Aşgabat    Teswir ýok    2666 gezek okaldy

“Ýyldyz” myhmanhanasy

Ýyldyz oteliTürkmen paýtagtynda nobatdaky kaşaň myhmanhana – “Ýyldyz” peýda boldy. Onuň daşky keşbi myhmanhananyň aýratynlygy bolup, belent bina öz görnüşi bilen asmana uçmakçy bolýan ägirt uly älem gämisini ýadyňa salýar.

Bäş ýyldyzly “Ýyldyz” häzirki zaman, özboluşly myhmanhana toplumy bolup, onuň ýokary derejesi we wekilçilikli myhmanlary kabul etmegiň giň mümkinçilikleri iri syýasy, diplomatik, ykdysady we işewür merkez hökmünde Aşgabadyň halkara derejesini äşgär etmelidir.

Diňe bir göwrümi bilen däl, eýsem, ilkinji nobatda, “kosmiki” bezegi bilen haýran galdyrýan myhmanhananyň belent diňiniň gurluşygynda damja görnüşindäki täsin belent binany döretmek üçin, 7 müň tonna golaý polat hem-de 14 müň inedördül metrden gowrak aýna ulanyldy.

24 gatly binanyň belentligi 107 metre golaýdyr. Şeýlede tutuş desganyň ýokary seýsmodurnuklylygyň ýokary derejesine eýedigini bellemelidiris. Myhmanhana özüne 155 otagy, şol sanda Prezident otagyny, lýuks derejeli hem-de beýleki otaglary birleşdirýär. Myhmanhananyň adynda we onuň daşky keşbinde öz beýanyny tapan “ýyldyz” mowzugy binanyň içki bezeginde hem ussatlyk bilen şöhlelendirilipdir. Ajaýyp bezeg usullary çyralarda we beýleki zatlarda hem öz beýanyny tapypdyr.

18-nji gatda restoran ýerleşip, bu ýerden türkmen paýtagtynyň we Köpetdagyň eteginiň gözel künjegi açylýar. Bu ýokary tehnologiýaly SPA– merkezi owkalaýyş, balneologiki we kosmetiki çärelerden başlap, aromateropiýany, audioterapiýany we beýleki çäreleri kabul etmäge çenli, hyzmatlaryň köp görnüşlerini hödürleýär. Bu görnüşleriň köpüsi howa ionizatorly SPA – kapsulalary bilen bilelikde ulanylyp bilner. Şeýle hem jakuzili suwa düşülýän howuz, Wişi duşlary, gar duşy, infragyzyl şöhleli sauna bar. Täsin gimalaý duzunyň “kerpiçjiklerinden” emele getirilen duz “gowagy” hem ünsüňi çekýär. Duzuň bugy bedene melhemlik täsirini ýetirýär.

Çeşme: www.tourism.gov.tm

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz