Döwlet goraghanalary    Teswir ýok   3846 gezek okaldy

Türkmenistanyň goraghanalary

Türkmenistanyň goraghanalary Türkmenistanyň milli buýsanjydyr, olarda ýurduň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň esasy genefondy jemlenendir. Olar haýwanat, ösümlik dünýäsini goramak, dikeltmek, şeýle hem öz öňünde goýulan wezipeleri durmuşa geçirmek üçin amaly maslahatlary işläp taýýarlamak maksady bilen ylmy-barlag we synag işlerini geçirmek üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite kararynyň esasynda guralýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda dürli ekologik we landşaft şertleri ….. »

Döwlet goraghanalary    1 Teswir    1394 gezek okaldy

“Sünt-Hasardag” döwlet goraghanasy

Günbatar Köpetdagyň tebigaty üýtgeşik bolup, bu ýerde Türkmenistanyň iň köp dürli ösülmlik, haýwanat dünýäsiniň bolmagy we Merkezi Aziýanyň başga ýerlerinde duşmaýan seýrek görnüşleriň gabat gelmegidir. Günbatar Köpetdagyň tebigatynyň özboluşludygyny we östümlik dünýäsiniň baýdygyny XIX asyryň ahyrynda XX asyryň başynda bu sebiti gelip barlan barlagçylar giňden belläpdirler. 30-njy ýyllarda belli alym seleksioner, akademik N.I.Wawilow ýerli ösümlikler ….. »

Döwlet goraghanalary    1 Teswir    1287 gezek okaldy

“Amyderýa” döwlet goraghanasy

Amyderýa döwlet goraghanasy 1982-nji ýylda Amyderýanyň orta akymynyň hem-de ýakyn ýerleşýän çöllük ýerleriň ekologik ulgamlaryny öwrenmek, goramak we öňki derejesine getirmek maksady bilen döredildi. Ol Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Farap, Darganata we Seýdi etraplarynyň çäklerinde ýerleşýär. Goraghana üç bölekden: sag kenarda Gyzgala-Nargyz, çep kenarda Görelde we Gabakly böleklerden durýar. Goraghananyň häzirki meýdany (akwatoriýany goşmak bilen) – ….. »

Döwlet goraghanalary    1 Teswir    1307 gezek okaldy

“Bathyz” döwlet goraghanasy

Bathyz döwlet goraghanasy Türkmenistanyň Günortasynda Eýran we Owganystan bilen araçägiň golaýynda, Tejen we Murgap derýalarynyň aralygynda ýerleşýär. Bu ülkäniň gözel we gazaply tebigatynyň we Merkezi Aziýanyň çäginde diňe şu ýerde saklanyp galan bary-ýogy 150 sany gulan-onagranyň ýeke-täk populýasiýasynyň bolmagy, hem-de ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baý we dürli görnüşlerini saklamak üçin gaýragoýulmasyz çäreleri kabul etmeklik tutanýerligi ….. »

Döwlet goraghanalary    1 Teswir    1313 gezek okaldy

“Hazar” döwlet goraghanasy

Hazar döwlet goraghanasyny döretmegiň taryhy Türkmenistanyň Hökümetiniň ýörite çykaran karary esasynda 1932-nji ýylda başlanýar. Şonda Etrek derýasynyň aşaky akymyny we Esenguly deňiz aýlagyny öz içine alýan Esenguly ornitologik (guşlaryň) goraghanasyny döredilýär. Ol 1968-nji ýylda Krasnowodsk döwlet goraghanasyna öwrülýär. Oňa Krasnowodsk we Demirgazyk Çeleken diýlip umumylykda atlandyrylýan ýalpak suwly deňiz aýlaglarynyň tutuş ulgamy goşulýar. Garaşsyz Türkmenistan ….. »

Döwlet goraghanalary    2 Teswir   1423 gezek okaldy

“Köpetdag” döwlet goraghanasy

Ýurdumyzyň günortasynda Türkmen-Horasan dag ulgamynyň demirgazyk bölegi bolan gözel Köpetdagyň gerişleri uzalyp gidýär. Gurluş aýratynlyklaryna baglylykda bu dag ulgamlaryny Günbatar, Merkezi we Gündogar Köpetdaga bölýärler. Gymmatly agaçlaryň (türkmen arçasy, türkmen kerkawy, kawkaz dagdany) çapylmagy, malyň köp bakylmagy, çensiz aw edilmegi ýaly adam täsiriniň artmagy Köpetdagda goralýan ekologik ulgamlaryň döredilmeginiň zerurlygyna getirdi. Merkezi Köpetdagda tokaý işlerini ….. »

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz