Sanlar

1. Sanlar predmetleriň sanyny, mukdaryny, şeýle-de sanalmakdaky tertibini aňladýarlar. Sanlar näçe? näçinji? diýen soraglara jogap bolýar.

2. Sanlar mukdar we tertip sanlar diýen toparlara bölünýärler. Sanlar degişlilik, san we düşüm goşulmalaryny kabul edip bilýär.

3. Salar sözlemde sözlemiň dürli agzasy bolup gelýärler.

 

Mukdar sanlar - bir zadyň mukdaryny görkezip, näçe? diýen soraga jogap bolýar.

Mukdar sanlar many özleriniň gurluşy boýunça üçe bölünýär:

a) Bir sözden ybarat bolan sanlara sada sanlar diýilýär. Meselem: bir, iki, üç.

b) Iki we ondan-da köp sözden bolan sanlara goşma sanlar diýilýär. Meselem: on alty.

ç) Tirkeşdirilip ulanylýan sanlara tirkeş sanlar diýilýär. Meselem: on-on bäş, iki-üç.

 

Mukdar sanlar many aňladyşlary boýunça üçe bölünýär:

a) Bitin mukdar sanlar /on, ýüz/.

b) Bölek sanlar /üçden bir/.

ç) Çen-takmyn sanlar /ýüzlerçe, onlarça/ diýen toparlara bölünýär.

 

Tertip sanlar predmetleriň, zatlaryň, düşünjeleriň sanalmakdaky tertibini aňladýarlar we näçinji? diýen soraglara jogap bolýarlar. Tertip sanlar mukdar sanlaryň yzyna –njy, -ynjy, -inji, -unjy, -ünji goşulmalaryň goşulmagy bilen ýasalýarlar. Meselem: Bäşinji öý.

 

Çeşme: Türkmen Dili, 5-nji klas, 143-158

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz