XX asyr türkmen edebiýaty    1 Teswir    1776 gezek okaldy

“Hazynaly halypa” makalasy

Şahyr Gurbanýaz Daşgynowyň “Oýlanma baýry” goşgular ýygyndysyndaky “Hazynaly halypa” atly makalasy:

Türkmen halkynyň höwes bilen diňlän hem söýüp okaýan şahyrlarynyň biri Kerim Gurbannepesowdyr. Halkyň hemmä düşnükli ýönekeý dilinde çeper eser döreden Kerim şahyr Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýylgyn obasynda 1929-njy ýylda dünýä inýär. Onuň kakasy Gurbannepes aga çeper sözün gadyryny bilipdir, hat-sowatdan başy çykýan adam bolupdyr. Ol ýalňyz ogly Kerimiň hem sowatly bolmagynyň aladasyny edipdir. Ýaşajyk Kerim obalaryndaky ýediýyllyk mekdepde okaýar, çagalygyndan çeper sözün yşgyna düşýär. Onuň ilkinji goşgusy on ýaşyndaka, Gökdepäniň «Kolhozçy sesi» atly etrap gazetinde çap edilýär. Kerim heniz okuwçyka diňe türkmen awtorlarynyň däl, eýsem, şol döwürde türkmençä geçirilen dünýä edebiýatyndan Puşkiniň, Nekrasowyň, Gogolyň eserleri bilen bilelikde «Tom Soýeriň başyndan geçirenleri», «Dombi hem ogul» ýaly kitaplaryň ençemesini okaýar. Magtymgulynyň tutuş goşgular ýygyndysyny kakasynyň aýdyp bermeginde 1939-njy ýylyň tomsunda eli bilen göçürip almagy oňa aýratyn täsir edýär.

1942-nji ýylyň tomsunda şahyryň kakasy dünýäden ötýär. Atasyz galan maşgala garyndaşlaryny penalap, çörekliräk ýer hasaplanýan Tejene göçýär. Kerimiň gaýgy-gamsyz geçmeli ýetginjekligi, jahyllygy ýowuz synagly ýyllara gabat gelýär: bugdaý orýar, gazy gazýar. Bularyň gapdalyndan Hudaý beren guýmagursak zehinli Kerim goşgy ýazmagyny goýmaýar. Onun şygyrlary ilki Tejen sebitlerindäki gazetlerde, soňra «Mydam taýýar», «Ýaş kommunist» gazetlerinde, «Takmak» žurnalynda peýda bolup ugraýar.

Ýaş şahyr 1949-1952-nji ýyllar aralygynda Watan öňündäki harby borjuny berjaý edýär, ilki Odessa şäherinde, soňra  Aşgabatda gulluk edýär. 1951-nji ýylda, ol heniz goşun gullugyndaka ilkinji goşgular ýygyndysy «Güýjümiň gözbasy» ady bilen çap edilýär. 1950-nji ýylda SSSR Ýazyjylar soýuzynyň agzalygyna kabul edilýär. Şeýlelikde, Kerim Gurbannepesowyň çagalar hem mekdep okuwçylary üçin dürli ýyllarda «Ýalta we bagt», «Maşgala we mekdep», «Atalar we çagalar», «Ös, saçym, ös», «Ýaz şemaly» ýaly ululy-kiçili şahyrana kitaplary peýda bolýar. Şahyryň1957-nji ýylda «Goşgular we poemalar» ady bilen neşir edilen ýygyndysy türkmen edebiýatyna uly zehiniň goşulandygyny äşgär edýär. Şonuň yzysüre uly göwrümli «Taýmaz baba» atly täsin poemasy Kerim Gurbannepesowy halkyň küýseýän şahyryna öwürýär. Ol halkyň ynamyny ödemek üçin, «Kyrk» poemasynda aýdyşy ýaly, şol döwürdäki elipbiýiň «38 harpyna mähir siňdirip, harp bilen harpy gije-gündiz çatyp» «Ata we ogul», «Ajy günler, süýji günler», «Gumdan tapylan ýürek», «Aýal bagşy», «Parahatlyk ilçisi», «Ynsan bilen ynsap» – kimin elden düşürilmän okalýan kitaplary talapkär okyjylara hödürleýär. Şahyr bulardan başga-da döwrüň sesine ses goşýan «Döwür beýle däldir», «Ömrüme pent», «Ýaşlyk dramasy», «Goja», «Şöhrat», «Biziň işimiz», «Plan dolmaly, plan», «Ýalňyzlyk», «Ata, ene, ömür, baş» ýaly täsin şygyrlaryň ýüzlerçesini döredýär.

Kerim Gurbannepesowyň goşgularynyň köpüsine ýurdumyzyň meşhur kompozitorlary, bagşy-sazandalary saz ýazdy. Olar halk aýdymlaryna öwrüldi.

Kerim Gurbannepesow örän okumyşdy. Edebi sowady juda ýokarydy. Dünýä halklarynyň edebiýatynyň görnükli wekilleri bilen mydama dostana gatnaşykdady. Ç. Aýtmatow, R. Gamzatow, M. Tank, E. Meželaýtis, S. Narowçatow, M. Lukonin ýaly söz ussatlary onuň dostlarydy. Şeýle bolansoň, Kerim şahyr dünýä halklarynyň poeziýasyndan iň gowularyny öz ene dilimize geçirip, «Terjimeler kitabyny» («Dostluk çemenini») okyjylara sowgat galdyrdy.

Kerim şahyr hazynaly halypady. Onuň egsilmez genji-hazynasy – mähribanlykdy. Gündogaryň beýik şahyry Alyşir Nowaýynyň: «Mähribanlyk hazynasy kime degişli bolsa, halypalyk hem şoňa degişlidir» – diýşi ýaly Kerim Gurbannepesow uly Halypady. Gurbannazar Ezizow, Halyl Kulyýew, Annaberdi Agabaýew, Näzik Annatyýewa, Italmaz Nuryýew, Baýram Jütdiýew, Hudaýberdi Diwangulýýew, Agageldi Allanazarow, Atamyrat Atabaýew, Nobatguly Rejebow, Atajan Annaberdiýew, Gözel Şagulyýewa, Ogultäç Orazberdiýewa, Bibi Orazdurdyýewa, Tirkeş Sadykow, Guldurdy Sähetdurdyýew, Juma Hudaýgulyýew ýaly zehinli ýazyjy-şahyrlarymyz Kerim şahyryň mekdebini geçendirler diýsem, ýalňyş bolmaz. Onuň özi barka-da, özi ýokka-da, ondan öwrenmäge jan edýän ýaş zehinleriň sanardan kändigi hakykatdyr.

Şahyr öz döredijiliginiň daşyndan birtopar uly jemgyýetçilik işlerini hem alyp bardy. Ol dürli ýyllarda «Tokmak», «Sowet edebiýaty» (häzirki «Garagum») žurnallaryna baştutanlyk etdi. Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginiň başlygynyň orunbasary, Magtymguly adyndaky döwlet baýragyny bermek baradaky komitetiň başlygy boldy. Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň deputatlygyna üç gezek saýlandy. Ol heniz 38 ýaşyndaka «Türkmenistanyň halk ýazyjysy» diýen hormatly ada eýe boldy. Soňra ol eserleri üçin Magtymguly adyndaky döwlet baýragyny aldy.

Şahyryň poeziýasy dünýä halklarynyň dillerinde ýaňlanyp, türkmen poeziýasynyň adyndan mynasyp wekilçilik etdi. Kerim şahyryň goşgulary SSSR döwründäki respublikalaryň ählisinde terjime edildi. Kitaplary Moskwada telim gezek rus dilinde, Kiýewde ukrainçe, Almaatada gazakça, Wilnýusda litwaça neşir edildi.

Kerim Gurbannepesow sözüň doly manysynda «Şahyr» diýen juda jogapkärli hem hatyraly sözüň hakyky eýesi bolup ýaşan hem döreden bagtly şahyrdyr.

Eliňizdäki ýygynda söýgüli şahyryň iň gowy eserleri saýlanyp-seçilip alyndy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde türkmeniň öz milli elipbiýinde ilkinji gezek neşir edilýän bu kitabyň okyjylaryň arzyly, hemişelik hemrasyna öwrüljekdigine berk ynanýarys.

Kerim aga öz epiki eserlerini – poemalaryny türkmen durmuşynyň taryhynyň özboluşly çeper ensiklopediýasy hasaplaýardy:

- Daşgyn, menin poemalarym, elbetde, olar dürli wagtda dörese-de, mazmunyna görä biri-birine tirkeseň, halkymyzyň taryhynyň çeper ensiklopediýasyna meňzeşdir – diýipdi pahyr.  Dogrudanam, «Aýal bagşy», «Namys», «Parahatlyk ilçisi» poemalary XIX asyrdan hem ondan Öňki döwürler hakda gür berse, rewolýusiýa hem ondan soňky kollektiwizasiýa hakda «Taýmaz baba» dür saçýar. Beýik Watançylyk urşy hakynda bilmek isleseň, «Ajy günler, süýji günleri», «Gumdan tapylan ýüregi» okaýmaly. Uruşdan soňky ýyllaryň durmuşy barada şahyryň «Alada», «Ynsan bilen ynsap» eserleri söz açsa, häzirki dövvrümiz hakynda «Ýürek poemasy», «Rubagy – poema», «Ýedi boýdaş, köçe süpürýän gelin we ýanan gelin hakynda» juda beletlik bilen söhbet gurýar. «Üýtgedip gurmak döwri» at alan zamana dogruda ýa-da şahyryň ömrüniň soňky ýyllaryndaky durmuşyň, jemgyýetiň, döwürdeşlerimiziň keşbini synlap, gylyk-häsiýetini biljek bolsaň, «Aktual poema ýa-da goşgular çemenini» ähli işini bir ýana süýşürip, dykgatly okamaly.

Ol hrestomatik eserleriniň birini «Ýazmasy agyr düşen goşgy» atlandyrdy. Elbetde, bu ýerde ol at eseriň sýuzetine laýyk. Ýöne goşgularynyň ählisini dünýä indirmek talapkär halypa ýeňil düşmändi. Ol ähli setirini uly jogapkärçiligiň ejiri bilen döredýärdi. Setirlerini öz başyndan ýa-da başgalaryň başyndan geçirenlerini özüniňki ýaly kabul edip döredýärdi. Şonuň üçinem olar diňleýji üçin uly lezzetdi, sapakdy, mekdepdi, tälim-terbiýedi.

«Döwür beyle däldir», «Plan dolmaly, plan!», «Maşyn, maşyn, maşyn» hem-de «Toý reportažy» bir döwürräkde, biri-biriniň yzyndan «dünýä indi», üns berseňiz, şu goşgularyň zandy birmeňzeşräkdir. «Ýürek poemasynda» aýdyşy ýaly bularda onuň «gözellige nazaryny dikip, gödekligi nyşana alandygy» mese-mälimdi. Şeýtmegi Kerim aga başarýardy.

Ol gowy edilen işe guwanmaga aýratyn ukyplydy. Şu gylygy hem ony galamdaş deň-duşlaryndan has tapawutlandyrýardy.

Adamy uly görkezýän, şahsyýet derejesine göterýän zatlaryň biri, megerem, özgelere guwanmagy başarmak, özgäniň gowy tarapyny görmek, oňa mynasyp baha bermek ýaly gylyk diýip pikir edýärin. Beýle häsiýetler Kerim agada sanardan kändi.

Halypanyň setirleriniň aglabasy indi isleseň-islemeseň, onuň özüne degişli bolup dur. Onuň söwer dosty, şahyr Gara Seýitliýewiň ýadygärligine bagyşlan şygryndaky:

«…Sen juda ir gitdiň.

Örän ir gitdiň.

Öňki synaň aýdym bilen doludy.

Säher bilen köçä çykyp ugraňda,

Uly desse aýdym barýan ýalydy.

…Aşakdan seretseň -

Ulumsy dagdyň,

Golaý barsaň -

Iň bir kiçilerdendiň.

Sen ir gitdiň,

Juda, juda ir gitdiň,

Ýöne giç gitmeli kişilerdendiň…»

diýen setirlerini okap gyýylýarsyň. Neneň şeýtmejek! Bu setirler hem indi Kerim aganyň özüni ýatladýar… Ol gojalygyň höwesindedi… Emma oňa ýetmedi…

Her şygyr setiri Kerim aganyň köňlüne özüçe jepa tygyny urardy, ol çydardy. Şonuň üçinem, ol şygyrýetiň beýik tagtyna çykypdy.

Ol şygyr oduna semender dek özüni urup, onuň ýakyşyna döz gelerdi. Şonuň üçinem, reňbe-reň şygyr bagyna bagbanlyk etmek oňa başardýardy.

Döwlet derejesiniň ahyrsoňunda onuň şahsyýetleriniň mertebesine baglydygyny iňlis akyldarlarynyň biri geçen asyrda tekrarlady. Bu pikiriň mamladygyna ösen ýurtlaryň taryhy güwä geçýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy edermenliginden täze özgerişleriň bolup duran galkynyşlar zamanamyzda döwletimiziň mertebesi dünýä arenasynda barha artmak bilen!

Beýik şahsyýetler beýikligini dirikä özleri saklaýar, ýokka olaryň beýikligini saklamak yzynda galan nesilleriň borjuna öwrülýär.

Kerim Gurbannepesow halkymyzyň ykrar eden beýik şahsyýetleriniň biridi! Eger bir kişi sylanmaly bolsa, onda Kerim Gurbannepesow hem sylanmaly! Sebäbi, ony halk sylaýar. Ilimiziň söýen şahyrynyň şu kitabynyň neşir edilmegi hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebiýatymyzy, medeniyetimizi ösdürmek baradaky il bähbitli atalyk aladasynyň netijesi. Kerim aga aýtmyşlaýyn, «Şahyr ähli gözelligiň dogany, şahyr ähli gödeklige ýagydyr». Şahyra sylag-hormat hem hemişe gözellikdir!

Paýlaş:

Google Plus - da paýlaş
Одноклассники - da paýlaş

Meňzeş makalalar:

  • Meňzeş makala ýok

1 Teswir

Şu makala goşmak isleýän zadyňyz bolsa, şu ýere ýazyp bilersiňiz!

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz