Türkmenistanyň taryhy    Teswir ýok    379 gezek okaldy

Türkmenistan b.e. öňki I müňýyllygyň I ýarymynda

Merkezi Aziýada demir eýýamy irräk başlanan hem bolsa, onuň giňişleýin ýaýran döwri b. e. öňki X-IX asyrlara degişlidir. Bu döwürde ýerli ilat demiri eredip almaklygy başarypdyrlar. Emma demir gurallary durmuşda giňden ýaýramandyr. Ilkibaşlarda demri diňe bezeg üçin ulanypdyrlar. Soňra demirden hojalyk gurallaryny we ýaraglary ýasap başlapdyrlar. Demri almak we ony işläp bejermegiň tärlerini oýlap tapmak kyn bolupdyr. Demri eretmek űçin gűýçli gyzgynlyk gerek bolanlygy sebäpli, demri ýörite körűkli kürelerde eredipdirler. Körügiň diwarynyň galyňlygy 20 sm töweregi ,beýikligi bolsa bir metr töweregi bolupdyr. Körügiň öň diwarynyň düýbünde deşijek goýlupdyr. Şol deşikden bolsa körüge kömür salnyp ýakylypdyr. Arheologiýa nukdaýnazaryndan, şol özgerişlikler demirden ýasalan zähmet gurallarynyň ilkibaşda kem-kemden özleşdirilendigi, soňra bolsa köpçülikleýin ulanylandygy – demir asyrlary döwrüniň gelip ýetendigini aňladýar.

Merkezi Aziýada irki demir döwrüniň başlangyç senesi kesgitlenende b.e. öňki müňýyllygyň ahyry – I müňýyllygyň başy ýa-da b.e. öňki II-I müňýyllyklaryň sepgidi hakynda gürrüň edilse, taryhy jähtden dogry bolar. Şu döwrüň şertli ahyrky senesi b.e. öňki 330-njy ýyla, ýagny, Aleksandr Makedonskiniň goşunlarynyň Merkezi Aziýanyň serhetlerine gelip ýeten döwrüne laýyk gelýär.

Demriň dünýä siwilizasiýasynyň ösüşinde tutýan orny uly bolup, demiriň tapylmagy we ulanylyp başlanmagy adamzat durmuşynda hakykatdan-da uly öwrűlşik bolupdyr. Demirden ýasalan gurallar, ýaraglar örän berk bolupdyr.

Türkmenistanyň  ýerlerinde irki demir asyryna degişli arheologiki ýadygärlikler köpdir. Ol ýadygärlikleri şol döwrüň ilatynyň ýerleşişi boýunça dört topara: Murgabyñ aşak akymyna, Köpetdagyň etek zolagyna, Günorta-Günbatar Türkmenistana, Amyderýanyñ orta we  aşak akymlaryna bölüp bolar.

Bu ýerleriň her biriniň özűne mahsus ýadygärlikleri bardyr. Irki demir asyry  Günorta-Günbatar Türkmenistanda – Madawdepe, Yzzatguly, Köpetdag eteginiñ zolagynda-Namazgadepe VI, Änew IV; Murgap oazisinde-Ýazdepe, Arabalydepe, Togalakdepe, Tahyrbaý; Amyderýanyñ orta we aşak akymlarynda Çöplidepe, Beggala (Bekgala), Täzebagýap, Guýsaý ýaly gadymy adamlaryñ mekanlary bolan ýadygärlikleri bilen hasiyetlendirilyär.

Demir asyryna degişli Günorta-Günbatar  Türkmenistanyň ýerlerine taryhy edebiýatlarda gadymy Dehistan diýlip at berilýär. Bu at taryhda yz galdyran dah taýpalary bilen baglydyr. Dehistan medeniỳetine degişli ỳadygärlikler Maşat-Misserian düzlügindäki Madawdepe,Yzzatguly depelerde jemlenendir. Şeýle-de Günbatar Köpetdagyñ eteklerinde hem kiçiräk oturymly ýerler bolan Parawyň, Bamynyň, Börmäniň ýanyndaky depeler hem şol medeniýete degişlidir.

Dehistan ýerleri gadymy geografçy alymlaryň işlerinde Girkaniýa diýlip atlandyrylypdyr. Girkaniýanyň dűzűmine häzirki Hazar denziniň tutuş günorta-gündogar boýlary girýär. Taryhyň belli bir döwründe Hazary Girkan deňzi diýip hem atlandyrypdyrlar.

Ýazdepe medeniýeti  doly  we  hemmetaraplaýyn  öwrenilendir.  Bu  medeniýetiň  taryhy  XIX  asyryñ   ahyrynda 1885- ýylda  general   A.B.Komarowyñ  Aşgabadyñ  etegindäki  Änew  depelerinde  ilkinji gazuw-agtaryş  işleriniñ  geçirmäge  girişmegi  bilen  başlanýar.  XX  asyryñ  başlarynda  Änewiñ  depelerinde  amerikan  ekspedisiýasy   tarapyndan  gazuw-agtaryş işleri  geçirilip,  günorta  keramika  gatlaklary  tapyldy.  Olara  Änew  III  diýip at berildi.Ýelkendepede, Ýaşyldepede S.A.Ýerşow, Owadandepede  A.A.Maruşenko işlediler. Ikinji  jahan  urşundan  soñ  Änew IV A gatlagyñ  Duşagyñ golaýynda Ulugdepe  ýaly  iri  obada  ýüze çykanlygy   anyklandy , şeýle  hem  Duşagyñ  ýanynda  Ýaşyldepede gadymy obalaryň üsti  açyldy  we   olar  bölekleýin  öwrenildi. Murgabyň hanasyna   degişli   ýadigärliklriñ  açylşy  we  öwrenilişi  taryhy  has  hem  gysgadyr.  Irki  demir  asyra  degişli  ilkinji  obalar,  şol  sanda  Ýazdepe,  Arabalydepe ýaly  uly  obalaryň bolandygy barada   XX  asyryñ  başynda  açyş  edildi,  soñra  Murgap  jülgesi  köp  sanly  hünärmenler  tarapyndan  birnäçe  gezek  öwrenildi.

Ýazdepedäki  gazuw- agtaryş işleriniň netijesi ol ýerde bolan   medeni  gatlaklaryñ  şu  yzygiderligini  anyklamaga  mümkinçilik  döretdi:  Ýazdepe  I- (b.e.  çenli  900-650 asyrlar), Ýazdepe  II- (b.e.  çenli  500-400  asyrlar). Şonuñ  bilen   birlikde  täze,  ylaýta-da  Ýelkendepeden  materiallaryñ  toplanmagy,  dag  eteklerinde  has  irki  gatlaklaryñ  bardygyny  görkezdi. Bu bolsa Ýaz I toplumlaryñ  başlangyçlaryny   b.e.  çenli  II  müñýyllyklaryñ  ahyryna,  has  takygy  b.e. çenli  XII – VII  asyrlaryna  degişli  etmäge  mümkinçilik    döredýär.          Irki demir asyr zamanasynda Köpetdagyň eteginde Ýelkendepe, Ýaşyldepe ýaly täze oturymly ýerler ýüze çykypdyr. Şu oturymly ýerleriň iň ulusy Gowşut demir ýol  menziliniň günorta – gündogar tarapynda ýerleşýän Yelkendepedir. Ýelkendepede gazuw-agtaryş işleri geçirilende  mis we demir erginleri tapylýar. Emma demiriň ýaýramagyna garamazdan bu ýerlerden tapylan hojalyk gurallaryna degişli zatlaryň içinde  däne owguçlary hem tapylypdyr. Şeýle daş sokular we olaryň daşlary demir asyrynyň obalaryndan tapylypdyr. Gadymy döwürde bolşy ýaly, demir asyrynda hem küýzegärçilik                                                                                                                                                         senetçiligiň   esasy pudagy bolmagynda galypdyr. Gap-gaçlar görnüşleri we çeperçiligi boýunça dürli-dürli bolupdyr. Gündelik durmuşda ulanylýan ýuka küýze gap-gaçlaryň birnäce görnüşleri dürli nagyşlar bilen bezelipdir. Sarahs oazisi häzirki Tejen etrabyndan 70-80 km. Günortada, Türkmenistanyň günorta serhedinde ýerleşýär. Onuň umumy tutýan ýeri demirgazykdan günorta 70 km günbatardan gündogara bolsa 20-25 km ýetýär. Sarahs oazisiniň içinden geçýän ýeke-täk derýa Tejen derýasydyr. Ol bütin oazisiň otrumly obalaryny suw bilen üpjün edipdir.

B. e. öňki I asyryň ortalarynda bu ýerde Köne Sarahs şäherçesi bilen birlikde Bäşdepe, Möwlekdepe, Akjadepe obalary bolupdyr. Bu döwürde Sarahs şäherçesiniň daşy laýdan galdyrylan diwaryň 1,8 m. beýikligi häzirki günlere çenli saklanyp galypdyr. Bäşdepe we Möwlekdepe otrumly obalar Tejen derýasyndan 20-25 km uzaklykda ýerleşipdirler. Möwlekdepde uzynlygy 5 km, ini 5-6 m bolan gadymy kanalyň yzlary saklanyp galypdyr.

Demir asyry zamanynda Sarahs oazisi,esasan,ekerançylyk maksatlary üçin özleşdirilipdir. Bu ýerde hem gadymy Horezmdäki we Margiýanadaky ýaly suwaryş desgalary gurlupdyr.

Taryhyň atasy Gerodot (b. E. öňki 486-425 ỳ.ỳ.) Sarahs sebitlerinde Akes derýasynyň boýunda suwaryş desgalarynyň gurluşy hakynda habar berýär. Eger-de etrapda Tejen-Geruritden başga derýanyň ýokdugyny nazara alsak, onda gürrüň Tejen derýasy hakynda barýandygyna göz ýetirmek kyn däl.

Ýelkendepe şäher görnüşli bolup, onuň iki gat halkalaýyn diwary bolupdyr. Demir asyrynda esasan gurluşykda pahsa, iri hem-de galyň çig kerpiç ulanylypdyr. Şeýle jaýlary gurmak arzan dűşűpdir we olar tomusda salkyn, gyşda ýyly bolupdyr. Jaýyň diwarlary saman garylan palçyk bilen, kähalatlarda bolsa gej (alebastr) bilen suwalypdyr.

Umuman, günorta Türkmenistanda irki demir asyryñ  medeniýetini  öwrenmegiñ taryhy  şeýle  görnüşdedir.  Bu anyk  arheologik  toplumyñ  aýratynlygy  biziñ  esasy   maglumatlarymyzyñ   keramika  sungatyna we az-kem obalaryñ görnüşleriniñ  häsiýetnamasyna   esaslanmagyndan   ybaratdyr. Ol ýerde  obalaryñ ýüze çykyşyny   esasy üç görnüşe bölüp bolar: 1)  galaly  obalar; 2) eýelän meýdany 1 gektardan  köp  bolmadyk iri obalar;  3) eýelän  meýdany  1 gektardan  az  bolan  kiçi  obalar.Dag etek  çägindäki   I  görnüşli  ýadygärliklere  Duşagyñ  ýanyndaky  Ulugdepe,  Gowşudyñ  ýanyndaky  Ýelkendepe,  Artygyñ  ýanyndaky  Ýasydepe  we  Gäwersiñ  ýanyndaky  Ýaşyldepe   degişlidir. Ulugdepe  dag  etegindäki  has  iri  iki  obanyñ  biridir.  Ol  ýerde  irki  demir  asyryñ  gatlaklary  bardyr.  Iñ  ýokary  depesinde  gazuw-agtaryş  işleri  geçirilmese-de, onuñ ýapgytlarynyñ  bölekleýin  ýylmanmagynda  10  metr  çemesi  kerpiç  örme  tekizligi ýüze  çykaryldy.   Ulugdepäniñ medeni gatlaklarynyñ umumy  galyñlygy  birnäçe  yzygiderli  gatlaklara  bölünendir.  Olardan  Ulug gatlak (has  giçki)  ahemeniden  irki  (Ýaz  II)  we  ahemenid  (Ýaz  III)  döwürlerine  degişlidir. Ulug  II  irki  demir  asyryna  (Ýaz  I  görnüşli)   we  Ulug  III  giçki  bürünç  eýýamyna  degişlidir .IV–II  gatlaklar  tutuşlygyna Ulug  II  gatlaga  degişlidir. Ol ýerde ýüze  çykarylan  jaýlar  üýtgeşik  uly  göwrümli  60 x 25 x 10 sm. we  55 x 25 x 10 sm bolup,kerpiçden  ýasalan  köp  otagly jaýyñ bölegine degişlidir Nagyşlar – gülgün reñk  düşeginiñ ýüzünde  gyzyl,  ýaşylymtyl  reñkler  bilen  ýerine  ýetirlipdir. Esasan – da,  dürli  sazlaşykly, top ýaly edilip bellenen  dörtburçluklar, üçburçlyklar,  piramidalar görnüşindäki  geometrik  suratly  gap-çanaklaryna   has  üýtgeşik  nagyşlar   häsiýetlidir.  Suratly gap-çanaklaryñ  has  ýaýbañlanan görnüşi:  düýbi  ýasy  daşyna çala eplenen  okaralardyr. Aşhana gap-çanaklarynyñ   arasynda ýönekeý  tutawaçly  ýa-da  kese  ýelmenen   çyzykly  gazanlara, tutawaçly çanaklara  duş  gelindi.  Keramiki  däl  tapyndylaryñ  arasynda daş  däne  gyrgyçlar,  sokular,  soky  daşjagazlary, serdesseler  bar.

Ýelkendepäniñ   dag  etek  zolagynyñ  I  görnüşiniñ  iri   obasy   A.A.Maruşenko tarapyndan  hemmetaraplaýyn  öwrenildi. Onuñ  maglumatlaryna  görä,  bu  ýerde  ilkinji oba giçki  bürünç  eýýamynda döräpdir.  Soñra  irki  demir döwründe  şäherçäniñ  merkezinde   diametri  130 m.  çenli 6 metr  beýiklikli berk  kerpiç tekizligiň üstünde  gala  şekilli  köpburçlyk  gurlupdyr. Depäniñ  daşyny  gurşap  alan  galanyñ  diwarlary  500 x 290 m. ölçegli,  daşky öñ  tarapy  çukurlar  bilen  örtülendir.  Galanyñ  içki  diwarlary Ýelken  II  döwründe   salnan düýpli  çak  edilýän  hem  bolsa,  ýadygärligiñ  gutarnykly      bezegi  indiki  Ýelken III    şäherçäniñ  has  gülläp  ösen  döwrüne  degişli  diýlip  pikir  edilýär.

Gadymy Garaöý depe  obasynyň ýadygärlikleri  gündogardan  günbatara  tarap 300 metr  we  demirgazykdan  gündogara  tarap  200  metr  uzalyp,  onuñ  demirgazyk böleginde obadan 3 metr ýokary bolan opurlan depäniñ  galyndylary  tapyldy.  Gazuw – agtaryş işleri alebastr bilen suwalan  giñ diwar (1 m galyñ), çig kerpiçden  salnan  polly birnäçe jaýlary ýüze çykardy.  Bar  bolan  maglumatlardan çen  tutsak,  bu  obalaryñ  ählisi  irki  demir eýýamynda  döräp,  Ýaz  I,  II,  III  görnüşli  materiallary  özünde  jemleýär.  Ol  döwürde   ekerançylyk – maldarçylyk  hojalygy  ýöretmek  üçin  gerek  bolan   ähli täze   ýerler  özleşdirilipdir  we  adamlaryñ  köp  bölegi  ol  täze  ýerleriñ  oturymly  halkyna  öwrülipdir diýip pikir  etmegimize    degerli  esaslaryñ  barlygy   mese – mälimdir. Biri – birine  golaý  ýerleşen  Ulugdepe  we  Garaöý  depe  munuñ  aýdyñ  mysalydyr.  Olar  köne  ýerlerde (Ulugdepe) ,  täze  ýerleriñ  (Garaöý  depe) açylmagy  hakynda maglumatlary açyk  görkezýärler.Bu  obalar  bilen  bir  hatarda  tutýan  meýdany 1  gektar  köp  bolan  ikinji görnüsli obalar  hem  bolupdyr. Muña  mysal edip  Ýasy- depäni  görkezmek  bolar ( meýdany 250 x 250, umumy beýikligi 6 metr ).Tutýan  meýdany  2 gektardan köp,  beýikligi 5 metr  çemesi  Ýaz I  eýýamynda  emele gelen  we  Ýaz II,  III döwürlerde  bölekleýin  ýaşalan  Daşlyjadepe  hem  örän  gyzyklydyr. Daşly-17 we Daşly 30 (Kaka etrabynda) obaçylyklarynda giň içki howlularyň hemişelik ýa-da wagtlaýyn mal saklamak üçin ulanylandygyny anyklandy. Olaryň içinde mal dersleriniň we samanlaryň köp sanly gatlarynyň yzy tapyldy.    Biziň eýýamymyzdan öňki I müňýyllygyň başlarynda Gűnorta Tűrkmenistanyň ýerlerini, şol sanda Köpetdag eteklerini özleşdirmeklik gűýçli dowam etdirilipdir. Köpetdag eteklerindäki obalaryň esasy hojalygy suwarymly ekerançylyk bolup, bu ýerde bugdaý, arpa ekilipdir. Dag eteklerinde uly derýanyň bolmandygy sebäpli, ekerançylyk esasan Köpetdagdan akyp gelýän kiçeňräk derýajyklaryň we çeşmeleriň hasabyna alnyp barlypdyr. Suwuň gelýän ugrunda gaçy galdyrylyp, gatlalar gurlupdyr. Bulardan başga-da, Köpetdag eteklerinde suwaryşyň käriz usuly hem ýüze çykypdyr. Käriz özboluşly ýerasty suw geçiriji bolup, ol esasan daglyk ýerler üçin häsiýetlidir. Şeýle kärizleriň biri häzirki Duşak demir ýol menziliniň golaýyndaky Ulugdepäniň ýanynda gurlupdyr. Onuň 20 sany guýusy bolupdyr.

Garagumyñ  günorta – gündogarynda  Ýazdepe  irki  demir  eýýamynda  ähli  Margiana  ulgamynda  merkezi  paýtagt  bolandygy  şübhesizdir. Onuñ  meýdany  16 gektar,  beýikligi  4  metr  çenli ýetipdir.  Depäniñ  merkezinde  gala  görünýär. Gala  12  metr  beýiklikde,  onuñ  8  metr  tutuşlygyna  çig  kerpiçden  bitirlen,  tutuş  emeli  tekizlikden salnyp,  Murgap  suw  akymynyñ  çökündi  palçyklaryndan   ybarat Taryhbaý  oazisinde  eýýäm  mälim  bolan,  Ýaz  I  döwrüniñ  gatlaklary  diýlip  esasyly  çak  edilýän  Taryhbaý  depeden  başga  şol  depeden  gündogarda  200 m.  çemesi  aralykda  ýerleşen,  irki  demir  döwrüniñ  materiallary  bilen  Taryhbaý  I  obasy  tapyldy. Görşümiz  ýaly,  Margiana  döwrüniñ  irki  bürünç  döwrüni  çuññur  öwrenmek  heniz  başlangyç  tapgyrdadyr.  Emma  şeýle-de  bolsa,  eýýäm  häzir  Günorta  Türkmenistanyñ  dag etek  zolagyna  meñzeşlikde,  bu  ýerde  hem  obanyñ  üç  görnüşi ýerleşip,  galasyz  ýadygärlikleriñ  şübhesiz  agdyklyk  edýändigini  görkezýär.  Edil  şonuñ  ýaly-da,  bu  depede  täze  ýerlerde  mesgen  tutan  obalar,  şeýle   hem  irki  demir  asyrynda  bölekleýin  ýaşan  giçki  bürünç  asyrynyñ  ýadygärlikleri  goñşy  bolup  ýaşapdyrlar.  Bularyñ  ählisi  beýleki  maglumatlar  bilen  bilelikde  irki  demir  döwrüniñ  ýadygärliklrini,  olaryñ  ýerleşen  ýerlerine  garamazdan,  bitewi  arheologik  Ýaz  I  görnüşli  toplumyna  degişli  etmäge  mümkinçilik  döredýär.  Bu  bolsa  keramiki  gap-çanaklary  seljerlende  has  aýdyñ  ýüze  çykýar.

Girkaniýanyň medeni umumylygy Günorta Türkmenistanyň beýleki welaýatlary bilen deňeşdireniňde jemgyýetçilik durmuş-ykdusady ösüşiň, takmynan, deň derejesini görkezýär. Misserian düzlüginde geçirilen arheologik barlaglar şu giň oazisiň gülläp ösmegini üpjün eden uly ýap- salmalaryň galyndylaryny ýüze çykardy. Bu ýerde bar bolan obaçylyklaryň alamaty, umuman Margianadaky we Köpetdag etegi zolagynyňky ýalydyr. Bu ýerde obaçylyklaryň esasy görnüşi, megerem, jaýlary ýygjam gurlan obaçylyklary bolandyr. Misserian düzlüginiň, Çat giňişliginiň, Sumbar jülgesiniň we Köpetdag etegi zolagynyň günbatar böleginiň aýry-aýry ýerleşýän obaçylyklarynyň köpüsini hem şeýle obaçylyklar hökmünde kesgitlemek bolar. Şonuň bilen birlikde Misserian düzlüginde 100-120 ga çenli ýeri tutýan, meýdany we beýikligi boýunça dürli-dürli belentlikleri öz içine alýan iri obaçylyklar bar. Olaryň käbirinde, mysal üçin, Yzzatgulydepede, ululy-kiçili giňişlikleri tutýan obaçylyklardan başga-da, hünärmenleriň- küýzegärleriň uly toparlarynyň bolandygy ýüze çykaryldy. Beýikligi boýunça has uly depelerde gorag galalary bolupdyr diýmek üçin esas bar. Çyklykdepe uly bolmadyk galaly dagynyk obaçylygynyň nusgasy bolup hyzmat edip biler.

Günorta- Günbatar Türkmenistanyň medeniýetiniň Günorta Türkmenistanyň beýleki ekerançylyk welaýatlarynyň medeniýeti bilen neňzeş häsiýetleri köpdür. Munuň şeýledigi ýokarda agzalyp geçilen obaçylyklaryň alamatlarynyň meňzeşliginde, bürünçden ýasalan zähmet gurallary bilen birlikde, demir zähmet gurallarynyň hem ulanylandygynda, gurluşyk işlerinde göniburç çig kerpiçleriň peýdalanylandygynda ýüze çykýar. Ýöne şol bir wagtyň özünde durmuş medeniýetindäki tapawutlar hem mese-mälim göze ilýär. Munuň özi arheologik tapyndylarda, ozaly bilen küýzegärlik gap-gaçlarda görünýär.Irki demir asyry  Günorta-Günbatar Türkmenistanda – Madawdepe, Yzzatguly, Çyglykdepe ýaly gadymy medeni ojaklary bilen bellidir. Madawdepe, Yzzatguly, Çyglykdepe ýaly gadymy medeni ojaklaryň ekerançylyk obalarynda dürli ýyllarda geçirilen gazuw-agtaryş işleri netijesinde gadymy Dehistan ýerleriniň maddy we ruhy medeniýetini häsiýetlendirýän baý maglumatlar berdi. Ol ýerde metal önümleriniň aglabasy bürünçden ýasalan zatlar bolupdyr. Emma gadymy otrumly ýerler alymlar tarapyndan öwrenilende  demir bölekleri tapyldy. Şolaryň esasynda gadymy Dehistanda demir asyrynyň biziň eýýamymyzdan öňki II müňýyllygyň ahyrynda ýüze çykandygy anyklandy. Demir asyrynda gadymy Dehistan ilatyň köp ýaşan ýerleriniň biri bolupdyr we ekerançylyk üçin ýasalan gurallar ulanylypdyr. Bu ýerleriň uly ekerançylyk obalary bolup, ilat esasan suwarymly ekerançylyk bilen meşgul bolupdyr. Täze ýerleri özleşdirmek maksady bilen ilat Sumbar we Etrek derỳalarynyň suwuny peýdalanypdyrlar.

Dehistanyň bu döwrüniň iň iri ýadygärligi Madawdepe bolup, ol asyrlaryň dowamynda kem-kemden giňelipdir.Onuň medeni gatlagy 225 gektar meýdany tutupdyr.Ýaşaýyş dürli wagtlarda dowam edipdir. Alymlaryň  hasaplamalaryna görä, Madawdepäniň umumy meýdanynyň 50 gektarynda ýaşaýyş bolupdyr. Galan meýdanyny köçejikler, şäher-oba, hojalyk binalary, keramika we demir işlenilýän ussahanalar we ş. m. tutupdyr. Madawdepäniň medeniýeti b. e. öňki XIII asyrdan VII-VI asyrlara çenli dowam edipdir.Ilatynyň sany 7700 töweregi bolandyr diýlip çaklanylýar.Hasaplamalara görä,ýaşalan ýeriň her gektaryna 154 adam düşüpdir.Ilatyň has selçeň ýaşan ýerlerinde adamlaryň gürlügi her gektara 80-90 adam düşüpdir.

Dehistanyň gadymy medeniýetiniň esasy aýratynlygy, küýze önümleriniň görnüşleri we olardaky reňklerdir. Küýzeleriň arasynda üç  tagan aýakly ýalpak, köplenç halatlarda bolsa üsti açyk jüründikli gaplar duş gelýär. Gap-gaçlar esasan garamtyl, çal, gyzyl we ýer reňkinde bolup, olaryň hemmesi-de çarhyň kömegi bilen ýasalypdyr. Alymlar Dehistanyň Misserian düzlüginden peỳkamlaryñ bürünç uçlarynyñ,   kiçiräk gylyç, aỳal şaỳ-sepleri, küỳze gap-gaçlary bişirmek üçin küreler gurlupdyr. Barlaglar häzirki Magtymguly etrabynyň golaỳynda ỳerleşỳän gonamçylykdan b. e. öňki XII-XI asyrlara degişli ikler, ikbaşlar, temenler, bürünçden ỳasalan haly dokamak üçin keserler ỳüze çykaryldy. Bu zähmet gurallary Dehistanda hünärmentçiligiň dokmaçylyk pudagynyň bolandygyna şaýatlyk edýär.Biziň eýýamymyzdan öňki I müňýyllygyň ortalarynda Dehistanyň gadymy medeniýetini döreden ilat bu ýerlerde ýaşamagyny bes edipdir. Adamlaryň bu ýerlerden göçüp gitmeklerine parslaryň Ahemeni döwletiniň harby ýörişleri sebäp bolupdyr.

Irki demir asyrynda Türkmenistanyň ýerlerinde gadymdan belli bolan demirden edilen zähmet gurallarynyň köp ulanylyp başlanmagy bilen ekerançylyk medeniýeti, ösűpdir. Bu döwűrde biziň ýurdumyzda şäher gurluşygy hem ösűpdir we şäher siwilizasiýasy kemala gelip başlaýar. Şeýlelikde ekerançylyk medeniýetiniň we şäher siwilizasiýasynyň ösmegi biziň ýurdumyzyň  «siwilizasiýalaryň çatrygy» adyna eýe bolmagyna getiripdir.

Amyderýanyň orta akymynyň jülgesinde irki demir asyrlary döwrüniň başlaryna degişli diňe iki sany ýadygärlik bellidir. Atamyratdan (öňki  Kerki) günortarakda ýerleşýän Çöplüdepeden toýundan eýlenip, küýzegärçilik aýlawynda bejerilen dürli önümleriň tapyndylary alyndy. Ikinji ýadygärlik – Ödeýdepe Türkmenabatdan aşaklygyna derýanyň ugry boýunça 30 km-likde ýerleşýär.

Biziň eýýamymyzdan öňki II müňýyllygyň ahyrynda – I müňýyllykda Amyderỳanyñ orta akymlarynda ilat hemişelik oturymlylyga geçip, ekerançylyk bilen meşgullanyp başlapdyr. Amyderýanyň orta akymynyň günorta kenarynda b. e. öňki müňýylykdaky oturumly ýerler diňe Demirgazyk Owganystanyň ýerlerinde ýerleşendyr. Emma b. e. öňki III-II asyrlaryna degişli taryhy ýadygärlikleriň onlarçasy diňe XX asyryň 60-70-nji ýyllarynda geçirilen barlaglaryň netijesinde üsti açyldy. Şeýle ýadygärlikleriň biri-de Mürzebekgaladyr. Bu şäherçäniň keramiki önümleri öndürýän hünärmenleri gyzgylt hem gara reňkdäki aşagy egriräk küýzeleri, ýasy hem ýalpak gaplary, humlary ýasapdyrlar. Bu keramiki önümler görnüşleri boýunça gadymy Merwiň önümleri bilen meňzeşlikleri bolupdyr. Amyderýanyň orta akymlaryna degişli ýadygärliklerinden  Garabekewil etrabyndaky Akgalany, Hojambasdaky Şordepe, Çopandepe ýaly oturumly ýerler degişlidir.

Türkmenistanyň demirgazyk ýerleri taryhy edebiýatda Horezm diýlip atlandyrylýar. Horezm gadym wagtlardan bäri bol suwly, ösen  ekerançylyk ýurdy bolupdyr. Gadymy Oks (Amyderýa) derýasynyň Sarygamyş kölüne we Uzboýyň ugry bilen Hazar (Kaspi) deňzine tarap  akypdyr. Bu derýanyň ugrunda bolsa b. e. öňki I müňýyllygyň başlarynda köp sanly ekerançylyk obalary we çarwaçylyk mekanlary ýerleşipdir. Bu ýerde ýaşan ilatyñ hojalygynda ekerançylyk bilen bir hatarda, maldarçylyk hem örän uly orun eýeläpdir. Olar ownuk mallar bilen birlikde ulag üçin iri şahly mallary köpeldipdirler. Ýük çekmek üçin düýe mallary ulanypdyrlar. Sag we çep kenar Horezmiň taryhy gadym zamanlardan bäri amyderýa bilen baglanyşykly bolupdyr. Amyderýanyň joşup-daşyp, özakymlaýyn ugur bilen akýan suwy Akjaderýanyň, Aral we Sarygamyş kölleriniň ýakalaryna ýaşaýşy getiripdir. B.e. öňki III müňýyllygyň ortalaryndan I müňýyllygyň başlaryna çenli bütin çepkenar Horezmde häzirlikçe ol döwrüň ýadygärlikleriniň üsti açylanok. Bu ýerde bürünç asyrlary döwrüniň Täzeýap medeniýetiniň ýadygärlikleri hem ýok. Ol ýerde b.e. öňki IX asyr töweregi ekerançylykda täzeden peýdalanylyp başlanypdyr.

Demir asyrlary döwrüne degişli has irki medeniýet bolan Emirabat medeniýeti sag kenarda köp duş gelýär. Ol b.e. öňki IX-VIII asyrlara degişlidir. Çep kenarda Emirabat häzirlikçe diňe bir ýerde – Gaňňa-2 ýadygärliginiň aşaky gatlagynda ýüze çykaryldy, ol hem b.e. öňki IX-VIII asyrlara degişli. Emirabat medeniýeti öz ornuny Guýsaý medeniýeti bilen çalyşýar. Ol diňe b.e. öňki VII-VI asyrlarda Amyderýanyň Sarygamyş gollarynyň ýakalarynda mälimdir. Onuň ady Guýsaýyň (Guýysaýgyr ýa-da Sakarçäge) gyrynyň adyndan gelip çykypdyr. Guýysaýgyryň etegindäki pes düzlükde uly obaçylygy ýüze çykaryldy. Bu medeniýet ilkinji gezek Horezm arheologiýa etnografik ekspedisiýasynyň alymlary tarapyndan öwrenildi. Bu medeniýet üýtgeşik, özboluşly medeniýet bolup, ol diňe demirgazyk Türkmenistan üçin mahsusdyr.Biziň eýýamymyzdan öňki VIII asyryň ahyrlarynda Horezmde Guýsaý medeniýeti ýüze çykýar. Ol medeniýetiň ýaýran ýerleri Amyderýanyň gollary – Daşoguz welaýatynyň çäkleri hasaplanýar. Guýsaý medeniýetine degişli gadymy obalarda geçirilen gazuw – agtaryş  wagtynda galla saklanýan humlar, uly küýzeler hem-de daş owguçlary tapylypdyr. Guýsaýlylar maldarçylyk bilen hem meşgul bolupdyrlar. Gazuw-agtaryş işleri wagtynda tapylan süňkleriň arasynda gara mallaryň we gylýallaryň süňkleri agdyklyk edýär. Maldarçylyk bilen birlikde ilat metal işläp bejermek, küýzegärçilik, süňkleri we daşlary ýylmamak, şol sanda gymmat bahaly daşlary işläp bejermek işlerini ýerine ýetiripdirler. Guýysaýlylar oturymly ýaşapdyrlar, olaryň pagsadan gurulan jaýlary bolupdyr, jaýlaryň diwarlarynda bolsa örülen ýa-da örülmedik gamyşdyr hyşa-da ulanylypdyr. Jaýyň ortasynda pjak bolupdyr. olaryň ýerzeminleri hem bolupdyr. Guýysaýlylaryň esasy käri maldarçylyk bolupdyr. olar gara mal, dowar, iki örküçli düýe, gylýal, doňuz, eşek, it saklapdyrlar. Olaryň ekerançylyk bilenem meşgul bolandyklary mesgenleriniň oturymlylygy bilen, ol ýerde owguçlaryň hem-de däne we beýleki önümleri saklar ýaly humlaryň tapylandygy bilen subut edilýär. Dahystandan, Eýrandan getirilen gap-gaçlar hem-de Köpetdag etegindäki mesgenleriň Ýaz II medeniýetiniň gap-gaçlary, lazurit we Pöwrüze daşlaryndan ýasalan önümleriň tapyndylary daşarky gatnaşyklaryň giň ýola goýlandygyny görkezýär. Türkmenistanyň çäklerinde irki demir asyrlary häzire çenli mälim bolan üç sany medeniýetiň arasynda bolan aragatnaşyklar şeýle kesgitlenildi. Olaryň bürünç hem demir önümlerini öndürmek işi bilen tanyşdygy hem subut edildi.

Görnüşi ỳaly, Türkmenistanda b. e. öňki II müñyyllygyñ ahyryndan – I müñỳyllygyñ ortalaryna çenli döwürde, demiriň ýüze çykmagy bilen Türkmenistanda öndüriji güýçler ep-esli ösüp, ykdysadyýeti ýokary göterilipdir. Esasan hem ekerançylykda uly özgerişler bolup geçipdir. Otrumly ýerleriň köpüsinde kanallar, suw howdanlary, ulyly-kiçili ýaplar çekilipdir. Ekerançylyk meýdanlary giňeldilip, bol hasyl alnypdyr. Şeýlelikde,ekerançylyk üçin özleşdirilen ýerler hemme sebitlerde üzül-kesil köpelýär.

Uly suwaryş desgalarynyň döredilmegi we olaryñ abat saklanmagy ep-esli ýerleriň bir häkimỳet astynda birleşmegini hem-de çylşyrymly jemgyỳetçilik işleriniñ guralmagyny talap edipdir. Şol döwürde Merkezi Aziỳanyñ dürli-dürli böleklerinde: Parfiỳada, Margiỳanada, Baktriỳada ilkinji döwletler ýüze çykyp başlaýar. Horezmde hem taỳpa birleşmeşmeleriniň döwri tamamlanyp döwlet dolandyryş ulgamy kemala gelýär.

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

  • Meňzeş makala ýok

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!