Türkmenistan    Teswir ýok    2685 gezek okaldy

Ýangyç-energetika toplumy

Türkmenistanyň ykdysadyýetinde nebit gaz toplumy aýratyn uly orun eýeleýär. Ýurtda nebitiň çak edilýän gorlary 12 mlrd ton, gazyňky bolsa 23 trln kub metre barabar hasaplanýar. Şol gorlaryň esli bölegi Hazaryň Türkmen ýalpaklygynyň paýyna düşýär. Häziri wagtda nebit gaz ýataklary ýurduň merkezi gündogar sebitlerinde hem tapylýar. 1991-2005-nji ýyllarda ýurtda nebitiň çykarylyşy 5 mln tondan 9,5 mln tona çenli artdyryldy. Nebiti gaýtadan işleýän senagatyň durky täzelenýär. Dünýä bazarynda gaýtadan islenen nebitiň çig nebitden köp esse gymmatdygyny ýatlasak munuň ýurt üçin nä derejede bähbitlidigi öž özünden düşnüklidir.

1997-nji ýýlda Türkmenbaşy (ozalky Krasnawodsk) şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodyň (TNGIZ) durkuny täzelemeklige girişildi. Toplumy döwrebaplaşdyrmak işi önümçiligi togtatmazdan alnyp baryldy. Gurluşyga “Tehnip” (Fransiýa), “Mannesman” (Germaniýa), “Žeý-ži-si”, “Çioda” (Ýaponiýa), “Merhaw” (Ysraýyl) ýaly belli kampaniýalar gatnaşdylar. Iş ýüzünde bu ýerde ägirt uly häzirki zaman nebit himiýa toplumy guruldy. Bu uly gurluşyga 1,5 mlrd amaerikan dollary möçberinde serişde goýuldy.

2000-nji ýylda TNGIZ-de katalitik-riforming desgasy, 2001-nji ýylda katalitik kreking, Yokary hilli  benzin, polipropilen, dizel ýangyjyny, çalgy ýaglaryny, suwuklandyrylan gaz öndürýän desgalar işe girizildi. Toplumda elektrostansiýa ýuwujy serişdeleri öndürýän desga, deňiz suwuny süýjediji desga, polipropilen ammary we başgada birentek desgalar guruldy. Kämil tehnologik ulgamlary bolan bu kärhanalar toplumynda her günde 1,5 mln amerikan dollaryna barabar möçberde dünýa ölçeglerine laýyk gelýan önümleriň 20-ä golaý görnüşi öndürilýär. Ýakyn ýyllarda toplumyň ikinji nobatyny hem gurmak we onuň kuwwatyny ýylda 9 mln ton nebiti gaýtadan işlemäge ýetirmek bellenilýar.

2006-njy ýylda Seýdi (ozalky Neftizawodsk) şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän Zawodyň (SNGIZ) durky täzelenip başlandy. Bu ýerdede işler önümçiligi togtatmazdan alnyp barylýar. Bu gurluşyga 1 mlrd amerikan dollary möçberinde serişde goýulýar. SNGIZ ozal Günbatar Sibiriň nebitini gaýtadan işlemek üçin niýetlenilipdi. Indi bolsa ol nebiti Amyderýanyň sag kenaryndaky Gökdumalakdan alýar. Zawodda benzin, dizel ýangyjy, mazut çykarylýar. SNGIZ-de gaz kondensatyny gaýtadan işleýän tehnologik ulgam, suwuklandyrylan gaz öndürýän desga ulanylmaga berildi. Polietilen öndürýan desga gurulýar. 2020-nji ýyla çenli gara altynyň täze tapylan ýerlerinde-Gökdepe we ýölöten sebitlerindede nebiti gaýtadan işleýan zawodlary gurmak göz öňünde tutulýar.

Nebiti gaýtadan işleýän senagatyň ýerli gorlaryň esasynda ösdürilmegi edilýan harajatlary azaltmaga we önümiň nyrhyny peseltmäge mümkinçilik berýar, bu bolsa ýurduň içersindäki alyjylar üçin eksport üçinem amatlydyr. Bu pudak maýa goýumlaryny we maddy serişdeleri köp talap etsede zähmeti köp talap etmeýär. Onda işleýänleriň sany durnukly ýagdaýyny ýitirenok. Göräýmäge ykdysady özgertmeler oňa galtaşmadyk ýaly bolsada hakykatda ol eýýam haryt pul gatnasýklarynyň düzgüninde işleýar, çünki şeýle düzgünde işleýan daşary ýurt kompaniýalary bazar ykdysadyýeti şertlerinde hereket edýärler. Şoňa görä pudagyň olar bilen hzymatdaşlygy bazar gatnaşyklary esasynda amala aşyryldy.

Turkmenistanda tebigy gazy gaýtdan işleýän senagat döedilýär. Garaşszylygyň ilkinji ýyllarynda gazy dünýa bazaryna çykarmak kynçylyklary zerarly onuň öndürilişi pese gaçypdy. Şol sebäpli bu gymmatly çig malyň hem bir bölegini ýerinde gaýtadan işlemäge ugur alyndy. Suwuklandyrýan gaz öndürýän desgalar TNGIZ-iň we SNGIZ-iň düzümlerinde göz öňünde tutuldy. Naýypda suwuklandyrylan gaz öndürýan desgalaryň üçüsi, Bagajada ikisi guruldy. Häzir şeýle toplum Yaşyldepede hem gurulýar.

1998-nji ýylda “Körpeje-Gurtguýy” (Eýran) gaz geçirijisi işe girzildi. Onuň kuwwaty onçakly ulydäl. (8-14 mlrd kub m) ýöne ol Türkmenistanyň öz mawy ýangyjy bilen daşky bazara ilkinji özbaşdak çykyşydyr. Onuň ähmiýeti hem şondan ybarat. 2000-nji ýylda türkmen gazy ýenede Ukraina, Russiýa satylyp başlandy. 2003-nji ýylda Türkmenistan bilen “Rosgazpromyň” arasynda gaz satmak, satyn almak barada ylalaşyk baglaşyldy. Ylalaşyga görä Türkmenistan çärýek asyryň dowamynda Russia tarap 2 trl kub m mawy ýangyç akdyrmakçydy. Onuň üçin Türkmenistan-Ýewropa gaz geçirijiler ulgamynyň durkuny täzelemeklige girişilýär. 2006-njy ýylda “Rosgazprom” 30 mlrd kub metr türkmen gazyny satyn aldy. Soňraky ýyllarda gazyň möçberini ýetmiş segsen mlrd kub metre çenli artdyrmak göz öňünde tutulýar. “Türkmenistan-Owganystan-Päkistan” gaz geçirijisini çekmek barada hem işler alnyp barylýar,

2006-njy ýylyň ýazynda Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň taslamasy baradaky Baş Ylalaşyga gol çekildi. Onda taslamany durmuşa geçirmegiň ähli meseleleri, çözgütleri jikme-jik görkezilipdir. Türkmen tarapy tebigy gazyň bellenen möçberini öz döwlet serhedinden üpjün etmäge, Hytaý tarapy bolsa ony satyn almaga borçlanýar. Gaz geçirijiniň gurluşygy 2009-njy ýylda tamamlanyp türkmen gazy Hytaýa tarap akyp başlady. 30 ýylyň dowamynda Beýik dostlukly döwlet her ýyl 30 mlrd kub metr türkmen gazyny alar.

Türkmenistan Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygyny asyryň gurluşygy diýip atlandyrmak bolar. Türkmenistan üçin onuň diňe bir ykdysady däl. Eýsem ägirt uly syýasy sosial ähmiýetide bardyr. Gurluşygyň amala aşyrylmagy türkmen gazynyň giň möçberde dünýa bazaryna erkin çykarylmagy ýurduň ykdysady howpsuzlygyny pugtalandyrýar, ilatyň hal ýagdaýyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Türkmenistanda elektroenergetika senagaty güyçli depginler bilen ösdürilýar. Ol ýurduň ýangyç energetika toplumynyň aýrylmaz bölegi, durmuş ykdysady pudakda tehniki ösüşiň düýp özeni bolup durýar. 1967-1987-nji ýyllarda Orta Aziýada iň uly elektrik stansiýasy bolan Mary DES-i gurlup, Türkmenistanda elektrik energiýasynyň öndürilişi üzül kesil artypdy. Emma geçiş döwrüniň kynçylyklary birbada elektrik togunyň öndürilisine hem täsir etdi. 1991-1999-njy ýyllarda ýurtda elektrik energiýasynyň öndürilişi 14,9 mlrd kwt sagatdan 8,9 mlrd kwt sagada çenli azaldy. Ýöne öndürilýan elektrik energiýasy ýurduň öz hajatlaryna ýetýardi. Şol sebäpli diňe elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmak bilen çäklenmän pudagyň durkuny täzelemek, ony düýpli ozgertmek boýunça işlere giň gerim berildi.

Türkmenistanyň ýeke täk energo ulgamy döredildi. 1996-njy ýylda şol ulgamda ýetmeýän halka-Seýdi-Daşoguz elektrik geçirijisi işe girizildi. 1998-nji ýylda Abadan (ozalky Büzmeýin) DES-inde “Jeneral elektrik” amerikan kompaniýasynyň gaz trubinasy oturdyldy. 2003-nji ýylda gaz trubinasynyň ikinjisi ulanylmaga berildi. “Jeneral elektrigiň” gaz trubinalary Balkanabat (ozalky Nebitdag), Türkmenbaşy DES-larynda hem oturdyldy. Bu kompaniýanyň gatnaşmagynda 2006-njy ýýlda Aşgabat DES-i guruldy, häzir bolsa Daşoguz  DES-i gurulýar. Mary DES-iniň durkuny täzelemk işleri başlandy. Oňa Sankt-Peterburgyň “Silowyýe maşyny” paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleri gatnaşýarlar.

2009-njy ýylda Türkmenistanda 15,8 mlrd kwt sagat elektrik energiýasy öndürildi. 2020-nji ýyla çenli ýurtda elektrik energiýasynyň öndürilişini 25 mlrd. kwt sagada ýetirmek bellenilýär. Hasaplamalara görä, elektrik energiýasynyň şonça mukdaryny öndürmek üçin 30 mlrd. kub metr tebigy gazy harçlamaly bolýar. Munuň özi daşarky bazara çykýan uly gaz geçirijini guran ýaly bir zatdyr. 2000-nji ýylda Türkmenistanyň senagatynda 3,5 mlrd. Kwt sagat elektrik energiýasy harçlanyldy. 2020-nji ýylda bolsa ol 30 mlrd kwt sagada ýetip, senagat pudaklarynyň örän çalt depginler bilen ösýandigini alamatlandyrýar. Türkmenistanyň elektroenergetika senagatynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga uly üns berilýär. 1999-njy ýylda Balknabad-Gonbad (Eýran) elektrik geçirijisi guruldy. 2003-nji ýylda bolsa ol geçrijiniň Gonbad-Hoý-Başkale (Türkiýe) aralygy hem gurlup, ulanylmaga berildi. 2004-nji ýylda Serhetabat-Hyrat (Owganystan) elektrik geçirijisi işe girizildi. Elektrik geçirijiler boýunça bu döwletlere akdyrylýan türkmen elektrik energiýasynyň möçberi barha artýar. Geljekde elektrik energiýasyny Päkistana we käbir beýleki ýurtlara hem satmak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistan uly himiýa ýurdudyr. Ýurtda himiýa senagatyny ösdürmek üçin çig mal bazasy, ägirt uly gorlary bar. Häzirki wagtda pudakda esasy himiýa, soda, ýod-brom, durmuş himiýasy önümçiligi ösdürilýär. “Garabogazsulfat” toplumy pudagyň iri kärhanalarynyň biri. Bu ýerde natriý sulfaty, epsomit, bişofit, glauber duzy öndürilýar. Toplumyň önümlerine dünýä bazarynda uly isleg bildirilýär. 2004-nji ýylda daşary ýurtlara ol önümleriň 31,3 müň t satyldy. Häzirki wagtda hytaý, amerikan kompaniýalary toplumyň durkuny täzelemek we Garabogazyň mineral baýlyklaryny has giň peýdalanmak bilen içgin gyzyklanýarlar.

Türkmenabadyň himiýa, Hazaryň (ozalky çeleken) himiýa, tehniki uglerod, Marynyň azot, Aşgabadyň durmuş himiýasy zawodlary ýaly iri kärhanalarda hem täze kuwwatlyklar işe girizildi. Tejende karbomid zawody guruldy. Häzirki wagtda ýurtda mineral dökünleriň (azot, fosfat, karbomid we ş.m.) öndürilişi oba hojalygynyň hajatlaryny kanagatlandyrýar. 2020-nji ýyla çenli Magdanlyda (ozalky Gowurdak) we beýleki ýerlerde kaustik soda, hlor, kaliý hloridi, kaliý sulfaty ýaly önümleri öndürmek boýunça zawodlar gurmak, Magdanlynyň kükürt toplumynyň durkuny täzelemek, kükürt öndürilişini üzül-kesil artdyrmak, himiýa önümleriniň köp bölegini eksport etmek bellenilýär.

Himiýa senagatynyň ýod brom pudagy güýçli depginler bilen ösdürilýär. Balkanabat, Hazar sebitleri ýodly bromly suwlara baýdyr. Balkanabadyýod brom zawody döwrebaplaşdyrylýar. Boýadagda ýod zawody guruldy. Häzir Boýadagda we Çukurguýyda ýod zawodlarynyň ýene ikisi gurulýar. 1997-nji ýylda Türkmenistanda dünýa bazarynda örän geçginli haryt bolan ýoduň 88 t öndürilen bolsa, 2003-nji ýylda 360 t öndürildi. 2020-nji ýyla çenli ýurtda ýod öndürilişini 1700 t ýetirmek bellenilýär.

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

  • Meňzeş makala ýok

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz