Himiýa    Teswir ýok    1413 gezek okaldy

Wagneriň reaksiýasy

Gowşak aşgarly gurşawda kaliý permanganaty KMnO4 bilen doýgun däl uglewodorodlary (olefinleri) oksidlendirmek usuly. Bu usuly rus himigi Ýe.Ýe.Wagner açýar (1888). Wagner reaksiýany ilkinji gezek KMnO4-iň kömegi bilen izobutileni oksidlendirmek arkaly geçirýär. Ol permanganat bilen oksidlendirmek reaksiýasynyň organiki birleşmelerdäki ikileýin baglanyşyklary anyklamakda ähtibarly usuldygyny görkezýär. Wagneriň reaksiýasynyň ilkinji önümi glikollardyr. Wagneriň reaksiýasy etilen baglanyşykly (başaşa goşa baglanyşyklylara degişli däl) doýgun däl organiki birleşmeleriň gurluşyny barlamak üçin ulanylýar. Wagneriň reaksiýasy arkaly käbir terpenleriň (pineniň, limoneniň, terpineolyň we terpiniň) gurluşy takyklandy.

Çeşme: Türkmen Sowet Ensiklopediýasy, Tom 2, sah.6

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

  • Meňzeş makala ýok

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz