Günden ortaça uzaklygy (orbitasynyň uly ýarym oky) 30,06 astronomik birligi ýa-da 4500 mln km. Orbitasynyň ekssentrisiteti 0,0086, ekliptikanyň tekizligine ýapgytlygy 1o46,4′. Neptun orbita boýunça 5,4 km/sek ortaça tizlik bilen Gunüň töwereginde 164,79 ýylda bir gezek aýlanýar. Neptun ýönekeý göze görünmeýär. Ol has ulaldylyp seredilende, ýaşylymtyl disk görnüşinde bolýar. Onuň diametri Ýeriň ekwatorial diametrinden 3,88 esse uly bolup, 49500 km-e deňdir. Onuň göwrümi Ýeriň göwrüminden 57 esse uly. Massasy Ýeriň 17,28 massasyna deň bolup, ortaça dykyzlygy 1,84 g/sm3-dyr.

 Çeşme: Türkmen Sowet Ensiklopediýasy, Tom 6, sah.184

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz