Matematika    2 Teswir    2271 gezek okaldy

Pifagor

Doly ady: Pifagor Samosskiý (Samosly) (Pythagoras of Samos)
(b. e. ön takmynan 570-500) – gadymy grek akyldary, dini we syýasy işgäri, pifagoreizmi esaslandyryjy. Pifagor barada her hili rowaýatlar ýaýrap, şolarda ol pähimli adam, bütin antiki we Ýakyn Gündogar ylmynyň mirasdary, “gudratly” adam hökmünde suratlandyrylýar. Ol ilki Samos adasynda ýaşaýar, soňra rehimsiz hökümdar Polikratyň syýasy garşydaşy bolany üçin, Günorta Italiýadaky Kroton şäherine gidýär. Pifagor şol şäherde öz yzyna eýerijileriň ýapyk dini soýuzyny esaslandyrýar, olar Pifagora “keramatly” ynsan hökmünde hormat goýupdyrlar.
Matematika babatda bolsa geometrik subutnamalaryň yzygiderli girizilmegini, gönüçyzykly figuralaryň planimetriýasynyň gurulmagyny, meňzeşlikler baradaky taglymatyň döredilmegini, onuň ady dakylan teoremanyň (Pifagoryň teoremasynyň) subut edilmegini, başga-da köp zatlary Pifagoryň ady bilen bagla-
nyşdyrýarlar.
Çeşme: Türkmen Sowet Ensiklopediýasy, Tom 7, sah.92

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

2 Teswir

  • [...] san hemme zadyň esasy prinsipidir diýen düşünjeden ugur alýan dini-filosofik taglymat. Ol Pifagoryň adyndan gelip çykýar. Ilkibada Pifagoryň taglymaty onuň öz esaslandyran mekdebiniň çäginde [...]

  • [...] taraplarynyň arasyndaky baglanyşyklary görkezýän teorema. Bu teoremany gadymy grek alymy Pifagor subut edýär. Ilkibaşda bu teorema gönüburçly üçburçlukda gipotenuzada gurlan kwadrat, [...]

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz