Filosofiýa    1 Teswir    1729 gezek okaldy

Pifagoreizm

B.e. öň VI-IV asyrlarda Gadymy Gresiýada san hemme zadyň esasy prinsipidir diýen düşünjeden ugur alýan dini-filosofik taglymat. Ol Pifagoryň adyndan gelip çykýar. Ilkibada Pifagoryň taglymaty onuň öz esaslandyran mekdebiniň çäginde gizlin syr hökmünde dilden-dile aýdylyp gelnipdir. Pifagoreizmiň ilkinji ýazmaça beýanyny Filolaý berýär. V asyryň ahyryndan pifagoreizm kem-kemden Sokrat-Platon filosofiýasy bilen ýakynlaşyp başlaýar. Gadymy Platon akademiýasy döwründe pifagoreizm gutarnykly resmileşýär. Arhit Tarentskiý (IV asyryň 1-nji ýarymy) pifagoreizmiň iň sonky görnükli wekilidir. Bu taglymatyň tarapdarlary dünýä akyl ýetirmek dünýäni dolandyrýan sanlara akyl ýetirmekdir diýip tassyklaýarlar. Pifagoreizm tebigatda hemme zat belli bir san gatnaşyklaryna boýundyr diýip sanlary absolýutlaşdyrýar. Munuň özi ähli tebigat hadysalarynyň başky esasy materiýa däl-de, sanlardyr diýen idealistik tassyklama eltýär. Pifagoreizmde geometriýa köp üns berilýär. Nokat birlige, çyzyk – ikilige, üst – üçlüge, jisim — dörtlüge meňzedilýär. Pifagoreizme eýerijiler sanlary zatlardan aýryp, sanlary özbaşdak bir zada öwrüp, hudaýa dönderýärler. Olaryň pikiriçe, birlik – hudaýlaryň enesi, ählumumy başlangyç we ähli tebigat hadysalarynyň esasy, ikilik – garşylyklar prinsipi, tebigatda otrisatellilik, tebigat – jisimi (üçlügi) emele getirýär, üçlük ilkinji başlangyç zadyň üç bitewi we onuň garşylykly taraplarydyr. Dörtlük – tebigatyň dört elementiniň obrazydyr. Onluga mukaddes dekada (onluk) hökmünde, şeýle hem on ýagtyltgyçly on sany asman sferasyndan ybarat Älemiň obrazy hökmünde garapdyrlar. Bu taglymatda, esasan, 10 sany gapma-garşylyga: tükeniklilige we tükeniksizlige, täklige we jübütlige, birlige we köplüge, çeplige we saglyga, erkeklige we aýallyga, dynçlyga we hereketlilige, gönülige we egrilige, ýagtylyga we garaňkylyga, gönüburçluga we kwadrata üns berilýär. Tükenikli we tükeniksiz gapma-garşylyk iň esasy gapma-garşylyk hasaplanypdyr. Pifagoreizmde janyň bakylygy baradaky dini taglymat hem ündelýär, Pifagoreizmiň ideýalary diňe bir antik döwürde däl, eýsem orta asyrlarda-da we täze döwürde hem ýaýrapdyr.
Çeşme: Türkmen Sowet Ensiklopediýasy, Tom 7, sah.92

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

1 Teswir

  • [...] of Samos) (b. e. ön takmynan 570-500) – gadymy grek akyldary, dini we syýasy işgäri, pifagoreizmi esaslandyryjy. Pifagor barada her hili rowaýatlar ýaýrap, şolarda ol pähimli adam, bütin [...]

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz