XX asyr türkmen edebiýaty    Teswir ýok    5179 gezek okaldy

Ata Gowşudow

(1903-1953)

Talantly türkmen ýazyjysy, dramaturg, Türkmenistanyň Halk ýazyjysy (1992).

Ata Gowşudow 1903-nji ýylda Ahal etrabynyň Büzmeýin şäherinde eneden bolýar. Ol ilki oba mekdebinde, Aşgabatdaky mugallymçylyk kursunda, soňra Moskwada okaýar. Ýazyjynyň kakasy Gowşut Baýly daýhançylyk edipdir. Ejesi Ogulgerek eje belli ertekiçi-rowaýatçy bolupdyr. Onuň aýdyp beren erteki-rowaýatlary Gowşudowyň bütin döredijiligine uly täsir edipdir.

Ata Gowşudow 1922-nji ýylda ilkinji eserini – “Gyzyl puluň gullary” (“Zakaspiý fronty”) atly pýesasyny ýazýar.

Ata Gowşudow 20-30-njy ýyllarda Aşgabatda dürli işlerde işleýär. 1926-njy ýylda täze açylan drama studiýasynyň direktory, çeperçilik tehnikumynyň, kolhoz ýaşlary mekdebiniň direktory bolýar. Halk artisti Alty Garlyýew öz çykyşlarynyň birinde Ata agany ýatlap, “Türkmen halkynyň iň görnükli artistlerinden Aman Gulmämmedowy, Bazar Amanowy, Gylyç Berdiýewi we başgalary, meniň özümi-de okadyp, teatryň gapysyndan girizen… Ata Gowşudow bolupdy. Bize nähili oturmagy-turmagy, ýamany ýigrenmegi we oňady wasp etmegi öwredip başlan Ata Gowşudowdy” – diýýär.

Ata Gowşudow 1929-njy ýylda “Ganly jeňňel” pýesasyny ýazýar. Ol “Türkmenistan” gazetinde işlän ýyllarynda (1933-1938) onlarça felýeton, hekaýa, şol sanda “Ýolumy düzetdim”, “Azaşan yzyny tapdy”, “Garryny ýigdelden guwanç” eserlerini çap etdi. 1938-nji ýylda Ata Gowşudow Türkmen döwlet ylmy-derňew dil we edebiýat institutyna ylmy işgär bolup geçýär. Ol şundan soň “Türkmen halk ertekileri”, “Aýal-gyzlaryň aýdym we läleleri”, “Görogly” diýen kitaplary çapa taýýarlaýar. “Halk gahrymançylykly eposy”, “Görogly”, “Magtymguly we halk döredijiligi”, “Bagşy we şahyrlar” diýen ylmy makalalaryny çap edýär. Ol şu ýyllarda “Watan ogly” powestini okyja hödürledi. “Perman» romanynyň birinji kitabyny neşirýata berýär. “Juma” pýesasyny ýazyp, teatra tabşyrýar.

Ata Gowşudowyň “Mähri-Wepa”, “Köpetdagyň eteginde”, “Perman” romanlary, “Iň soňky arçyn”, “Dordepel” powestleri we birtopar ajaýyp hekaýalary türkmen edebiýatyna uly goşant boldy, ony has baýlaşdyrdy.

 Çeşme: Türkmen edebiýaty, 8-nji klas üçin synag okuw gollanmasy – hrestomatiýa. – A.: M.Kösäýew, B.Şamyradow, O.Ýazymow, N.Çaryýew. “Magaryf”,1995.

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz