Grammatika    Teswir ýok    1105 gezek okaldy

Sözlemiň deňdeş agzalary

Deň heň, deň säginme bilen aýdylýan, bir söze baglanyp, deň soraga jogap bolýan sözler deňdeş agzalardyr.

Deňdeş agzalar sözlemde deň sintaktik hyzmaty ýerine ýetirýärler.

Şol sebäpli olaryň belli bir şekilde gelmegi şertdir.

Deňdeş agzalar biri-birine garaşsyz bolan deň hukukly agzalardyr. Deňdeş agza bolup gelen sözler öz aralarynda biri-biri bilen garaşsyz baglanyşýarlar. Şeýle bolansoň olaryň orunlaryny çalyşmak-da, sanlaryny azaldyp-köpeltmek-de mümkin.

Deňdeş agzalar iki ýa-da köp sözden bolýarlar.

Meselem: Türkmenistanda Amyderýa, Murgap, Tejen, Etrek, Sumbar derýalarydyr.

Garagum derýasy Amyderýa bilen Murgap we Tejen derýalaryny birikdirdi.

Sözlemiň deňdeş agzalarynyň biri bir sözden, beýlekisi söz düzüminden hem bolup biler. Meselem: Size we size meňzeşlere syýasatda ak ýol arzuw edýäris!

Sözlemde gaýtalanyp gelýän sözler deňdeş agza hasaplanmaýar. Meselem: “Suw, suw, suw” diýip seslendi.

Biz sözlemiň içindäki deňdeş agzalar aňladýan manylary boýunça özara toparlara-da bölünip biler.

Şu ýagdaýda deňdeş agzalaryň her toparynyň yzyndan otura derek nokatly otur goýulýar. Meselem: Bizde şu zatlar nejislik we gabahatlyk hasaplanýar: ýaltalyk, bikärlik, iş ýakmazlyk, mugthorluk….

Sözlemiň haýsy agzalary boluşyna garap, deňdeş agzalar öz aralarynda dört topara bölünýärler.

1) Deňdeş eýeler.                                          3) Deňdeş aýyrgyçlar.

 2) Deňdeş habarlar.                                    4) Deňdeş doldurgyçlar.

Deňdeş eýeler we deňdeş habarlar

Eýeden bolan deňdeş agzalar eýelerdir. Meselem: Ýaşajyk sazaklar, çerkezler gögerýär.

Habardan bolan deňdeş agazalar deňdeş habarlardyr.

Meselem: Ony özü biçipdi we tikipdi.

Deňdeş aýyrgyçlar we deňdeş doldurgyçlar

Aýyrgyçlardan bolan deňdeş agzalar deňdeş aýyrgyçlardyr. Meselem: Sowuk suwly, ter çemenli awlaglar.  

Doldurgyçlardan bolan deňdeş agzalar deňdeş doldurgyçlardyr. Meselem: Sowuga we beýleki mahrumçylyklara çydam etmegi başar.

Deňdeş agzalarda we, hem, bilen ýaly baglaýjylar ulanylýar ýa-da olar bolmadyk ýagdaýynda otur goýulýar.

Çeşme:  Türkmen dili, 7-nji klas, sah. 129-150

 

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz