Döwletler    Teswir ýok    1386 gezek okaldy

Özbegistan Respublikasy

Özbegistan döwleti Merkezi Aziýanyň merkezi böleginde ýerleşýändir. Ol demirgazyk Gündogarda Gyrgyzstan bilen, Demirgazykda we demirgazyk-günbatarda Gazagystan bilen, Günorta-günbatarda Türkmenistan bilen, günorta-gündogarda Täjigistan bilen, günortada Owganystan bilen serhetleşýär. Onuň serhediniň umumy uzynlygy 6621 müň kilomtere barabardyr.
Özbegistanyň deňze çykalgasy ýokdur. Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäheridir. Ilatynyň umumy sany 27,5 milliondan geçýär.
Özbegistan Respublikasynyň umumy ilatynyň 83,2 %-ni özbekler, 5,2-%-ni täjikler, 3,5-%-ni ruslar, 3,1-%-ni gazaklar, 2,2-%-ni garagalkaplar, 0,7-%-ni türkmenler we beýlekiler tutýandyr. (2009-njy ýylyň 1-njy ýanwarynyň maglumaty).
Respublikada 120 sany şäher we 115 sany şäherçeler bardyr. Özbegistan Respublikasy Amyderýa bilen Syrdeýanyň aralygynda ýerleşip, territoriýasynyň bäşden dört-5/4-bölegini düzlükler (Turan pesligi) tutýar. Diňe Gündogar çetinde Týan-Şan we Gissar-Alaý sistemalaryna degişli bolan daglar bar.
Konstitusiýa laýyklykda Özbegistan demokratik we hukuk döwletdir. Döwletiň ýolbaşçysy Prezidentdir. Döwletiň iň ýokary kanunçykaryjy organy Oliý Mejlisidir.
Oliý Mejlis iki palatadan – Kanunçykaryjy palatadan (aşaky palata) we Senatdan (ýokarky palata) ybaratdyr. Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Yslam Abdyganiýewiç Kerimowdyr.


1989-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Döwlet Dili hakynda Kanun kabul edilýär. 1991-nji ýylyň 31-nji awgustynda Özbegistan Respublikasy Döwletiň Özygtyýarlylygyny jar edýär. 1991-nji ýylyň 1-nji sentýabry Özbegistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk Günüdir. 1991-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Garaşsyz Özbegistanyň Döwlet Baýdagy tassyklanylýar.
Şol ýylyň 29-njy dekabrynda ählihalk tarapyndan Özbegistan Respublikasynyň ilkinji Prezidentligine Yslam Abdyganiýewiç Kerimow saýlanylýar. 1992-nji 2-nji iýulynda Özbegistan Respublikasynyň Döwlet Gerbi tassyklanýar. Şol ýylyň 8-nji dekabrynda ýurduň Konstitusiýasy kabul edilýär.
1992-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Döwlet Gimni tassyklanylýar. 1994-nji ýylyň 1-nji iýulynda Garaşsyz Özbegistan Respublikasynyň Milli walýutasy (som) kabul edilýär. Özbegistan Respublikasynda şu aşakdaky syýasy partiýalar hereket edýär: 1991-nji ýylda döredilen Özbegistanyň Halk Demokratik partiýasy (öňki Özbegistan kompartiýasynyň ýerine döredilen partiýadyr); 1995-nji ýylda döredilen “Adolat” sosial-demokratik partiýasy; 1995-nji ýylda “Milli Tiklaniş” demokratik partiýasy; 2000-nji ýylda “Fidokorlar” milli-demokratik partiýasy (2008-nji ýylyň başlarynda “Milli Tiklaniş” we “Fidokorlar” syýasy partiýalary “Milli Tiklaniş” ady bilen bir partiýa birleşipdirler); 2003-nji ýylda Özbegistanyň liberal-demokratik partiýasy; 2008-nji ýylda “Özbegistanyň ekologiýa hereketi” atly jemgyýetçilik birleşmesi partiýasy döredildi.
2004-nji ýylyň 26-njy dekabryndaky saýlawlaryň netijeleri boýunça Özbegistan Respublikasynyň parlamentiniň düzümine Özbegistanyň liberal-demokratik partiýasy, Özbegistanyň halk-demokratik partiýalary (“Fidokorlar” , “Adolat”, “Milli Tiklaniş”) giripdirler.
1992-nji ýylyň 2-nji iýulynda Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mejlisi baýramçylyk günleri barada kanun kabul edip, şol günleri iş güni däl diýip yglan etdi. Olar şulardan ybaratdyr: 1-nji ýanwar Täze ýyl, 8-mart Halkara aýallar Güni, 21-nji mart Nowruz, 9-njy Maý Ýatlama we Hormat Güni, 1-sentýabr Garaşsyzlyk Güni, 1-njy oktýabr Mugallymlar we Halypalar Güni, 8-nji dekabr Konstitusiýa Güni baýramçylyklarydyr. Olardan başga-da Dini baýramçylyklar bolan Oraza we Gurban baýramlarynyň ilkinji Günleri baýramçylyk we dynç günleri diýlip yglan edildi.
Ýurduň ykdysadyýetinde pagtaçylyk ösen pudakdyr. 2008-nji ýylyň jemi boýunça Özbegistan daşary ýurtlara pagta çykarmak boýunça dünýäde üçünji ýeri, pagta öndürmek boýunça altynjy ýeri eýeleýär. 2009-njy ýylda Özbegistanda bugdaýyň iň ýokary hasyly ýygnaldy (6,6million tonna golaý). Entek el degrilmedik baý nebit we gaz ýataklary bardyr. Ýurtda oba hojalyk maşynlaryny öndürmeklik ösendir.
Merkezi Aziýada awiagurluşyk zawody bar bolan ýeke-täk döwletdir. Asaka şäherinde “GM Uzbekistan” atly Daewoo we Chevrolet belgili awtomobilleri çykarýan iri maşyn gurluşyk zawodlary hem bardyr. Özbegistan özüni galla önümleri bilen doly üpjün edip bilmeýär.
Ýurduň özünde öndürilýän galla ilatyň oňa bolan isleginiň diňe 25-%-ni ödäp bilýär. Ýurduň zähmete ukyply ilatynyň 44-%-i oba hojalygynda, 20-%-i senagatda, 36-%-i hyzmat ediş pudaklarda işleýändir.Özbegistan 2008-nji ýylda daşary ýurda 10,4 mlrd. dollarlyk haryt çykarypdyr. Olara esasan hem pagta, altyn, tebigy gaz, mineral dökünler, metallar, dokma we azyk senagatynyň önümleri, awtomobil degişlidir.
Döwlet ol harytlary esasan hem Ukraina, Russiýa, Türkiýä, Gazagystana, Bangladeşe, Hytaýa, Ýaponiýa çykarýandyr. Ýurda 2008-nji ýylda 7,1 mlrd. dollarlyk senagat önümleri, azyk, himiýa önümleri we metallar getirilipdir. Özbegistana bu harytlar Russiýadan, Hytaýdan, Günorta Koreýadan, Ukrainadan, Germaniýadan, Gazagystandan, Türkiýeden getirilipdir.

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

  • Meňzeş makala ýok

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz