Türkmenistan    8 Teswir    4726 gezek okaldy

Türkmenistanyň Gyzyl Kitaby

Ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köpdürliligini gorap saklamaklyk zerurlygy aýdyňdyr. Şonuň üçin ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýekeje görnüşiniň hem ýitip gitmegine ýol berilmeli däldir. Şu maksatlar üçin köp ýurtlarda Gyzyl kitap döredildi. Türkmenistanda ilkinji gyzyl kitap türkmen we rus dillerinde 1985-nji ýylda 15000 nusgalyk bolup çapdan çykdy. Soňra 1997-nji ýylyň  mart aýynyň 25-ine Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy “Türkmenistanyň Gyzyl kitaby hakynda düzgünnamany” tassyklady we 1999-njy ýylda Gyzyl kitabyň ikinji neşiri çap edildi. Gyzyl kitabyň 2-nji neşirine ösümlikleriň 109 we haýwanlaryň 152 görnüşi girizildi.

Gyzyl kitap – tebigat barada özümizi çuňňur oýlandyrýan we howsalalandyrýan duýduryşdyr. Ol döwlet we jemgyýetçilik guramalaryna, şonuň ýaly hem köp sanly tebigaty söýüjilere ýitip ýok bolup gitmek howpy abanýan haýwan we ösümlik görnüşleri barada habar berýär. Gyzyl kitabyň uly ylmy-tejribelik ähmiýetinden başga-da, terbiýeçilik ähmiýeti bar. Bu kitap arkaly adamlar seýrek we ýitip ýok bolup barýan haýwan hem-de ösümlik görnüşlerine aýawly garamaklygyň gerekdigine düşünýärler.

Çeşmeler:

  1. “Zaman Türkmenistan” gazeti
  2. “Türkmenistanyň Gyzyl Kitaby”

 

 

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

8 Teswir

  • [...] ösümliklerden hywa şorasy we Krasnowodsk çägemigi (ýumşak tohumlyja) ösýär. Bular Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümliklerdir. Bu ösümlikler goraghanada ylmy taýdan öwrenilýär we olary tebigy [...]

  • [...] kleomesi, Nikitiniň esparesti, beýik çigildem, Wiktoryň gaýrajy ýaly ösümlikler Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň ikinji neşirine [...]

  • [...] hasaba alyndy. Repetegiň mör-möjekleriniň 7 görnüşi 1999-njy ýylda çapdan çykan Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Olara buýnuzganat empuziýa, hinçi murtlak çekirtge, Pawlowskiniň murtlak [...]

  • [...] lentaly lesbiýa kebelegi, ýelkenganat aleksanor kebelegi, kallimah, akgurt möýi we başgalar) Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Sähra süýri çekirtgesi bolsa Tebigaty goramagyň halkara soýuzynyň (TGHS) Gyzyl [...]

  • [...] 9-sy endemik bolup, Türkmenistanda seýrek duş gelýär. Bu ýerde ösýän zakaspi şorasy Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir (1999 ý). Bulardan başga-da deňiz aýlaglarynda suw otlarynyň 41 görnüşi, [...]

  • [...] olaryň arasynda 75 görnüş (aşaky görnüş) endemikdir. Ösümlikleriň 13 görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl Kitabyna (1999) girizildi. Olar Türkmenistanyň “Gyzyl kitabynyň” ösümlik görnüşleriniň umumy [...]

  • [...] territoriýasynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlikleriň görnüşleri bellenilen däldir. Seýrek girizilen ösümlikleriň [...]

  • [...] Köpetdagyň biologik durlüligi geň galdyrýar, bu ýerde Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlikleriň we haýwanlaryň ýarysyna golaýy duş gelip, olaryň köp bölegi bolsa [...]

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz