Geografiýa +    Teswir ýok   1006 gezek okaldy

Apennin ýarym adasy

(ýa-da Italýan ýarym adasy) Günorta Ýewropada ýerleşýän ýarym ada. Onuň çäklerinde Italiýanyň esasy bölegi ýerleşendir. Meýdany 149 müň km2. Uzynlygy 1100 km golaý. Ini 130—300 km. Onuň relýefiniň köp bölegini orta beýiklikdäki Apennin daglary we dag etegindäki baýyrlyklar tutýar. Wulkanik formalar hem duşýar (sönmedik Wezuwiý wulkany). Esasy gazylyp alynýan peýdaly zatlary: simap, mermer we gurluşyk mermer ….. »

Aşgabat    Teswir ýok   2256 gezek okaldy

«Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi

img

Ägirt uly inženerçilik-tehniki desga paýtagtymyzyň günorta-günbatarsynda, Köpetdagyň dag gerişlerinde guruldy. Ol paýtagtymyzyň ähli künjeginden we onuň töwereginden seleňläp görünýär. Bu çylşyrymly hem-de şol bir wagtyň özünde özboluşly binany Türkmenistanyň öňden gelýän we ygtybarly hyzmatdaşy bolan Türkiýäniň belli “Polimeks” kompaniýasy gurdy. “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkeziniň ulanmaga tabşyrylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň telekommunikasiýa we aragatnaşyk pudagyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga ….. »

Goşgular    1 Teswir    2179 gezek okaldy

Nurmuhammet Andalyp. “Jykyr”

Höweslik daýhanlara bir näzenin jenan jykyr, Bolsa suw wagty ekişde, aýlanar çenden jykyr, Iki ýüz tylla bahasy bolsa hem arzan jykyr, Bulduran suwny guýar-da öresi lerzan jykyr, Eşki silap gözlerinden akuzur girýan jykyr. Her säherler nala eýläp, kyçkurur şeýda bolup, Aýlanar ýüz nagma bilen, bilbili göýä bolup, Kölçe-kölçe ýerlere rehmet suwy derýa bolup, Rehmetinden gögerer ….. »

XVII-XIX asyr türkmen edebiýaty    1 Teswir    3953 gezek okaldy

Nurmuhammet Andalyp

(1660-1740) Türkmen klassik şahyry, alym we terjimeçi. Nurmuhammet Andalyp 1660-nji ýylda Ýylanly etrabynyň Garamazy obasynda dogulýar we 1740-njy ýylda aradan çykýar. Nurmuhammet türkmeniň düýeçi tiresiniň Seýilhan neslindendir. Onuň atasynyň adyna Akmuhammet, kakasynyň adyna Seýitmuhammet ýa-da Seýitahmet, ejesiniň adyna bolsa Hansoltan diýer ekenler. Şahyr özüniň ady we ýaşan ýerleri barada “Ýusup-Züleýha” dessanynda şeýle ýazýar: “Ismim idi Nurmuhammet Garyp, ….. »

Türkmenistanyň taryhy    2 Teswir   3294 gezek okaldy

Abu Aly ibn Sina

img

(latynça – Awisenna ) (VIII.980 – 18.VI. 1037) – dünýä medeniýetine uly goşant goşan ensiklopediýaçy alym: biolog, filosof, astronom, matematik, sazy öwreniji, filolog, ýazyjy we şahyr. Orta Aziýa halklarynyň alymy. Ibn Sina häzirki Buhara oblastynyň Wobkent raýonynyň territoriýasyndaky Afşana obasynda dogulýar. Ol örän zehinli bolupdyr. 10 ýaşlarynda Gurhany başdan-aýak ýatdan bilýän eken. 16-17 ýaşlarynda ol ….. »

Himiýa    Teswir ýok   1453 gezek okaldy

Glioksal

img

(Eng. – glyoxal, Rus. – глиоксаль) Iň sada dialdegid OHC—CHO. Onuň kristal we suwuk halyndakysy — sary, gaz halyndakysy — ýaşyl reňkde bolýar. Glioksalyň ereme nokady 15°C, gaýnama nokady 50.4°C, dykyzlygy 1,4 g/sm3 (20°C). Döwülme görkezijisi nD20.51,3826. Glioksal etilen-glikoly HOCH2—CH2OH mis katalizatorynyň kömegi arkaly degidrogenizasiýalaşdyrmak ýa-da oleumyň tetrahloretana Cl2CH—CHCl2 täsir etmeginden emele gelýän glioksalsulfaty gidrolizlemek ….. »

Sahypalar:«1...7475767778798081»
Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz