XX asyr türkmen edebiýaty    Teswir ýok    2298 gezek okaldy

Agahan Durdyýew

Agahan Durdyýew(1904—1947)

Agahan Durdyýew 1904-nji ýylda Tejen etrabynyň Ilkinji Babadaýhan obasynda dünýä inýär. Ol ýaşlykda ýetim galýar. Köne mekdepde iki ýyl okaýar. Agahan Durdyýew 1922-nji ýylda Marydaky mugallymçylyk mekdebine okuwa girýär. 1924-nji ýyldan Daşkentdäki Orta Aziýa bileleşik ýokary okuwynda okap başlaýar. Ol ýokary okuwynda okan döwründe edebi döredijilik işine höweslenýär.
Agahan Durdyýew 1927-nji ýylda ýokary okuwyny tamamlandan soň, Ýaş bileleşik gazetiniň, soňra üç ýyla ýakyn Tokmak žurnalynyň jogapkär kätibi bolup işleýär. Ol bu döwürde döredijilik işine ymykly girişýär. “Bal tutan barmagyny ýalar”, “Hyýal derýasynda”, “Annagözel hak-hukugynyň üstünde”, “Bürgüt penjesinde bir gözel”, “Bagtly gyz” ýaly hekaýalaryny döredýär.
A. Durdyýew 1931—1835-nji ýyllarda dürli gazetlerde jogapkär kätip wezipesinde işleýär. 1933-nji ýylda ýazyjynyň “Zarpçylar tolkuny” atly hekaýalar ýygyndysy neşir edilýär.
Ýazyjy Gyzyl Goşun harby gazetinde işlän döwründe “Ýapon esgeri”, “Lotta Şuls” atly eserlerini döredýär.
A. Durdyýew 1935—1946-njy ýyllar aralygynda Tokmak žurnalynda jogapkär kätip, 1931—1946-njy ýyllarda Sowet edebiýaty žurnalynyň kyssa bölüminiň müdiri wezipelerinde işleýär. Ol bu döwürde has öndümli işläp, “Meret”, “Ýer ussatlary”, “Bagtly ýigit”, “Bally molla” ýaly görnükli kyssa eserlerini, “Açar”, “Pul” ýaly gyzykly sahnalary ýazýar.
A. Durdyýew Beýik Watançylyk urşunyň ilkinji ýyllarynda “Serdar aganyň ogullary”, “Watançy çopanlar”, “Garrynyň hekaýasy”, “Fastenko”, “Watanyň gahrymany”, “Deputat” ýaly eserlerini döredýär.
Uruş ýyllarynda ýazyjynyň saglyk ýagdaýy erbetleşýär.
Ol 1942-nji ýylda Aşgabatdan Tejene gidýär. Ýarawsyz bolmagyna garamazdan, ýazyjy obada-da döredijilik işini dowam etdirýär. Bu döwürde ol “Han küýli” hekaýasyny döredýär.
A. Durdyýew 1947-nji ýylyň 12-nji maýynda aradan çykýar.
1951-nji ýylda A. Durdyýewiň iň gowy hekaýalary, kyssalary, sahna eserleri jemlenilip, “Saýlanan eserler” ady bilen neşir edilýär.

Döredijiligi:

Agahan Durdyýewiň şowly eserleriniň biri “Han küýli” hekaýasydyr. Bu hekaýasynda ýazyjy ýaltalygy ýazgarmagy niýet edinipdir.
Han küýli oba adamy. Işlejek bolsa, oňa obada iş köp. Emma onda ýaltalyk keseli bar. Bu barada eserde şeýle diýilýär:
Han küýli obada-da işlemeg-ä beýlede dursun, öz öýüniň işini-de etmeýärdi. Onuň dört aýaklydan ýeke eşegi bardy, ol gazygyna çolaşyp, güýlünip ýatsa-da, çolaşygyny aýyrmaýardy… Onuň bileni-biteni bazara gatnamakdy… Bazarda onuň-munuň ýanynda oturyp, lemmi-lemmi edip, gününi ýaşyrýardy. Haçan içi gorlandan soň, öýüne gaýdyp gelýärdi…
Han küýliniň öz pelsepejigi-de bar. Ol Allatagala bir zat atmak üçin bokurdagy deşendir diýip, öz işýakmazlygyny delile getirjek bolýar.
Ýazyjynyň ýokarky sözlerinden Han küýliniň söz ýokmaz ýaltalygy belli bolýar.
Ýazyjy hekaýasynda şeýle ýaltanyň oba adamlary tarapyndan terbiýelenilişini görkezmegi maksat edinýär.
Oba adamlarynyň ýazgarmagy Han küýlini çynlakaý pikirlenmäge mejbur edýär. Ol janyny emgemän, köw-söwläp ýörse, iliň gözünden düşjekdigine göz ýetirýär. Ine, şondan soň ol ýaltalyk küýüni taşlap, işlemek küýüne düşýär. Ol ýap gazylýan döwürde bir gije uklaman, öz aýalynyň, ýene-de başga biriniň çägini gazyp gutarýar. Ol bugdaý ýerine suw tutmakda, bugdaý ormakda we başga işlerde-de yhlasly işleýär. Ýazyjy Han küýliniň şu hili hereketlerini suratlandyrmak bilen, onda zähmete yhlasly ýapyşmak ýaly häsiýetiň döräp ugrandygyny görkezýär.
A. Durdyýew “Bagtly ýigit” kyssasy öz döwründe uly meşhurlyk gazandy. Eserde goşun gullugynyň ýaşlary terbiýeleýşi görkezilýär.
Eseriň baş gahrymany — Annaguly. Kyssada Annagulynyň çagalykdan öýli-işikli ýigit bolýan döwrüne çenli bolşy suratlandyrylýar. Ýazyjy Annagulynyň ýaş wagtyndaky bolşuny şeýle suratlandyrýar:
Berdi aganyň ogluna Annaguly sölpi diýerdiler… Ol geýen eşigini, balagynyň uçguryny, çarygynyň bagyny oňarman süýräp, hopul-sopul gezerdi…

Annaguly diňe bir geýimini däl, eýsem özüne tabşyrylan beýleki ýumuşlary-da berjaý etmegi oňarmaýan züwwetdin oglan. Bu hili bolşy onuň ýabylaryny suwa ýakmaga gidişi, ýetginjek wagtynda Jumajyk bilen awa gidişi, pagta ýygymyna hemmeden giç barşy, az ýygşy, ýigit ýeten wagtynda sawçylaryň öňünden geçişi baradaky aýry-aýry gyzykly wakalarda suratlandyrylyp görkezilýär. Annaguly ýetginjek hem-de ýigit ýeten döwründe-de işlemegiň, durmuşda özüni alyp barmagyň ebeteýini bilenok. Munuň üstesine-de, ol ýalta. Bu hakykaty onuň günortan çenli çişip ýatyşy, pagta ýygyşy kemsiz tassyklaýar.
— Bu hananam-a sogurdym, hop, duruber, indi ol hanasy galdy. Onam sogursam, bu gapdalynda-da bir hana galýar, onam sograýsam, onsoň şu düýp gowaçanyň menden armany ýok — diýip, içini gepledip ýygýardy. Ine, onuň pagta ýygşy.
Synçylar gelende-de onuň bolşy pagta ýygşyndan enaýy däl. Synçy aýal: Ol ýigidiňiz gepläp bilýärmi ýa-da ýokmy? diýende, Annaguly ýanynda oturan ýigitlere:
— Aý, walla, turuň, gideliň-le — diýip, tarpa ýerinden turdy.
Annaguly sölpüligi, ýaltalygy bilen oba adamlarynyň agzyna, diline düşýär. Şeýle bolansoň, ata-enesi hernäçe jan etseler-de, oba gyzlaryndan Annagula gelinlik tapyp bilmeýärler.
Şeýle lellim oba oglany goşun gullugyna çagyrylýar. Annaguly goşun hataryna gulluk edýän wagtynda häsiýet, aň-düşünje taýdan-da, beden taýdan-da terbiýelenýär. Goşun gullugy onuň üçin uly terbiýeçilik mekdebi bolýar. Annagulynyň özgermeginde goşundaky berk düzgün-nyzamyň, aýratyn-da biri-biri üçin irginsiz alada edýän esger ýoldaşlarynyň täsiri uly. Ýoldaşlary ony ýörüşde eýlesinden-beýlesinden dürtüp, Annaguly, aýagyňy düz, aňkarma diýip, nyzamly bolmaga gönükdirýärler.
Goşun durmuşynyň bu hili ýagdaýy Annagula obadaky ýaly sölpüligini dowam etdirmäge mümkinçilik bermeýär. Goşuna gaýtmazyndan öň, ata-enesiniň, başgalaryň gyjalatly geplerinden bizar-peteňi çykan Annagulynyň özi goşun terbiýesini alyp, düzelmegi ýüregine düwýär. Şonuň üçin ol öz kemçiligi barada esger ýoldaşlarynyň-da, serkerdesiniň-de berýän duýduryşlaryny ak ýürek bilen kabul edýär. Ine, şu zatlaryň hemmesi Annagulynyň özgermegine getirýär.
Annaguly goşun gullugyndan obasyna täze adam bolup gelýär. Onda goşun gullugynda terbiýelenen gowy häsiýetleriniň birnäçe taraplary ýüze çykýar.

A. Durdyýewiň “Bally molla” hekaýasynda ýaramaz gylyk-häsiýetli adamyň gülküli keşbi suratlandyrylýar. Hekaýada Bally mollanyň hakyky ynsana gelişmeýän häsiýetleriniň üstünden ajy gülünýär.
Hekaýanyň çäkli taraplarynyň bardygyny-da bellemek gerek. Baknalyk döwründe adamlara synpy-jemgyýet alamatlary boýunça baha berildi. Mollalar uçdantutma erbet adamlar edilip görkezildi. A. Durdyýew hem öz suratlandyrýan gahrymanyň erbetligini has nygtamak üçin ony molla diýip atlandyrýar. Ýogsam, onuň eserde mollaçylyk bilen meşgul bolýan ýeri ýok. Ol ýaramaz häsiýetleri özünde jemlän adam. Ol gopbam, öwünjeň, durnuksyz, ahlaksyz keşp.
Ýazyjy ony hekaýada şeýle suratlandyrýar: … Öň köne mollady. Onuň kärinden paltasy daşa degenden soň, ol edil tilki ýaly timisgenip, obanyň içinden ussaçylyk kärini tapyp aldy. Emma ol ussa bolsa-da, etine-ganyna ornaşan bet häsiýetlerini taşlap bilmeýär.
Obaçy aýal Näzik eje kätmenini bejertmeli bolýar. Emma ussa göwnünden turmaýan adamsynyň sähelçe işini-de köp wagtlap saklaýar. Bu barada Näzik eje Kula şeýle diýýär: Arada gyzymyň kätmenini sapla diýip eltdim, şonda üç-dört günläp saklady. Birnäçe aýallaryň kätmenin-ä barybildigi bejerýä-de goýberiberýär. Bu ýagdaý Bally mollanyň göwnünden turan adamlara dostparazlyk edýändigini, oba ussasynyň hemmelere deň hyzmat etmek borjuny bolsa äsgermezlik edýändigini aýdyň görkezýär. Dogry, ol özüniň bu häsiýetini açykdan-açyk ýüze çykaryp hereket edip bilenok. Eger Bally molla öňki häsiýetine görä, açyk hereket etse, ol görnüşi hem bolmazdy. Sebäbi bet maksat bilen açyk hereket etmäge mümkinçilik ýok. Şonuň üçin Bally molla öz islegini gizlinlik hem-de mekirlik bilen köpçüligiňkiden ýokary tutjak bolýar. Ol Näzik eje ýaly sada obaçy işi düşüp baranda, Hal-ha, pylan kätmenem ýatyr, hal-ha, pylanyňkam ýatyr, goý-da git diýip içýakgyç jogap tapýar.
Ussa ulumsylyk etmäge-de endik eden adam. Ol endigini-de taşlap bilmändir. Näzik eje ýanyna baranda, onuň bu häsiýeti mese-mälim ýüze çykýar:

… Näzik ejäniň göwni üçin kätmenini eline alyp, döwügine seretmedem…
— Onuň işiniň bardygyny-ýokdugyny men senden gowy bilýän, Ussa berseň eliň çek, äre berseň diliňi çek diýipdirler diýeninden, Näzik eje dymdy…
Bally mollanyň Näzik eje bilen gürrüň edende:
— Bow… Näzik eje, sen nirede gezip ýörsüň, şol kätmeniň şu wagt abat ýeri ýokdur, şony bir bejerip täze ederin weli, könedigini tanap-da bilmersiň…
— Näme, demre jan bermek kyn zat däl, traktor dagyny hem ýasap biljek ahyry… diýip uly geplemegi onuň öwünjeňdigini görkezýär.
Bally molla şu hili häsiýetleri, hereketleri bilen sada oba adamlaryna özüni deňi-taýy bolmadyk ökde hünärli adam edip tanatjak bolýar. Şeýdip hem ol özüni abraýly adam etmekçi, gelin-gyzlara özüni haladyp, täzeden öýlenmekçi. Näzik eje kätmenini derrew bejerdip almak üçin Bally mollanyň ugrundan turan bolup, onuň bu derdini gozgaýar.
— Seniň gyz almagyňa Bibijemalyň näme gürrüňi bolup biler? Ol ýüzügara seni, gaýtyp ikelläp öýermeli ahyry…
— Hawa, hawa tüýs seniň diýjek gyzyň, ol saňa mynasyp maşgala, ussa jan, kätmeni gaty gowy edip bejereweri…
Näzik ejäniň oýundan aýdan şu hili sözlerine ynanan Bally mollanyň özüne has-da göwni ýetýär. Şondan soň, ol täzeden öýlenmegiň kül-külüne düşýär. Ol haly toparyna başlyk bolup gelen Gözele öýlenmek üçin pyrlanyp başlaýar. Öňki aýaly bilen aýrylyşýar. Daşky görnüşini üýtgedýär:
… Ol sakgal-murtundan zat goýman aýyrdy. Geýim-eşigini-de üýtgedip ugrady. Ozaly bilen egnine maýka, aýagyna jalbar geýdi.
Maýkanyň etmegini jalbaryň içine salyp gezmegi çykardy…
Şeýdip, ol Gözeliň ýanyna ýygy-ýygydan baryp, öwnüp, onuň başyny aýlajak bolýar, emma ol işi başa barmaýar. Şu hili hereketleriniň üsti bilen Bally mollanyň keşbi öz bähbidi üçin dostparazlyk edýän, ulumsy, öwünjeň, azgyn adamyň keşbi bolup aýdyňlaşýar.
Beýle kişileriň tiz soňuna ýetdirýändigi hemmelere bellidir. Şeýle bolansoň, Bally mollanyň ýakymsyz häsiýetine görä, edýän hereketlerinden, näçe urunsa-da, netije çykmaýar. Ony diňe öz aýaly Bibijemal ýa-da Gözel ýazgarman, obadaşlary-da ýazgarýalar. Ol ahyrynda aýrylyşan aýaly Bibijemalyň aýagyna ýykylmaly bolýar.

Bally molla özüne peýdasy deger diýip hasaplaýan adamlarynyň kätmendir pilini derrew bejerip bermek, daşky görnüşini üýtgetmek ýaly sähelçe emel bilen bet maksadyny amala aşyrmakçy bolýar. Emma oba adamlary bu hili oýunlardan baş çykararça bolansoň, Bally molla olaryň arasynda gülkünç ýagdaýa düşýär. Hut şonuň üçin hem onuň bolşy, keşbi gülküli äheňli bolup çykypdyr.
Hekaýadaky Gözel, Kuly, Näzik eje, Akjemal ýaly başga-da birnäçe gahrymanlar hereket edýär. Olardan Akjemalyň keşbi gülküli häsiýetde aýdyňlaşypdyr.
Kuly ýönekeý obaçy. Ol Bally mollanyň ugrundan turup, oňa ýol berse-de, onuň nädogry hereket etmegini islemeýär.
Dogry, birbada göräýmäge, Kuly Bally mollanyň göwünjeňlik, azgynlyk etmegine gylaw berýän ýaly bolup hem görünýär. Emma aslyýetinde bu beýle däl. Bally molla özüni hemmeden köpbilmiş hasaplaýar. Ol ugrundan turmadyk, özüne kömegi deger diýip çaklamadyk adamy bilen öz içki syrlary barada gürrüň hem etmeýär, olar bilen geňeşjek, maslahatlaşjak hem bolmaýar. Kuly ony asylly maslahat bilen aňsat-aňsatlar düzedip bolmajagyny, syrlaryna belet bolup, soňundan ony ýüzüne bassaň, gowy terbiýeläp boljakdygyny aňlaýar. Ol şol düşünjesine görä-de hereket edýär. Şu hili ýagdaýda Kulynyň keşbi halkyň ahlak kadasyna laýyk hereket etmekden gyşarjak bolýan adamlary terbiýelemek üçin aladalanýan, sada, degişgen, ugurtapyjy oba adamynyň keşbi bolup görünýär.
Hekaýadaky Gözeliň göwnüne hiç zat getirmän, Bally molla açyk ýüz bermegi, goşunda gulluk edýän söýgüli ýigidine wepalylygy onda asylly gylyk-häsiýetiň jemlenendigini görkezýär.
Eserdäki Näzik ejäniň zähmetsöýer obaçy aýaldygy belli. Ýöne onuň häsiýetiniň başga taraplary gowy aýdyňlaşmandyr. Ol Bally mollanyň ugrundan turup, onuň täzeden öýlenmek niýetini-de makullaýar, oňa Gözeli-de salgy berýär. Onuň sähelçe bähbide kowalaşyp kätmenini derrew bejertjek bolup, Bally mollany Gözeliň üstüne küşgürip goýbermegi onuň keşbine kölege salýar. Näzik ejäniň özi bu barada pikir hem edenok. Ýazyjy hem Näzik ejäniň beýle etmeginiň nädogrudygyny bellemeýär.

Hekaýanyň ahyrynda Näzik eje Bally mollanyň Kula beren hatyny ondan-oňa gatnadýar. Netijede-de, ýazaryň Näzik ejäni gowy häsiýetli edip görkezjek bolmagy onçakly şowuna düşmändir.
Hekaýada Anna pilpiliň aýaly Akjemalyň gep gezdirmek häsiýeti has şowly beýan edilipdir. Ol bir gep eşitse, ähli işini taşlap, ondan-oňa ylgaýan aýal. Ýazyjy onuň bu häsiýetini şeýle beýan edýär:
— Hop, duruber bakaly, ertir daň ataýsa bolýar, ussanyň bu gürrüňini oba jar ederin — diýip, daňyň atmagyna howlugýar. Ol durup bilmän, daşyna-içine garanjaklap, goňşy-golamlaryna baryp aýdaýasam gelýär weli, goňşularynyň-da bary ýatypdyr.
Obanyň telefon bekedi diýlip atlandyrylýan Akjemal hakda kän gürrüň edilmese-de, ol täsirli gülküli keşpde göz öňünde janlanýar. Hut şonuň üçin hem Anna pilpiliň aýaly ýaly diýen söz halk arasyna ýaýrapdyr.
Hekaýadaky keşpleriň ählisiniň diýen ýaly şowly bolmagy eseriň çeper ýazylandygyny alamatlandyrýar. Hekaýadaky her bir waka, her bir maglumat biri-biri bilen baglanyşýar we esasy mowzugyň, keşbiň, pikiriň janly görnüşde aýdyňlaşmagyna, parçanyň ösmegine hyzmat edýär. Bu bolsa eseriň sazlaşygynyň berkligini görkezýär. Hekaýadaky her bir garşylyk häsiýetleriň, pikirleriň çaknyşmagy bilen baglylykda ösýär. Şonuň üçin hekaýanyň mazmuny çuň duýguly häsiýete eýe.
Ýazyjy gahrymanlarynyň, esasan-da, Bally mollanyň häsiýetine, düşünjesine laýyk dil aýratynlygyny-da ýüze çykarypdyr. Mälim bolşy ýaly, Bally molla bet niýetli adam. Ol birnäçe dostlaryna öz syryny açýar. Eger şol adamlar bilen arasy bozulaýsa, Bally mollanyň syry açyljak. Şeýle bolansoň, ol syryny bilýän adamlar bilen arasyny bozmajak bolup, olar bilen şelaýyn dilde gepleşýär, olaryň sözüni göwünjeňlik bilen tassyklaýar. Şonuň bilen baglylykda, ol asyl, be-be, aý, walla ýaly sözleri-de ýygy-ýygydan ulanýar. Bu bolsa Bally mollanyň keşbiniň has gowy aýdyňlaşmagyna kömek edýär.
Şu hili ussatlyk bilen döredilen Bally mollanyň keşbi betpällik, azgynlyk ýaly häsiýetleri bolan adamlara okyjylarda çuňňur ýigrenç döredip biljek keşp bolup çykypdyr. Beýle kişä ýigrenç döretmek bolsa okyjylary bet häsiýetlere garşy göreşmäge hyjywlandyrýar. Şu jähtden “Bally molla” hekaýasy möhüm ähmiýete eýedir.

Jora Allakow, Tirkiş Sadykow, Romanguly Mustakow
Edebiýat. Orta mekdepleriň X synpy üçin synag okuw kitaby. Aşgabat Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2009.

(okyjylardan)

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz