XX asyr türkmen edebiýaty    Teswir ýok   2019 gezek okaldy

Agahan Durdyýew

img

(1904—1947) Agahan Durdyýew 1904-nji ýylda Tejen etrabynyň Ilkinji Babadaýhan obasynda dünýä inýär. Ol ýaşlykda ýetim galýar. Köne mekdepde iki ýyl okaýar. Agahan Durdyýew 1922-nji ýylda Marydaky mugallymçylyk mekdebine okuwa girýär. 1924-nji ýyldan Daşkentdäki Orta Aziýa bileleşik ýokary okuwynda okap başlaýar. Ol ýokary okuwynda okan döwründe edebi döredijilik işine höweslenýär. Agahan Durdyýew 1927-nji ýylda ýokary okuwyny ….. »

Rowaýatlar    Teswir ýok   1131 gezek okaldy

Keýmir kör barada rowaýat

Bir gezek üç sany aýal derýaň boýuna kir yuwmaga barýan ekeni. Olaryň hersiniň ýanynda 9-10 ýaşly ogullary bar eken. Ol aýallar kir ýuwup bolup, gaýdyp barýakalar öňlerinden Keýmir kör çykypdyr. Ayallar: – Keýmir aga kyn görmeseň biziň ogullarymyzyň ulalanda iliň derdine ýarajagyny ýaramajagyny bilip bersene – diýenlerinde Keýmir kör atdan düşüp üç oglanjygyň ýanyna barypdyr. ….. »

XX asyr türkmen edebiýaty    Teswir ýok   1310 gezek okaldy

Dyrdy Gylyç

img

(1886-14.12.1950) Durdy Gylyç 1886-njy ýylda Daşoguz welaýatynyň häzirki Görogly etrabynda dünýä inipdir. Durdy Gylyç alty ýaşyndan ýetim galyp, durmuşyň agyr hupbatlaryny başyndan geçiripdir. Munuň üstesine-de, iki ýaşynda mama keseli zerarly iki göreçden mahrum bolmagy geljekki şahyryň ýagdaýyny has hem kynlaşdyrypdyr. Durdy Gylyç ýaşlykdan bagşylary, has hem dessançy bagşylary diňlär eken. Soň özi şolaryň hataryna goşulyp, ….. »

XX asyr türkmen edebiýaty    Teswir ýok   1334 gezek okaldy

Körmolla

(1872-1934) Hakyky ady: Suhanberdi Öwezberdi Lakamy: Körmolla Takmynan 1872-nji ýyl töwereginde Daşoguz etrabynda daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Körmollanyň kakasy Öwezberdi aga ilki Mara, biraz wagtdan soň Sakarçäge etrabynyň Akýap obasyna göçüp barýar. Bu maşgalanyň täze ýurtda hem gün-güzerany gowulanyp gidibermeýär. Sebäbi baknalyk döwrüniň agyr durmuşy Türkmenistanyň ähli ýerinde öz hökümini ýöredýär. Şeýle agyr durmuş zerarly ….. »

XX asyr türkmen edebiýaty    Teswir ýok   1204 gezek okaldy

Baýram şahyr

Baýram şahyr Balkan dagynyň eteginde Garryjyk çeşme diýen ýerde dünýä inýär. Ol il-ýurduna, onuň asylly däp-dessurlaryna hormatlaýan, töwerekde bolup geçýän wakalaryň many-mazmunyny ýitilik bilen seljerip bilen zehinli ýigit hökmünde özüni tanadýar. Baýram ýaşlykda döredijilik işine başlap, birtopar durmuşy goşgulary döredýär. Ol goşgularda öz garyp güni, zähmetkeş halkyň agyr ýagdaýy çeper suratlandyrylýar. Baýram ýaşlykda aýdym-saza uly ….. »

XX asyr türkmen edebiýaty    Teswir ýok   1127 gezek okaldy

Döwletmämmet Balgyzyl

Döwletmämmet Balgyzyl Esenguly etrabynyň Bugdaýly obasynda dünýä inýär. Balgyzyl ýarym çarwa, ýarym daýhan maşgalasynda ösüp ýetişýär. Ol ezber sazanda, ökde bagşy bolupdyr. Balgyzylyň Aky atly aýalyndan Nyýazmuhammet, Izmuhammet diýen ogullary dünýä inipdir. Döwletmämmet Balgyzyl agyr durmuşda-da ruhubelentligini saklapdyr. Şahyr şygyrlarynda il-günüň, ýurduň başyna düşen agyr günlerde-de mertligini, şatlygyny, ruhubelentligini saklamaga özüne we başgalara nesihat edýär. ….. »

Sahypalar:«12345678...81»
Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz