Gollanma© Kitaphana hoş geldiňiz!

Hormatly okyjylar! Biz bu ýerde siziň bilen türkmen çeper eserleriniň elektron görnüşleri (.pdf, .epub we .jar görnüşli faýllar) bilen paýlaşmagy göz öňünde tutýarys. Şu ýerde goýuljak faýl görnüşleri barada:

1. PDF – Kompýuterlerde okamak üçin niýetlenen. Käbir ykjam telefonlarda ýa-da planşetlerde hem ulanylyp bilner (maslahat berilmeýär).

2. EPUB – iOS we Android (şeýle hem Symbian OS-ly käbir enjamlar) dolandyryş ulgamy bolan ykjam telefonlar we planşetlar üçin niýetlenen. Kompýuterde hem “Adobe Digital Editions” ýaly programmalaryň kömegi bilen ulanylyp bilner.

3. JAR – JAVA ýa-da Symbian OS dolandyryş ulgamy bolan ykjam telefonlar üçin niýetlenen.

(Bellik: Biziň saýtymyzdaky maglumatlary başga saýtlarda ýerleşdirmezligiňizi haýyş edýäris)

KITAPLAR:

Soltanşa Atanyýazow – Şejere (türkmeniň nesil daragty)

Siz bu eserde türkmenleriň nesil daragty, şol sanda tire-taýpalary barada maglumat alyp bilersiňiz.

PDF – Ýükläp almak üçin şu ýere basyň.


Hydyr Derýaýew – “Ykbal” romany

(Birinji tom) Halk ýazyjysy Hydyr Derýaýewiň okyjylar köpçüligine özüni aldyran “Ykbal” romanynyň birinji tomunda Beýik Oktýabr sosialistik rewolýusiýasyndan öň türkmen halkynyň garyp daýhan, çarwa gatlagyny ýerli baý, işan-mollalaryň, patyşa çinownikleriniň rehimsiz ezişleri suratlandyrylypdyr. Romanyň ikinji tomunda rus patyşasy tagtyndan taýdyrylýar, emma zähmetkeş halkyň gün-güzerany öňküsinden ýeňilleşmedi. Üçünji tomda Beýik Oktýabr rewolýusiýasynyň üstünlikli ýeňşi, Sowet häkimiýetini berkarar etmek ugrundaky göreş beýan edilýär. Dördünji tomda Türkmenistanda Sowet häkimiýetiniň doly berkarar edilişi çeper suratlandyrylypdyr.

PDF (1.29 mb) – Ykbal - Hydyr Derýaýew (20873)

EPUB (354 kb) - Ykbal - Hydyr Derýaýew (6350)

JAR (442 kb) - Ykbal - Hydyr Derýaýew (7816)

 

Mämmet Seýidow – “Kesearkaç” romany

 

Görnükli şahyrymyz, zehinli ýazyjy Mämmet Seýidow bu romanynda Köpetdagyň eteginde ýaşan türkmenleriň Russiýa meýletin (mejbury) birikmezinden öňki ýagdaýlaryny, gelmişeklere garşy alyp baran söweşlerini suratlandyrýar.

PDF (2.16 mb) – Kesearkaç - Mämmet Seýidow (16622)

EPUB (597 kb) - Kesearkaç - Mämmet Seýidow (3110)

JAR (536 kb) - Kesearkaç - Mämmet Seýidow (2262)

Bu kitabyň elektron görnüşine geçirilmesinde uly iş eden Ýusup Berdiýewe minnetdarlyk bildirýäris!

 

 

Ata Gowşudow – “Perman” romany

 

Ýazyjy Ata Gowşudowyň “Perman” romanynyň ykbaly çylşyrymly boldy. Ol uzak ýyllaryň dowamynda birnäçe sebäplere görä, okyjylara mälim bolman galypdy. Ine-de ol roman siziň eliňizde. Bu kitapda edebi gahrymanlar, şonuň ýaly-da Öwezmyrat batyr, Dykma serdar, Seýitmyrat beg ýaly taryhy şahslar bilen ýüzbe-ýüz bolup bilersiňiz. Roman Gökdepe urşunyň gandöküşikli wakalaryndan başlap, sowet häkimiýetiniň üstün çykýan günlerine çenli döwri öz içine alýar.

PDF (3.02 mb) - Perman - Ata Gowşudow (18126)

EPUB (723 kb) - Perman - Ata Gowşudow (4029)

JAR (807 kb) - Perman - Ata Gowşudow (3059)

 

 

G. Hanmyradow, O. Çaryýewa - Diplom işlerini taýýarlamak 

Ýokary okuw mekdepleri üçin usuly gollanma – Aşgabat: Ylym, 2008. – 52 sah.

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri üçin niýetlenen bu usuly gollanmada diplom işiniň temasyny saýlamagyň we tassyklamagyň, meýilnamasyny düzmegiň, iş ýazylanda çeşmelere we edebiýata salgylanmagyň, şeýle-de edebiýatyň sanawyny taýýarlamagyň hem-de diplom işini goramagyň usullary beýan edilýär. Türkmen dilinde ilkinji gezek neşir edilýän bu usuly gollanma taryh hünäriniň talyplarynyň ýerine ýetirýän diplom işleriniň mysalynda taýýarlanyldy.

PDF (3.72 mb) – Diplom işlerini taýýarlamak - G. Hanmyradow, O. Çaryýewa (8943)

 

Mark Twen – Tom Soýer

Tom Soýeriň we Geklberri Finniň başdan geçirenleri

EPUB (585 kb) - Tom Soýer - Mark Twen (9567)

Siziň her biriňiz kömek edip bilersiňiz: Makala ýaz