Elementler    1 Teswir    1308 gezek okaldy

Neptuniý

(latynça – Neptunium)

 Np – aktinoidler maşgalasyna degişli emeli usulda alnan radioaktiw himiki element: atom nomeri 93, atom massasy 237,0482. Neptuniýi 1940-njy ýylda amerikan alymlary E. M. Makmillan we F. Eýblson açdylar. Olar uranyň 238U izotopyny neýtronlar bilen şöhlelendirilende emele gelýän 239U izotopa  β- bölejikleri goýberip, çalt dargaýandygyny we neptuniýiň izotopyny emele getirýändigini anyklaýarlar. 1973-nji ýyla çenli neptuniýiň emeli 15 izotopy alyndy. Olardan has durnuklysy 237Np izotopydyr ( α-şöhleleri ýaýradyjy, T1/2=2,14-106 ýyl). Ylmy-barlag işlerinde 239Np – radioaktiw izotopy (T1/2=2,346 gije-gündiz) giňden ulanylýar. 237Np izotopy yzygiderli öwrülişikleriň netijesinde wismutyň 209Bi stabil izotopyny emele getirýär. Bu öwrülişikleriň zynjyrjyklaryna neptuniýiň radioaktiw hatary diýilýär. 237Np we 239Np ujypsyz mukdarda uran magdanlaryndan tapylýar, bu ýerde olar uranyň neýtronlar bilen ýadro reaksiýasynyň hasabyna üznüksiz emele gelýärler. Elementar neptinuý sozulýan, kümüş ýalpyldyly has ýumşak metaldyr; dykyzlygy takmynan 20 g/sm3, ereme temperaturasy 640°C, atomynyň daşky üç elektron gatlagynyň konfigurasiýasy 5s5p6 5d10 5f4 6s2 6d1 7s2; onuň himiki birleşmeleri emele getirmegine 5f-, 6d- we 7s-elektronlary gatnaşýar. Himiki häsiýetleri boýunça neptuniý köp ýagdaýlarda uran we plutoniý bilen meňzeşdir. Neptuniýiň birleşmelerde ýüze çykarýan oksidlenme derejesi +2-den +7-ä çenlidir. Neptuniýiň ionlary gidrolizlenmäge we kompleks birleşmeleri emele getirmäge ukyplydyr. 237Np izotopynyň esasy mukdary uranyň neýtronlar bilen bolan ýadro reaksiýasynyň hasabyna ýadro reaktorlarynda plutoniý öndürilende goşmaça önüm hökmünde emele gelýär. Neptuniý, esasan, ylmy-barlag işlerinde ulanylýar.

Çeşme: Türkmen Sowet Ensiklopediýasy, Tom 6, sah.184

 

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

1 Teswir

  • Gowy zatlar. Ýöne himiýadan hem elektron kitaplar goşsaňyz has ähmiyetli bolar.

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz