Güýmenje    Teswir ýok    1161 gezek okaldy

Türkmeniň baýlygy sensiň ak pagtam

Türkmen halkymyzda ata – baba aýdylyp gelýän bir gowy söz bar “Ak zat alnyňa ýagşy” diýilýär. Dogrudanam, türkmen halkynyň alnyndan ak gün bolup dogan Hormatly Prezidentimiziň saýasynda, il-günümiz Berkarar Döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe diňe aklyklara, ýagtylyklara ýaran bolup ýaşaýar. Bagtyýarlyk zamanamyzyň eşretlerinden ruhlanyp gurýar, döredýär, halal zähmet çekýär “Zähmet soňy rehnet” diýleni. Halal zähmet hem her bir işde zähmet çekýän adamlara öz miwesini boldan eçilýär. Munuň şeýledigini häzirki günlerde ekinzarlyga öwrülen bereketli ýaýlalarymyzy synlanymyzda hem görmek bolýar. Daýhanlaryň ýyl boýy zähmet siňdirip ýetişdiren gowaçalarynyň ak hasyly deňiz bolup tolkunýar. Daýhan öz zähmetiniň miwesini çöpleýär. Häzirki  günlerde welaýatymyzda pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär. Türkmen halkymyzyň “Ak altynym” diýip söýgüleýän berekedi bir hanadan, bir üptükden hem bolup, Watan harmanynda ap – ak rysgal dagyna öwrilýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp beren kuwwatly, häzirki zaman tehnikalarynyň  pellerde çar tarapa at salyp işleýşini göreniňde göwnüň göterilýär. Berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatyna buýsanjynyň artýar. Ak berekede bürenen atyzlarda topar – topar bolup zähmet çekýän ýygymçylara gözüň düşende bolsa “Armaweriň. Harmanyňyza bereket, berekella size” diýesiň gelýär. Halal zähmet bilen maňlaý deri dökülip, ýetişdirilen bol pagta hasylyny ýygnaýan, daşaýan, adamlary sazlaşykly zähmeti bilen ak pagtanyň müňlerçe tonnasy eýýäm, watan harmanyna bereket bolup girdi. Ynha öňümizde halkymyz üçin örän wajyp we uly baýramçylyklaryň bir bolan döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly XXII ýyllyk baýramçylygy bar. Bu şanly baýrama ýurdumyzyň her bir raýaty öz zähmeti okuw üstünlikleri bilen sowgatly barýar. Nesip bolsa biziň welaýatymyzyň daýhanlary hem ýyllyk borçnamalaryny birkemsiz  berjaý edip, bu uly waka öz zähmet ýeňişleri bilen bararlar. Halkymyzyň durmuşda, zähmetde, uly ýeňişleri gazanmagynyň gözbaşynda Arkadagymyzyň ägirt uly aladalary dur. Halkymyzy şeýle beýik işlere, beýik ýeňişlere galkyndyrýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny, il – ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri mydama rowaç alsyn!

Awtor: Magsat Mirabow

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

  • Meňzeş makala ýok

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz