Syýasat    Teswir ýok    1603 gezek okaldy

Syýasy adalgalar

Aparteid (aýratyn ýaşamak) – Jynsy kemsitmeleriň iň ýiti görnüşi. Günorta Afrika Respublikasynda ilatyň tutuş topary jynsy tapawudyna laýyklykda garaşly ýagdaýä düşürilýär. Olar ýörite bellenen aýratyn territoriýalarda ýaşadylyp, syýasy, raýat we durmuş-ykdysady hukuklary çäklendirilýärdi ýa-da olardan düýbünden mahrum edilýärdi.

Alternatiw – Latynçadan terjime edende “ikisiniň biri” diýen manyny aňladýar.

Barrel – Nebitiň halkara ölçeg birligi. 1 barrel 159 litre deňdir.

Demografiýa – Ilatyň artyşyny, düzümini, gürlügini öwrenýän ylym.

Demokratiýa – Grekçeden terjime edilende “halkyň häkimiýeti” diýmekdir.

Dewalwasiýa – Döwletiň öz pul birliginiň altyn mukdaryny resmi ýagdaýda azaltmagy ýa-da beýleki döwletleriň walýutasyna garanyňda onuň kursuny peseltmegi.

Despotiýa – Grekçeden terjime edilende “çäklendirilmedik häkimiýet” diýmegi aňladýar

Dokument – Resminama

Ekologiýa Hereketi – Ekologik howpy azaltmak, daş-töwerekdäki sebiti sagdynlaşdyrmak, adamyň, jemgyýetiň we tebigatyň arasyndaky sazlaşygy saklamak ugrunda çykyş edýän adamlar bileleşiginiň göreşi. Adatça, ekologik hereket “ýaşyllar”, “ekologiýaçylar” ýaly resmi däl, hökümete degişli bolmadyk guramalaryň jemini düzýär.

Ekspansiýa – Sürünmek, territoriýany giňeltmek, täsiriňi artdyrmak, täze territoriýalary basyp almak.

Ekstensiw – “Giňelýän”, “san taýdan artýan” (çig maly köp ulanmagyň hasabyna önümçiligi artdyrmak. Ekerançylyk meýdanlaryny giňeltmegiň hasabyna hasyllylygy artdyrmak).

Elita – Jemgyýetiň ýokary gatlagynyň has görnükli wekilleri, toparlanyşygy.

Etatizm – Fransuzçadan terjime edilende “döwlet” diýmegi aňladýar. Ykdysady, sosial, medeni, ylmy we ş.m. beýleki babatlarda döwletiň gatyşmasynyň güýçlenýändigini alamatlandyrmak üçin ulanylýan adalga.

Faşizm – Italýan dilinden terjime edilende – “çogdam”, “topbak birleşik” diýmegi aňladýar. Ähli demokratik azatlyklary we öňdebaryjy jemgyýetçilik hereketi basyp ýatyrmaga gönükdirilen açyk terrorçylykly diktaturadyr. Jynsparazlyk, aşa milletçilik, güýç ulanmak, öňbaşçynyň aşa ýokary göterilen kulty, adamkärçiligi kabul etmezlik, çäklendirilmedik häkimiýet, adamy ýigrenmek, şahsyýetiň üstünden hemmetaraplaýyn gözegçiligiň ýola goýulmagy, zorluk, ýaraglanyşygy haýdatmak faşizm üçin häsiýetli alamatlardyr.

Fundamentalizm – Dini düşünjeleriň we kadalaryň tankydy taýdan seredilmegine we üýtgedilmegine garşy bolan, dini dogmalaryň üýtgedilmezligi üçin çykyş edýän dini akym.

Genosid – Belli bir halky, taýpany fiziki taýdan ýok etmäge gönükdirilen döwlet syýasaty.

Globallaşmak (Bütewüleşme) – Häzirki zaman dünýäsiniň toplumlaýyn, ulgamlaýyn ösüş birligi. Ol ýitileşen dünýä meselelerini (ekologiýa, demografiýa, ykdysady we medeni yzagalaklygy ýeňip geçmek, ýeriň töweregindäki giňişligi özleşdirmek, umumydünýä energiýa, azyk, çig mal we beýleki krizis ýagdaýyny çözmek), şeýle hem şahsyýetiň durmuşy, ykdysady we şahsy hukuklaryny hem-de azatlyklaryny çözmegi zerurlygy bilen şertlenendir.

Integrasiýa – Iki ýa-da ondan hem köp döwletleriň milli hojalygynyň özara utgaşygy, olaryň birleşmegi, ykdysady we önümçilik hyzmatdaşlygynyň giňelmegi, bütewi hojalyk toplumynyň kemala gelmegine eltýän derejede hojalygyň dünýä ulgamyna goşulamygyň ýokary görnüşi.

Iýerarhiýa – Jemgyýetçilik gatlaklarynyň ýa-da gulluk wezipeleriniň aşakdan ýokary, biri-birine tabynlygyna görä yzygider ýerleşişi.

Koalision Hökümet – Gatyşyk hökümet

Konsern – Haýsydyr bir monopolistik topara maliýe taýdan garaşlylygynyň esasynda trestleriň ýa-da kärhanalaryň birleşmesidir.

Kontribusiýa – Uruşda ýeňlen döwletiň ýeňiji döwlete ýetiren zyýazynyň öwezini dolmak üçin töleýän tölegi.

Lokal – Latyn dilinden terjime edilende “ýerli” diýmegi aňladýar. Taryhy adalga hökmünde ol local uruşlar görnüşinde köp gabat gelýär we ýerli, kiçi uruşlar manysyny aňladýar.

Metropoliýa – Grekçeden terjime edilende “ene şäher” diýmekdir. Ol kolonial (baknadar) şäher-döwleti diýmegi aňladypdyr. Bakna mülke eýe bolan döwlete metropoliýa diýilýär.

Migrasiýa – Ilatyň köpçülikleýin ondan – oňa göçmegi.

Militarizm – Latynçadan terjime edilende “harby” diýmek. Ol ýaraglanyşygy haýdatmagy, basybalyjylykly uruşlara işjeň taýýarlyk görmegi aňladýan syýasatdyr.

Milli Mesele – Döwletiň içinde milletleriň we halkyýetleriň özara gatnaşygynyň netijesinde ýüze çykýan syýasy, ykdysady, hukuk, ideologiki we beýleki meseleleriň jemidir.

Milletler Ligasy – 1919-1946-njy ýyllarda dowam eden halkara guramasy. Ol Birinji jahan urşundan soň döredilip, uruşlaryň, dawalaryň öňüni almak, dawalary parahatçylykly ýollar bilen çözmek meselelerine seredýär.

Monarhiýa – Bir adam tarapyndan dolandyrýan döwlet gurluşynyň görnüşi bolup, häkimlik köplenç nesilden-nesle geçýär.

Monopoliýa – Grekçeden sözme-söz terjime edilende “ýeke özüm satýaryn” diýmegi aňladýar. Önümçiligiň, söwdanyň bir adama ýa adamlar toparyna, ýa – da döwlete degişli bolan aýratyn hukugy. Ykdysadyýetiň, söwdanyň ol ýa beýleki pudagynda öz agalygyny ýola goýmak üçin önümçiligi ýa-da harydyň haýsydyr bir görnüşini satmagy öz elinde jemlän birleşiklere aýdylýar.

Oligarhiýa – Grek dilinden terjime edilende “azlygyň häkimiýeti” diýmegi aňladýar.

Oppozisiýa – Döwleti dolandyrmakda çetde bolup, döwlet häkimiýetine dalaşgär güýçler.

Pasifizm – Latyn dilinden terjime edilende “parahatçylyk dörediji”. XIX asyryň ahyrynda käbir ýurtlarda dörän, soňra halkara derejesine ösüp geçen urşa garşy jemgyýetçilik hereketi.

Postindustrializm – Jemgyýetiň taryhyny üç döwre: senagatlaşma çenli, senagatlaşan, senagatlaşan jemgyýetden soňky (postindustrial) döwürlere bölýän sosial-syýasy taglymaty. Olaryň soňkusy hil taýdan täze jemgyýet bolup, onda esasy orun ylma, nazaryýet we tejribe institutlaryna degişlidir.

Radikal – Latynçadan terjime edilende “düýpli” diýmekdir. Jemgyýeti özgertmeklige bolan garaýyşlarda kesgitli, aýgytly hereketleriň tarapdarlary. Olara çepçiler hem diýilýär.

Rasional – Latynçadan terjime edilende “paýhasly”, “maksadalaýyk”, “esaslandyrylan” diýmegi aňladýar.

Respublika – Latynçadan sözme-söz terjime edilende “jemgyýetçilik işi” diýmegi aňladýar. Häkimiýetiň jemgyýet tarapyndan kesgitli möhlete saýlanan adamlara degişli bolan döwleti.

Rewolýusiýa (Ynkylap) – Jemgyýetde ornaşan ahlak gymmatlyklaryny, syýasy we sosial düzümlerini örän çalt (gysga taryhy döwrüň çäginde), zorluk bilen üýtgetmek. Topalaňlar, gozgalaňlar, köşk agdarylyşyklary hem rewolýusiýalara ýakyndyr, emma rewolýusiýa köne düzgünleriň ähliumumy ýatyrylmagyna getirýär.

Sekulýarizasiýa – Ruhy we sosial durmuşyň buthananyň täsirinden azat edilmegi.

Siwilizasiýa – Latynçadan “raýat, döwlet” diýmegi aňladýar. Birnäçe manyda ulanylýar: maddy we ruhy medeniýet; wagşylykdan we medeniýetsizlikden soňra gelýän aýratyn taryhy döwür; häzirki döwürde önümçiligiň, durmuşy gatnaşyklaryň, syýasy durmuşyň we medeniýetiň beýleki alamatlarynyň örän ýokary ösüş derejesi bilen tapawutlanýan dünýä ösüşiniň basgançagy.

Sindikat – Harytlary bileleşip satmak üçin döredilen birleşmeler.

Sintez – Grekçeden terjime edilende “birleşdirmek”, “utgaşdyrmak” diýen manyny berýär.

Şowinizm – Aşa milletçilik, milli taýdan beýlekilerden artykmaçlygy ündemek, bir milletiň bähbidini beýleki milletleriň bähbidine garşy goýmak, milli esasda duşmançylygy, ýigrenji tutaşdyrmak.

Teologiýa – Dini ylym. Grekçeden terjime edilende “Hudaý hakynda taglymat” diýmekdir.

Teokratiýa – Grekçeden terjime edilende “Hudaýyň hökümdarlygy” diýmekdir. Dolandyryşyň bir görnüşi bolup, munda ýokary syýasy häkimiýet ruhanylara degişlidir.

Totalitarizm – Latynçadan terjime edilende “dolulaýyn, tutuşlaýyn” diýmekdir. Adamyň syýasy häkimiýete doly tabyn bolmagyny, döwletiň jemgyýeti doly öz gözegçiliginde saklanmagyny üpjün edýän jemgyýetiň sosial – syýasy gurluşynyň nusgasy.

Trest – Bilelikde önüm öndürmek we satmak üçin eýeçiligiň bileleşdirilmegi.

Urbanizasiýa – Şäherleriň aşa ulalmagy netijesinde olaryň obany yza galdyryp, ykdysady agalyga eýe bolmagy we ösüş merkezlerine öwrülmegi.

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

  • Meňzeş makala ýok

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz