Taryhda ilkinjiler    Teswir ýok    149 gezek okaldy

Ilkinji sagat

Taryhda ilkinji sagady miladydan öňki 4000-3500-nji ýyllarda müsürliler oýlap tapypdyr. Olar ilkinji ulanan sagatlaryny «Günsagady» diýip atlandyrypdyr. Günüň süýşüşine görä dik duran jisimiň emele gelýän kölegesine seredip, olar wagty hasaplapdyrlar. Bu sagadyň kemçiligi: ol agşamlaryna hem-de gijelerine garaňky bolansoň işlemeýän eken. Şonuň üçinem, wagtyň geçmegi bilen olar gum sagady bilen suw sagadyny oýlap tapypdyrlar.

1524-nji ýylda ilkinji mehaniki tow berilýän sagat nemes gulp ussasy Piter Henliein tarapyndan ýasalypdyr.

1810-njy ýylda ilkinji goşar sagady Nýapold korolynyň aýaly üçin niýetlenip, Abraham Luis Breguet tarapyndan ýasalypdyr.

1600-nji ýyllarda ilkinji jübi sagady öndürilip başlanypdyr.

Taryhda ilkinji gezek häzirkizaman goşar sagady 1904-nji ýylda Louis Cartier tarapyndan ýasalypdyr.

1906-njy ýylda batareýa bilen işleýän häzirkizaman sagatlaryň ilkinji görnüşleri öndürilip başlanypdyr.

1960-njy ýylda ilkinji elektroniki sagatlar «Seiko» kärhanasy tarapyndan öndürilip başlanypdyr.

1974-nji ýylda ilkinji «LED» ekranly elektroniki sagat öndürilýär.

1982-nji ýylda Şweýsariýanyň «Swatch» sagat öndüriji kärhanasy batareýa bilen işleýän arzan sagatlary öndürip satuwa çykarmak bilen,sagat bazarynda esasy orny eýeleýär.

 

Terjime eden:

Süleýman Jumamuhammedow

 

Çeşme:

Trewor Gomer, «Ilkinjileriň kitaby».

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

  • Meňzeş makala ýok

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz