Tehnologiýa    Teswir ýok    2082 gezek okaldy

Stiw Jobs

Doly ady: Stiwen Pol Jobs (iňlisçe – Steven Paul Jobs)

Doglan senesi we ýeri: 24-nji fewral, 1955, San-Fransisko

Aradan çykan senesi we ýeri: 5-nji oktýabr, 2011, Palo-Alto

Amerikan işewüri we oýlap tapyjysy. Ol “Apple” korporasiýasynyň düýbüni tutujylaryň biri bolmak bilen, bu korporasiýa ençeme ýyl ýolbaşçylyk etdi.  Şeýle hem “Pixar Animation Studiosyň” esaslandyryjylarynyň biridir. 2006-njy ýylda “Pixaryň” “Walt Disney” kompaniýasy tarapyndan satyn alynmagynyň netijesinde Stiw Jobs “Walt Disneyiň” direktorlar geňeşiniň agzasy boldy. Stiw Jobs bilen Stiw Woznýak “Apple” korporasiýasynyň düýbüni tutup, şu günümizde ýokary hilli telefonlary, planşetlary we başga tehnologiýalary döretmek bilen, adamlaryň ynamyna girip bildiler.

1970-nji ýyllarda Stiw Jobs Stiw Woznýak we Maýkl Markkula bilen bilelikde ilkinji şahsy kompýuterleriň biri bolan “Apple II”-niň taslamasynyň üstünde işläp, ony satuwa çykardy. 1985-nji ýylda ol “Apple” korporasiýasyndan işden kowuldy. Soňra Stiw Jobs “NeXT” atly ýokary okuw mekdepleri üçin kompýuter platformalaryny düzýän kompaniýanyň düýbüni tutdy. 1996-njy ýylda “Apple” korporasiýasy “NeXT-i” satyn alýar we Jobs ýene-de “Apple-a” dolanyp gelýär. 1997-nji ýyldan 2011-nji ýyla çenli ol “Apple” korporasiýasyna ýolbaşçylyk etdi. Onuň ýolbaşçylygynda iMac, iPhone, iPod we iPad ýaly dünýäde ulanyjylaryň söýgüsini gazanan önümler döredildi.

Stiw Jobs 2011-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda aşgazanasty mäziň ragy sebäpli aradan çykýar.

Ýaşlyk wagty:

Stiw Jobs San-Fransiskoda (Kaliforniýa, ABŞ) dogulyp, ony Pol we Klara Jobs ogullyk edip alýarlar. Stiwiň hakyky ene-atasy Abdulfattah Jandali we Žoan Simpsondyr. Olar Stiwiň dünýä inen wagtynda Žoanyň maşgala ýagdaýlary sebäpli durmuş gurup bilmeýärler.
1972-nji ýylda mekdebini tamamlanyndan soňra, Portlanddaky (Oregon, ABŞ) Reed Uniwersitetine okuwa girýär. Emma bir semestr okanyndan soňra ol okuwyndan kowulýar. Muňa garamazdan, Stiw öz isleýän sapaklaryna gatnaşmaga dowam etdi.

Wikipedia-dan alnyp terjime edildi.

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz