Matematika    1 Teswir    2218 gezek okaldy

Pifagoryň teoremasy

Geometriýada gönüburçly üçburçlugyň taraplarynyň arasyndaky baglanyşyklary görkezýän teorema. Bu teoremany gadymy grek alymy Pifagor subut edýär. Ilkibaşda bu teorema gönüburçly üçburçlukda gipotenuzada gurlan kwadrat, katetlerde gurlan kwadratlaryň jemine deň ululyklydyr diýip, kwadratlaryň meýdanlarynyň arasyndaky baglanyşygy görkezýärdi, ýöne bu teorema aşakdaky ýaly gysgaça alynýar: şol bir birlikde gönüburçly üçburçlugyň katetleriniň kwadratlarynyň jemi gipotenuzanyň kwadratyna deňdir. Eger üçburçlugyň bir tarapynyň kwadraty onuň beýleki iki tarapynyň kwadratlarynyň jemine deň bolsa, onda şeýle üçburçluk gönüburçly üçburçlukdyr diýip tassyklaýan ters teorema hem dogrudyr.
Çeşme: Türkmen Sowet Ensiklopediýasy, Tom 7, sah.92

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

1 Teswir

  • [...] uzynlyklary şol sanlara proporsional (ýa-da deň) bolanda gönüburçly üçburçlukdyr. Pifagoryň teoremasynaters teorema görä, bu sanlaryň diofantyň deňlemesini x2+y2=z2 kanagatlandyrmagy ýeterlikdir. [...]

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz