Goşgular    Teswir ýok   1444 gezek okaldy

Annaberdi Agabaýew. “Balykçylaryň buhgalteri” goşgusy

Onlar, müňler. . . Işläp otyr buhgalter. Şänijege şänik degip şyklaýar. Onlar müňler. . . Gaşyn çytýar buhgalter. Buhgalteriň bir köpügi çykmaýar. Dörüp çykýar “formalary” buhgalter, Aýyrýar, paýlaýar ýene-de goşýar. Buhgalter şol bir köpügi gözlände, Balykçyň torlary ýadyna düşýär. Balykçyň torlary ýadyna düşýär, Balykçyň derleri ýadyna düşýär. Äýnegin dakynyp ýaşuly ýene Paýlaýar, aýyrýar, köpeldýär, goşýar. ….. »

Gadymy ýadygärlikler    Teswir ýok   1034 gezek okaldy

Ýartygümmez aramgähi

img

Ýadygärligiň ýerleşýän ýeri: Ahal welaýatynyň Sarahs etraby Ýadygärligiň döwri: b.e. XI asyry Sarahs harabaçylygynyň 7-8 kilometrlik günorta we günorta-gündogar tarapynda gaty weýran bolan Ýartygümmez aramgähi ýerleşipdir. Onuň ýüzündäki ýazgynyň görkezişine görä, bu desga 1098-nji ýylda bina edilipdir. Ol bişen kerpiçden (23x23x5-5,5 santimetr) bina edilipdir. Öz meýilnamasynda inedördül (daşyndan taraplary 12×12 metr) bolan bu aramgäh uly ….. »

Gadymy ýadygärlikler    Teswir ýok   896 gezek okaldy

Abul–Fazlyň (Saragtbaba) aramgähi

img

Ýadygärligiň ýerleşýän ýeri: Ahal welaýatynyň Sarahs etraby Ýadygärligiň döwri: b.e. XI asyry Göroglybeg eýýamynda dürli görnüşli hünärmentçiligiň arasynda Sarahsyň gurluşykçy ussalary ajaýyp üstünlige eýe bolupdyrlar. Saragtyň binagärleriniň guran ymaratlary Eýranyň we Merkezi Aziýanyň orta asyr şäherleriniň onlarçasyny bezäpdir. Sarahsly ussalaryň ajaýyp eserleriniň biri hem, halkyň arasynda “Saragt babanyň aramgähi” diýlip atlandyrylan Abul-Fazlyň aramgähidir. Ol 1023-nji ….. »

XX asyr türkmen edebiýaty    Teswir ýok   1560 gezek okaldy

Agahan Durdyýew

img

(1904—1947) Agahan Durdyýew 1904-nji ýylda Tejen etrabynyň Ilkinji Babadaýhan obasynda dünýä inýär. Ol ýaşlykda ýetim galýar. Köne mekdepde iki ýyl okaýar. Agahan Durdyýew 1922-nji ýylda Marydaky mugallymçylyk mekdebine okuwa girýär. 1924-nji ýyldan Daşkentdäki Orta Aziýa bileleşik ýokary okuwynda okap başlaýar. Ol ýokary okuwynda okan döwründe edebi döredijilik işine höweslenýär. Agahan Durdyýew 1927-nji ýylda ýokary okuwyny ….. »

Rowaýatlar    Teswir ýok   863 gezek okaldy

Keýmir kör barada rowaýat

Bir gezek üç sany aýal derýaň boýuna kir yuwmaga barýan ekeni. Olaryň hersiniň ýanynda 9-10 ýaşly ogullary bar eken. Ol aýallar kir ýuwup bolup, gaýdyp barýakalar öňlerinden Keýmir kör çykypdyr. Ayallar: – Keýmir aga kyn görmeseň biziň ogullarymyzyň ulalanda iliň derdine ýarajagyny ýaramajagyny bilip bersene – diýenlerinde Keýmir kör atdan düşüp üç oglanjygyň ýanyna barypdyr. ….. »

XX asyr türkmen edebiýaty    Teswir ýok   981 gezek okaldy

Dyrdy Gylyç

img

(1886-14.12.1950) Durdy Gylyç 1886-njy ýylda Daşoguz welaýatynyň häzirki Görogly etrabynda dünýä inipdir. Durdy Gylyç alty ýaşyndan ýetim galyp, durmuşyň agyr hupbatlaryny başyndan geçiripdir. Munuň üstesine-de, iki ýaşynda mama keseli zerarly iki göreçden mahrum bolmagy geljekki şahyryň ýagdaýyny has hem kynlaşdyrypdyr. Durdy Gylyç ýaşlykdan bagşylary, has hem dessançy bagşylary diňlär eken. Soň özi şolaryň hataryna goşulyp, ….. »

Sahypalar:«1234567...79»
Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz