Matematika    1 Teswir    1823 gezek okaldy

Pifagoryň sanlary

Natural sanlaryň üçlügi, üçburçlugyň taraplarynyň uzynlyklary şol sanlara proporsional (ýa-da deň) bolanda gönüburçly üçburçlukdyr. Pifagoryň teoremasyna ters teorema görä, bu sanlaryň diofantyň deňlemesini x^2+y^2=z^2 kanagatlandyrmagy ýeterlikdir. Meselem, x=3, y=4, z=5 sanlar şeýle sanlardyr. Ähli özara ýönekeý Pifagor sanynyň üçlügini aşakdaky formulalardan almak bolar: x=m^2-n^2, y=2mn, z=m^2+n^2 bu ýerde m we n bitin sanlar, m>n>0.

Çeşme: Türkmen Sowet Ensiklopediýasy, Tom 7, sah.92

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

1 Teswir

  • Subudy ýokmy?

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz